15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

HOŞ GELDIÑ TÄZE ÝYL

2011-nji ýyl dünýäniñ çar tarapynda joşgunly ýagdaýda garşy alyndy.

Täze Zelandiýa 2011-nji ýyla ilkinjileriñ hatarynda giren ýurtlardan biri boldy.

Türkmenistandan 8 sagat öñ müñlerçe adam täze ýol joşgunyny başdan geçirdi.

Awstralýadan we Ýaponiýdan soñ Aziýa ýurtlary hem täze ýyly mähirli garşy aldy.

Dünýä ykdysadyýetiniñ parlaýan ýyldyzy hasap edilýän Hytaýyñ Şanhaý we Pekin şäherlerinde täze ýyl mynasibetli geçirlen dabaralara 10 müñlerçe adam gatnaşdy.

Ruslar täze ýyla 9 gezek girdi. Sebäbi Russiýa Federassiýasynyñ çäklerinde 9 aýry wagt tapawudy bardy.

Täze ýyl gutlaglarynyñ merkezi paýtagt Moskwa boldy.

Moskwada Gyzylaý meýdançasynda geçirlen dabaralara 10 müñlerçe adam gatnaşdy.

Türkmenistanda hem täze ýyl gijesi guralan dabarada atylan salýutlar tomaşaçylary göýä diýersiñ jadylady.

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwda hem on müñlerçe adam Sahil şa ýolunyñ ugrundaky sagat minarasynyñ öñünde jemlenişdi.

Birleşen Arap Emirlikleri hem täze ýyla şowhunly girdi.

Gresiýa, Ukraina, Finlandiýa we Müsür bilen birlikde Günorta Amerika täze ýyla Türkiýe bilen birlikde gadam basdy.

Ýewropa ýurtlarynyñ käbiri Türkmenistandan 4 sagat soñ, Britanýa bolsa 5 sagat soñ täze ýyly garşy aldy. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Ugurlaryny Täzeden Dikeldýär

Сообщение для СМИ

turkmenhabargullugy

Älem Aýlanýan Ak Guş

turkmenhabargullugy