Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.
Diňe 2017-nji ýylyň iki aýynyň dowamynda dürli derejeli daşary ýurt wekiliýetleriniň 64-si DIM-iň üsti bilen Türkmenistanda saparda boldular. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 120-si iberildi.
Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde maslahatlaryň we duşuşyklaryň 19-sy guraldy. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni resminamalaryň 7-si doldurdy.