21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiziň Pakistana Resmi Sapary

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlandy. 

Iki dostlukly halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarly bolan Türkmenistan hem-de Pakistan netijeli hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan ösdürýär. Şol hyzmatdaşlyk tutuş sebitde durnukly ösüşiň möhüm şertidir. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji martda geçirilen mejlisinde türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ýagdaýyna we geljegine ýokary baha berip, nobatdaky duşuşygyň netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryny has-da depginli ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. 

Aziýa sebitinde goňşy döwletleriň hatarynda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Pakistan ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, şol sanda energetika howpsuzlygyny hem-de sebit we dünýä möçberinde abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan dostlukly ýurtlaryň bu gün ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli özara hereket edýändigini nygtamak gerek. 

Soňky onýyllyklaryň dowamynda dürli derejelerde gol çekilen ençeme resminamalary, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary özünde jemleýän şertnama-hukuk binýady täze taryhy tapgyrda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

Iki ýurduň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň esasy we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň ykdysadyýetlerini özara baýlaşdyrýan kuwwatyny has doly herekete getirmegiň örän wajypdygyny hemişe nygtaýarlar. Özara erk-isleg hem-de gyzyklanma diňe bir türkmen we pakistan halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemme şertleri döredýär. Muňa türkmen tarapynyň başlangyjy bilen başlanan hem-de geçen ýylyň dekabrynda badalga berlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň örän uly taslamasy mysal bolup biler. Şol taslama türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýän Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň netijeli işi ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin tagallalary artdyrmaga ýurtlaryň özara taýýardygyna şaýatlyk edýär. 

Ozal geçirilen gepleşikleriň netijeliligi gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de esasy pudaklarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki toplumlarda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň örän giňdigine şaýatlyk edýär. 

Taraplar şular bilen birlikde, däp bolan medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem örän möhüm ähmiýet berýärler. Muňa 2015-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyzda resmi sapar bilen bolan Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen bolan duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-pakistan medeni geňeşini döretmek barada aýdan teklibi aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan hem, Pakistan hem ruhy we maddy medeniýetiň täsin mirasyna eýedir, şoňa görä-de, bu ulgamda hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi uçursyzdyr. 

Şeýlelikde, iki goňşy döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge tarap barýan ynamly ugry köp babatda ýokary derejede geçiriljek türkmen-pakistan gepleşikleriniň üstünlige beslenjekdigini öňünden kesgitleýär. Şol gepleşikler, garaşylyşy ýaly, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda hil taýdan täze targyryň başyny başlar.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi İstanbul’da Tanıtılacak

turkmenhabargullugy

Belli Paleontolog Aman Nigarowyň „Türkmenistanyň Gadymy Pilleeri“ Atly Kitaby Çapdan Çykdy

turkmenhabargullugy