27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, esasy pudaklaryň we edaralaryň işlerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň gün tertibini yglan etmek bilen, döwlet Baştutany onuň işini Suw hojalyk ministrligine ýolbaşçy bellemek bilen bagly meselä seretmekden başlady we bu wezipä Seýitmyrat Taganowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda suwy aýawly we netijeli peýdalanmak üçin suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni suw hojalygynda giňden ornaşdyrmak, ene topragymyzdan gyzyl öndüren ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, mähriban Diýarymyzy gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara suw hyzmatdaşlygy boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmak babatda S.Taganowa möhüm tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bermek üçin hökümet Baştutanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, özüne ynanylan düzümleriň işini guramaçylyk hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmäge, täze çemeleşmeleri ornaşdyrmaga degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem garamagyndaky iri desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty jemläp, iş ýöredişde elektron resminama dolanyşygy ulgamyny zerur derejede guramak üçin häzirki zaman maglumatlar tilsimatlaryny giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyryş edaralarynyň maglumatlaşdyrylmagynyň elektron hökümet aragatnaşygyny döretmek üçin binýatlyk esasy kemala getirýändigini belläp, bu ugurda işleriň dowam etdirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrmak bilen, tutuşlygyna alnanda, dolandyryş işiniň netijeliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak, öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça birnäça çäreleri belledi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, ony halkara kadalaryna we standartlaryna laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek babatda parlamentiň işi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ýoly bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň yzygiderli iş alyp barmagynyň zerurdygyny nygtady. Milletiň Lideri jemgyýetiň hukuk we syýasy medeniýetini ýokarlandyrmakda, döwletliligiň esaslaryny berkitmekde Mejlisiň deputatlarynyň ornuna ünsi jemläp, türkmen jemgyýetiniň durnuklylygyny we jebisligini saklamagyň köp babatda ýerlerde halkyň saýlanlarynyň işine baglydygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitleri üçin oňyn sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleri barada hasabat berdi. Ol öz hasabatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň şu hepdede Ukraina bolan döwlet saparynyň netijeleri hakynda hem aýtdy.

Bellenilip geçilişi ýaly, ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-ukrain gepleşikleri iki döwletiň we halkyň dostluk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny, deňhukukly, özara bähbitli we uzak möhletli esasda doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taraplaryň taýýardygyny tassyklady. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde biziň ýurdumyzda işleýän Ukrainanyň kompaniýalarynyň Kiýewde guralan, giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanylyp pikir alşylan tanyşdyryş çäresi ukrain hyzmatdaşlarymyzyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary artdyrmaga çalyşýandygynyň subutnamasy boldy. Ikitaraplaýyn medeni-gumanitar gatnaşyklar, şeýle hem ylym, saglygy goraýyş we sport babatda hyzmatdaşlyk täze itergi aldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet sapary häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan oňyn döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.

Şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirmek bellenilýän “Musulman dünýäsinde bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meseleleri” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde bu meselä bagyşlanan maslahaty türkmen paýtagtynda guramak hem-de geçirmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe sürüldi. Milletiň Lideri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanwar aýynda bolan giňeldilen mejlisinde bu başlangyjy ösdürip, şol maslahaty şu ýylyň maýynda geçirmek baradaky pikiri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukraina döwlet saparynyň jemlerine ünsi çekip, netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek, onuň köp ugurly kuwwatyny iki ýurduň we halkyň eşreti üçin doly derejede ulanmak babatda şol saparyň ähmiýetini nygtady. Türkmenistanyň Baştutany öňden gelýän dostluk we ikitaraplaýyn hoşniýetli erk-isleg däplerine daýanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin häzirki wagtda örän giň mümkinçilikleriň açylandygyny belläp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ählisini iş ýüzünde gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň möhümdigini görkezmek bilen, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meselelerine bagyşlanan maslahat barada aýdylanda bolsa, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara tagallalaryny jebisleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri görýär. Häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak gumanitar häsiýetdäki meseleleri çözmek, adamlaryň mynasyp we doly bahaly durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutany belledi. Bitarap Türkmenistan ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerini özüniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ölçegleri diýip jar edip, bu ugurda BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtmak bilen şol halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary B.Nurmyradowa hormatly Prezidentimiziň Ukraina döwlet saparynyň çäklerinde Kiýewde geçirilen medeni çäreleriň jemleri hem-de öňde boljak Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, ol medeni çäreleriň uly maksatnamasynyň, şol sanda konsertleriň we bu gadymy halk baýramyna däp bolan dürli çäreleriň taýýarlanandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp we Milli bahar baýramynyň jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşinde Garaşsyz Türkmenistanyň milli-medeni däplerini hem-de gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmekde möhümdigini nygtap, BMG tarapyndan halkara derejesi berlen Nowruz baýramynyň bütin dünýäde halkara raýdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň güni hökmünde bellenip geçilýändigini ýatlatdy. Bu gadymy baýramçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli başlanmagyna laýyk gelýär, ol biziň halkymyzy täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýar diýip, milletiň Lideri belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada söz açyp, wise-premýere bu uly, parahatçylygy, abadançylygy we ylalaşygy beýan edýän baýramçylygy milli däplere laýyklykda geçirmek, ajaýyp bahar toýunda ýurdumyzyň iň oňat döredijilik toparlarynyň, Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert maksatnamalary, şeýle hem milli baýramçylyklaryň hökmany alamatlary bolan halk oýunlary we ýaryşlar, şol sanda uly türkmen toýunyň gadymdan bäri bezegi bolan at çapyşyklaryny geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra gözegçilik edýän maliýe we bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hakyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet saparynyň çäklerinde ukrain hyzmatdaşlary bilen bolan duşuşyklaryň jemleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanynyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hem habar berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygynyň pudaklarynyň işçi güýjüne bolan isleglerini kanagatlandyrmak, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklaryny we bu ulgamda degişli döwlet kepillendirmelerini üpjün etmek, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylary durmuş taýdan goramak maksady bilen yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini nygtap, hödürlenen resminamany makullady. Döwlet Baştutany “Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki edaralarynyň gurluşyny kämilleşdirmek hakyndaky” Karara gol çekip, ýerlerde durmuş ulgamynyň edaralarynyň işini düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri pugta gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Wise-premýer oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada durup geçip, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg edilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna däne ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Şu maksatlar üçin döwletimiziň ätiýaçlyk gorundan ep-esli serişdeler bölünip berilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin zerur bolan tehnikalary satyn almak meselesini hemmetaraplaýyn, doly öwrenmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda başlanjak gowaça ekişine ünsi çekip, bu möhüm oba hojalyk çäresiniň guramaçylykly, bellenen möhletlerde we agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilip, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Çünki, “ak altynyň” geljekki hasylynyň ykbaly köp babatda gowaça ekişiniň ýokary derejede geçirilmegine baglydyr.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, döwlet durmuş syýasatyny hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň barşy barada habar berildi. Wise-premýer şeýle hem 2014-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň giňden baýram edilmegine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler hem-de bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Şol maksatnama şahyryň eserleriniň dürli dillerde çap edilmegini, onuň durmuşy we döredijiligi baradaky ylmy işleriň neşir edilmegini, dokumental we çeper filmleriň döredilmegini, ylmy duşuşyklaryň we halkara ylmy maslahatlaryň guralmagyny öz içine alýar.

Magtymgulynyň uçursyz zehinli döredijiligi türkmen halkyna dünýä şöhratyny getirdi we diňe biziň halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi hazynasyna uly goşant goşdy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Eserleri çeper kämilligi, köpugurlylygy we manysynyň çuňňurlygy bilen tapawutlanýan Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenýän alymlar, edebiýatşynaslar, sungatşynaslar, ýazyjylar we suratkeşler üçin özüne çekiji beýik şahsyýetleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutany nygtady. Milletiň Lideri “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny belläp geçmek hakyndaky” Karara gol çekip, şanly sene bilen baglylykda meýilleşdirilen ähli çäreler şahyryň döredijiligini öwrenmäge, türkmen halkynyň ajaýyp edebi mirasyny ýaýratmaga uly goşant goşar, diýmek, olar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir diýip belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler hakyndaky mesele boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer Aşgabat şäheriniň zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurluşygyny dowam etdirmek boýunça “Interbudmontaž” ukrain kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda hem hasabat berdi. Şu taslamanyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzyň günorta bölegine suw geçirijileri çekmek, şonuň bilen bir hatarda bir gije-gündizde azyndan 300 müň kub metr kuwwaty bolan lagym arassalaýyş desgasyny gurmagyň, şeýle hem şäheriň demirgazyk böleginde ýerasty kommunikasiýalaryň gurluşygyny tamamlamagyň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli şäher düzümleriniň häzirki zaman ölçeglerini, türkmen paýtagtynyň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etjek we şeýlelikde, adamlaryň oňaýly durmuşy üçin şertleri döretjek bu maksatnamany doly möçberde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli gulluklaryň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Paýtagtymyzyň göwnejaý durmuşynyň möhüm şerti hökmünde onuň inženerçilik-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iri inžener tehniki desgasynyň degişli ornuny nygtady, şol desgany gurmak “Interbudmontaž” ukrain kompaniýasyna ynanyldy.

Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekip, ukrain hyzmatdaşlary bilen baglaşylan şertnamanyň Aşgabatda suw geçiriji kollektorlaryň ikisi bilen zeýkeş-aragatnaşyk tunnelini we Arçabil etrabynda inženerçilik ulgamlaryny gurmagy, şeýle hem lagym-arassalaýyş desgalaryny we ötügiň aýak ujundaky uçastoklary gurmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu inženerçilik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzda ýerasty suwlaryň derejesini ep-esli azaltmaga, durmuş üpjünçiliginiň meselelerini dünýä standartlarynyň derejesinde toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy esasy wezipe bolan şäheriň süýji suwa artýan islegini kanagatlandyrmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen geçirilýän işler we öz gözegçilik edýän pudaklarynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan işleri mundan buýana-da kämilleşdirmek we depginini ýokarlandyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň dört ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä hem-de maslahata görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ukrain hyzmatdaşlaryň ähli tekliplerini düýpli öwrenmegi we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda anyk meýilnamany bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar diýip belledi. Milli Liderimiz döwletimiz geljekde hem ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun degişli bolan ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw berjekdigini aýtdy. Milletiň Lideri häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileri içerki we daşarky bazarda mynasyp bäsdeş bolup bilýärler diýip bellemek bilen, öňde boljak sergini we maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem 14-15-nji martda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilen “Türkmenistan—Ýewropa: hyzmatdaşlygyň geljegi” atly halkara maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Iri halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşan forumy dünýäniň nebitgaz işewürliginiň ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,

Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, olara milli ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýar diýip belledi. Türkmen ýangyç-energetika toplumyny çalt depginler bilen ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzda ýüze çykarylan ägirt uly we geljegi uly ýangyç gorlaryna esaslanýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan häzir özüniň energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazyň çykarylyşyny, gaýtadan işlenilişini we eksporta iberilişini artdyrmak, ony Ýewraziýanyň uly bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Biziň ýurdumyzyň deňlik we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guraýan energetika ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrar, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda meseleleriň netijeli çözülmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew “Uzen (Gazagystan)—Gyzylgaýa—Bereket—Etrek (Türkmenistan)—Gorgan (Eýran)” halkara demir ýolunyň Bereket—Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barlyşy we Demir ýol ulaglary ministrligine enjamlary satyn almak üçin şertnama baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, demir ýol arkaly ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, şeýle hem ilata edilýän hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Uzen (Gazagystan)—Gyzylgaýa—Bereket—Etrek (Türkmenistan)—Gorgan (Eýran)” halkara demir ýolunyň Bereket—Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işleri hakyndaky” Karara gol çekip, Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň halkara ähmiýetini, şeýle hem gurluşyk işlerini bellenen möhletlere laýyklykda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi. Bu demir ýol Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda ygtybarly ulag geçelgesi bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda häzirki zaman ulag düzüminiň we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynyň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we olara iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanda demir ýol düzümini toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak meselesine uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we şunda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra mejlisde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň döwlet sütünlerini berkitmek, ýurdumyzda sosial durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Türkmen halkynyň bagtly we döredijilikli ýaşamagy, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin oňaýly şertleri döretmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň eýeleýän ornunyň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz ýurdumyzda höküm sürýän parahatçylyk, agzybirlik we durnuklylyk eziz Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe ilerlemeginiň ygtybarly girewi bolup durýar diýip nygtady.

Türkmen döwleti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri yzygiderli kabul edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleriň geljekde hem amala aşyryljakdygyny aýtdy. Şunda milli Liderimiz öz halkyňa we Watanyňa wepaly gulluk etmegiň her bir türkmen esgeriniň we Kanuna gulluk edýän adamyň mukaddes borjy bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutany harby edaralarynyň işi baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň serhet goşunlarynyň harby gullukçysynyň Türkmenistanyň döwlet serhedinden biziň ýurdumyzyň çägine getirilmegi gadagan edilen täsiri güýçli derman serişdelerini geçirmäge ýardam etmegi bilen bagly wakany ýüze çykarandyklaryny habar berdi. Harby gullukçy saklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu waka bilen baglylykda Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa berk käýinç yglan etdi, bu gullugyň başlygynyň işgärler bilen iş alyp barmak boýunça orunbasaryny bolsa eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany prokuratura edaralaryna düýpli barlag geçirmegi we bu waka dahylly adamlary jogapkärçilige çekmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem gadagan edilen derman we neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy göreş alyp barjakdygyny, bu ýaramaz hadysa, şeýle wakalaryň ýüze çykmagyna ýardam edýän islendik wezipedäki adamlar bilen barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şeýle ýagdaýlara ýol berilmeli däldigini belläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Goşun Generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Baştutany Kataryň Ylym, Bilim we Jemgyýetçilik Ösüşi Boýunça Gaznasynyň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy

Aşpezlik Ussatlyk Sapagyna Gatnaşyjylar Italýan Tagamlaryny Taýýarlamagyň Usullary Bilen Tanyşmaga Mümkinçilik Aldylar

turkmenhabargullugy