22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistan Wanda bolan ýer titremesinde ejer çekenle üçin kömek berer.

Dost we dogan ýurt Türkmenistan Wanda bolan ýer titremesinde ejer çekenle üçin kömek berer.

Türkmenistan ýer titremesinde ejir çekenler üçin azyk we egin eşik kömegini berer.

Türkmen döwlet habar gullugynyñ berýän habaryna görä Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Wan welaýatynda bolan ýer titremesi üçin Türkiýä gumanitar kömeginiñ berilmegi dogrusynda görkezme berdi.

Berdimuhamedow Türkmenistanyñ Dokma senagaty ministrligi bilen Türkmen galla önümleri edarasyna Wanda bolan ýer titremesinde ejir çekenler üçin kömek berilmegi barada görkezme berdi.

Ýokarda ady agzalýan guramalar tarapyndan taýarlanjak azyk we egin eşik kömegi ýörite uçar bilen Türkiýä ugradylar.

Wanda bolan ýer titremesinden soñ Prezident Abdulla Güle telefon eden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli taraplaýyn kömek bermäge taýar bolandyklaryny aýan edipdi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ýewro Topary Gresiýa Bilen Ylalaşyk Gazandy

syrach

Saýgak

Türkmen Sungaty Halkara Festiwalynyň Sahnasynda

turkmenhabargullugy