22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

Hoş geldiñ Remezan!!!

gadymy türkmen topragynda mukaddes Oraza aýy garşylandy. Bu aý musulmanlar üçin sabyr-takatlylygyň, agyz beklemegiň, aýat-töwir etmegiň, tämizlenmegiň we rehim-şepagatyň aýydyr. Türkmenistanlylar üçin Oraza aýy öçmejek ruhy gymmatlyklara–ahlak tämizligine, rehim-şepagatlylyga we ynsanperwerlige beslenmek bilen bir hatarda ata-babalarymyzyň ýokary adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygy hem beýan edýär, ol täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýär.

Şu belent ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolup geçen mejlisiniň barşynda mukaddes Oraza aýynyň ýakynlaşyp gelýändigini belläp, ýygnananlary, olaryň üsti bilen bolsa ähli türkmen halkyny bu mukaddes aýyň başlanmagy bilen gutlady. “Goý, siziň ähli asylly işleriňiz we doga-dilegleriňiz Allanyň dergähinde kabul bolsun! Oraza aýynyň her bir güni ýagşy niýetlerden, asylly we sogap işlerden, haýyr-sahawatdan doly bolsun!” diýip arzuw etdi.

31-nji iýulda ýurdumyzyň ähli metjitlerinde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tarawa namazy okaldy. Adamlar agzybirligiň, dostlugyň we ruhubelentligiň nyşany hökmünde bu namazy bir aýyň dowamynda okarlar.

Mälim bolşy ýaly, Oraza aýy yslam senenamasynda aýratyn ähmiýetli aýdyr, çünki hut şol aýda Gudraty güýçli Allatagala Mukaddes Gurhany Muhammet pygambere ýollapdyr diýilýär. Bu şanly wakanyň hormatyna her bir musulman ýagşy işleri amala aşyrmaga we biri-biriniň öýke-kinesini ýazmaga hem günälerini bagyşlamaga çalyşýar.

Oraza aýy her bir adamda iň oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirýän, sahylygyň we rehimdarlygyň aýydyr. Adam hoşniýetli işleri amala aşyryp, daşymyzy gurşap alan dünýä bilen sazlaşyga eýe bolýar we dini ynançda berkeýär. Şu aýda Gudraty güýçli Allatagala mynajat edilip, sadaka berilýär.

Mukaddes Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän Gadyr gijesiniň musulmanlar üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Hut şol gije gudraty Güýçli Allatagalanyň Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhmammet pygambere mukaddes Gurhany inderen wagty hasaplanýar.

31-nji awgustda oraza tutmak tamamlanandan soň, Oraza baýramy bolýar. Ol Türkmenistanda ählihalk dabarasy hökmünde giňden bellenip geçilýär.

Goý, biziň okan ähli aýat-töwirlerimiz we eden ýagşy doga-dileglerimiz Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Mukaddes Oraza aýynyň her bir güni biziň ählimiz üçin parahatçylygyň, abadançylygyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna söýgi, ynsanperwerlik hem-de asylly işler bilen dolsun!

Orazaňyz kabul bolsun!

www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Watanymyzyň Mukaddes Tugunyň Şanyna Dabaralar

syrach

Medeniýet we Bilim Ulgamlarynyň Wekilleri Kitabyň Ähmiýeti Barada Talyplar Bilen Söhbetdeşlik Geçirdiler

turkmenhabargullugy

Halkara Karantin Merkezi Ulanmaga Berildi