22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Hytaýa howply günler garaşýar.

Dünýäde ykdysady taýdan ikinji ýerde durýan Hytaýa howply günler garaşýar.

Hytaýyñ ykdysady taýdan ösüş depgini aşaklaýar.

Hytaýyñ importy geçen aý 39,6, eksporty bolsa 18,4 göterim ýokarlady.

Hytaýyñ daşary söwda ýetmezçiligi fewral aýynda 31 milliard 500 million dollar bilen taryhy rekord goýdy.

Hytaý geçen hepde 2012-nji ýyldaky ösüş maksatnamasyny beýan etdi.

Hytaýyñ ösüş maksatnamasy 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 8 göterimden 7,5 göterime düşürildi.

Eksporta esaslanýan ýurt bolan Hytaý global ykdysadyýetde başdan geçirilýän wakalaryñ täsirinde galýar.

Munda esasan hem nebitiñnyrhynyñ ýokarlamagy uly rol oýnaýar.

Çig mallaryñ nyrhynyñ ýokarlamagy we iñ uly iki bazar bolan ABŞ bilen Ýewropada başdan geçirilýän kynçylyklar dünýäniñ ykdysady taýdan ikinji ýurdy bolan Hytaýa hem ýaramaz täsirini ýetirýär. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Obasenagat Toplumy: Döwletimiz Oba Hojalykçylara Yzygiderli Goldaw Berýär

Tejen Derýasynyň Üstünden Geçýän Awtomobil Köprüsi Ulanylmaga Berildi

Birža Täzelikleri

syrach