15.9 C
Aşkabat
06.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

2015-nji ýylyň 1-nji iýunynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň merkezi binasynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Katar wekiliýetine Katar Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Abdullah Al Rumaihi baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda iki tarapyň hem halkara guramalaryň çäklerinde birek biregi goldaýandygyny we amala aşyrylýan işleriň işjeňleşmegine yardam berýändigini nygtaldy. Katar tarapy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky ýollan çakylyk haty boýunça Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Haled ben Muhammed Al Attiýanyň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen geljekdigi barada habar berdi. Mundan başga-da, taraplar Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparynyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň adyna çakylyk hatynyň ýollanandygy barada aýdyp, Katar tarapynyň bu möhüm bolan çärä gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

Taraplar iki halkyň bähbitleri we ýurtlaryň gatnaşyklarynyň berkemegi ugrundaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda Daşary işler ministrlikleriň alyp barýan tutanýerli işlerini belläp geçdiler we söwda-ykdysady gatnaşyklary babatynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmegiň, netijeli işewür gatnaşyklary höweslendirmegiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Şeýle hem taraplar medeni-gumanitar ugry boýunça iki ýurduň arasyndaky medeniýet günleriniň Türkmenistanda we Katarda geçirilmegini ýola goýmagy, taryhy ýadygärlikleriň we medeni miraslaryň goralyp saklanmagynda tejribeleri alyşmagyň zerurdygyny bellap geçdiler. Şonuň ýaly-da, taraplar bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň we Katarda türkmen talyplarynyň okadylmagy üçin Kataryň ýokary okuw jaýlary bilen gatnaşyklary ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Haled ben Muhammed Al Attiýa bilen hem duşuşyk geçirdi.

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat-Ýerine Ýetiriş Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Habary

G-20-ä Agza Ýurtlar Antalýada Duşuşar

syrach