18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YKDYSADYÝET

Höwri köp bolsun!!!

Ahal welaýatynyň hojalyklarynda mallardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär. Welaýatyň hojalyklarynda 73 müňden gowrak ene goýun bar. Assosiasiýanyň welaýatdaky hojalyklary boýunça şu ýyl 65400 owlak-guzy, 400 sany hem köşek almak göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatynyň „Türkmenmallary“ Assosiýasýasynyň ýöriteleşdirilen maldarçylyk daýhan birleşikleri gyş aýlarynyň sowuk bolandygyna garamazdan, mallardan owlak-guzy almak möwsümine mallary orta semizlikde saklap, taýýarlykly geldiler. Mallaryň oňat hilli gyşladylmagy olaryň gyşyň iň aýazly günleri agylda saklanylmagy netijesinde gazanyldy diýip, „Türkmenmallarynyň“ Ahal welaýat paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nurmyrat Baýýaýew belleýär.

Gyş paslynyň öňüsyrasynda agyllardyr telärlär abatlanyldy hem-de olaryň ýyly bolmagy üçin degerli çäreler geçirildi, 11 müň tonna iri baldakly otlardan küdelenen bede taýýarlanyldy hem-de olar mallaryň gyşladyljak ýerlerine eltildi. Zooweterinariýa bejeriş-öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirildi.

Bu ýerde amala aşyrylan ykdysady çäreler öz oňyn netijesini berýär – her bir çopana mal sürisi, agyl, öri meýdany berkidilýär. Kärendeçiler özlerine berkidilen ene mallaryň möçberine görä mallaryň baş sanyny her ýyl artdyrmaga borçlydyrlar. Mallary kärendesine alan çopanlar aýlyk zähmet haklary üçin şertnama boýunça alan guzylarynyň ýarsyny, şeýle hem şertnamadan artyk alan guzylarynyň ählisini alýarlar.

Häzirki wagtda „Türkmenmallarynyň“ welaýat paýdarlar jemgyýetiniň daýhan birleşikleriniň çopanlary dowarlaryň 120 müň sany baş sanyny we düýeleriň hem 1800 sanysyny Garagum sährasynyň giňişliklerinde bakýarlar. Bu sanlar maldarçylygyň çalt depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär.

Golaý geljekde mallaryň öri meýdanda bakmak görnüşinden agylda saklamak görnüşine geçmek usuly maldarçylygyň çalt depginler bilen ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Nebitçileriň Zähmet Üstünlikleri

turkmenhabargullugy

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Umumy Bahasy 5 Milliard ABŞ Dollaryndan Gowrak Bolan Desgalaryň 202-si Ulanmaga Berildi

Brent Nebitiniň Barreliniň Bahasy 53,40 Dollara, WTI-niňki 50,53 Dollara Çenli Aşak Düşdi