26.4 C
Aşkabat
16.05.2024
DURMUŞ

Ene mähri merkezinde üçem çaga dünýä indi.

Halkara saglyk merkezleri müdirliginiň paýtagtymyzdaky “Ene mähri” merkeziniň töweregi köp adamly boldy. Bu ýere fotosuratçylar, teleoperatorlar, žurnalistler ýygnandylar. “Ene mähri” merkezinde adaty däl waka bolup geçdi, üçem çaga dünýä indi. Bu ýerde dürli ýyllarda öňem şeýle şatlykly wakalar bolupdu. Indi şeýle waka däp boýunça her ýylda bolýar diýip aýdyp hem bolar.

Üçemleriň ýurdumyzda giňden bellenip geçilen Halkara zenanlar gününiň yz ýanynda dünýä inmegi gowulygyň alamatydyr. Şol baýramçylyk günleriniň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly atlar dakyldy. Ozal hem TDH-nyň habar berşi ýaly, bu “Ene mähri” merkezinde baýramçylyk bellenilýän günlerinde köp çagaly eneleriň biriniň Bagtýyar diýlip atlandyrylan onunjy çagasy dünýä indi.

Indi bolsa Aşgabatda ýaşaýan Muhammedowlaryň maşgalasyna şatlyk getiren üçem çaga goşuldy. Maşgaladaky çagalaryň sany birbada iki esse köpeldi. “Ene mähri” merkeziniň lukmanlarynyň habar berişleri ýaly, häzirki wagtda üçem çaga dogran enäniň we onuň çagalarynyň ýagdaýy kanagatlanarly. Üçemleriň uýgunlaşma döwri kadaly geçdi.

Üçemleriň – bir oglanjygyň we iki gyzjagazyň 28 ýaşly ejesi Jennet Mämmedowa bu “Ene mähri” merkezine öz saglyk ýagdaýy barada yzygiderli ýüz tutup durýardy. Ýakyn wagtdaky üç hepdäniň dowamynda ene we onuň üç çagasy lukmanlaryň gözegçiligi astynda bolarlar. Bu bäbejikleriň ilkinji günlerden başlap, dogry we kadaly ösüşiniň kepilnamasy bolar.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, sagdyn we berk bedenli bäbejikleriň dünýä inmegi ilkinji nobatda bu maşgalada sagdyn durmuş ýörelgesiniň berjaý edilmeginiň netijesidir. Çagalaryň kakasy “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserninde baş hünärmen wezipesinde işleýän Mergen Muhammedow hem öz ene-atasynyň ekiz çagalarynyň biridir. Ol özüniň ýene bir oglunyň we iki gyzynyň doglandygyny eşidip örän begendi. Jennet ikisi hemişe köp cagaly maşgala bolmagy arzuw edýärdiler. Olaryň ähli garyndaşlary, kärdeşleri we dostlary hem bu habara diýseň begendiler. Şeýle şatlykly habary eşiden ähli ildeşlerimiziň hem muňa begenjekdiklerini aýtsaň bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitläp, berk we agzybir maşgalanyň halkyň hem-de ýurduň ruhy sütünini düzýändigini nygtaýar. Milletiň Lideri soňky ýyllarda Türkmenistanda köp çagaly maşgalalaryň sanynyň barha artýandygyny aýtmak bilen, munuň özi jemgyýetiň durmuş, ahlak abadançylygynyň hem-de onuň ertirki güne berk ynamynyň subutnamasydyr diýip belleýär.

Köp çagalylyk türkmen jemgyýetinde hemişe üýtgewsiz gymmatlyk hasaplanylýar. Bu berk sagdyn maşgalanyň we maşgala bagtynyň görkezijisidir. Häzirki günde biziň ýurdumyzda bu asylly däbiň dowam etdirilmegi üçin döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Maşgalanyň esaslaryny berkitmek durmuş kepillikleri, köp dürli ýeňillikler bilen höweslendirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen, ýurdumyzda maşgalany goldamak we eneleriň hem-de ösüp barýan ýaş nesliň saglygyny üpjün etmäge gönükdirilen lukmançylyk, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş edaralarynyň, sagaldyş merkezleriniň, şypahana toplumlarynyň tutuş ulgamy döredilýär.

Elbetde, köp çagaly maşgala uly zähmeti, yzygiderli aladany we hysyrdylary talap edýär. Bu aýratyn hem döwlet tarapyndan maşgalalary durmuş we hukuk taýdan goldamak ulgamyny kämilleşdirmekde, olaryň maddy taýdan mynasyp üpjün edilmegi, çagalaryň göwnejaý bilim almagy hem-de terbiýelenmegi üçin mümkinçilikleri döretmekde we başgalarda nazara alynýar. Köp çagalylyk köp babatda diňe bir anyk maşgalada däl, eýsem jemgyýetde hem oňyn psihologiki ýagdaýy şertlendirýär. Şonda maşgala däpleriniň we gymmatlyklarynyň mysalynda ýokary ruhy ahlak taglymlar hem-de ýörelgeler ykrar edilýär. Munuň özi birek-birege hoşniýetli, aladaly, jogapkär gatnaşyklardyr, eserdeňlikdir, zähmetsöýerlikdir, jebislikdir.

Türkmenistan hemişe enelik we çagalyk, maşgalalaryň abadançylygy üçin has amatly şertleri üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmäni görkezýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş taýdan ugur alan syýasatynyň ynsanperwer gymmatlyklary mynasybetli berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze itergi aldy.

Bu ulgamda döwlet syýasaty milli ösüş strategiýasynyň möhüm ugrydyr, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bar. Bu syýasat maşgalany hemmetaraplaýyn goldamagy hem öz içine alýar. Çaga dogulan wagty berilýän kömek puly, enäniň öz çagalaryna gowy terbiýe bermegi üçin döwlet tarapyndan bellenilen ýeňillikler, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň abadan jemgyýetde ýaşap hem-de ösüp-ulalyp bilmekleri üçin olaryň beden we ahlak taýdan saglyklary hakynda döwletimiziň edýän aladasynyň netijeleridir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýä derejesine çykan milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ekologiýa wezipelerini çözmekde, şeýle hem medeniýet, çagalaryň öwreniş ukybyny ösdürmekde we olaryň boş wagtlaryny guramakda has uly üstünlikleri gazandy. Aşgabadyň eteginde Gökdere diýen ajaýyp şypahana ýerinde we Hazar deňziniň kenarýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan çagalar sagaldyş edaralary, öňdebaryjy multimediýa tilsimatlary bilen üpjün edilen çagalar baglary we mekdepler, häzirki zaman sport desgalary we beýleki ençeme desgalar hem munuň subutnamasydyr. Ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem bu ugurda iş ýüzündäki görülýän çäreler boldy.

Biziň ýurdumyzda ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen ruhy ahlak däplerine, olaryň filosofiki garaýyşlaryna esaslanan häzirki zaman milli bilim ulgamy döredildi. Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, ýaş türkmenistanlylary muňa çekmäge uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýratyn aladalanýar.

Häzirki wagtda çagalar biziň geljegimizdir we biziň Watanymyz olaryň özlerine, ýagty geljeklerine ynamly bolmaklary üçin ähli işleri durmuşa geçirýär. Biziň Watanymyz bolsa iň oňat arzuwlaryny durmuşa geçirmek we bagtyýarlyk üçin ajaýyp ýurtdur.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Zenanlar älem gözelligi.

syrach

Döwlet Muzeýinde Ýerleri Emeli Usulda Suwaryş Medeniýetine Bagyşanan Sergi Açyldy

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Konserti Boldy