22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hormatly Sergä we Maslahata Gatnaşyjylar! Gadyrly Myhmanlar!

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! 

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň sekiz ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. 

Ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylyk, söwda we durmuş hyzmaty ulgamlarynda, halk senetçiliginde hem-de beýleki ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga uly ýardam edýär. Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň, telekeçileriniň önümleri bu gün dine bir içerki sarp edijilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem barha giň orun alýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary daşary ýurtlarda söwda öýlerini, wekilhanalary döretmegi, halkara derejesinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly ýardam berýär. 

Hususy kärhanalaryň şähergurluşyk işlerine, kabul edilen milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi goldamak babatda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýaşaýyş-durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Yurdumyzyň dürli sebitlerinde hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary we durmuş maksatly beýleki desgalar giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berilýär. Telekeçileriň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýandyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! 

Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek babatda amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu şertler salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, harytlaryň eksporty we importy bilen bagly amallaryň ýönekeýleşdirilmegini, ýeňillikli salgyt we karz şertlerini özünde jemleýär. Bu şertler hususy ulgamy depginli ösdürmek, Türkmenistanyň içerki bazaryny öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek, milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda göz öňünde tutulan çäreleriň, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly itergi berýär. 

Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda telekeçileriň mynasyp orny bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary döwletimizde demokratiýanyň mundane beýläk-de pugtalandyrylmagyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna, berkarar Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasätyň üstünlikli amala aşyrylmagyna öz goşandyny goşýarlar. 

Hormatly telekeçiler! 

Sizi ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde geçirýän şu sergisiniň hem-de maslahatynyň ýurdumyzda telekeçiligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmekde, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn. 

Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach

Prezidentimiz widioşekilli iş maslahatyny geçirdi

syrach