15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Iki baýrakly orun.

Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde talyplaryň we alymlyk derejesini goraýanlaryň arasynda halkara gumanitar hukugy boýunça geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginde türkmenistanlylar iki sany baýrakly orna mynasyp boldular. Bäsleşik sebitdäki goňşy – ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek , ylmy döredijiligi höweslendirmek we halkara gumanitar hukugy boýunça bilimi ýaýratmak maksady bilen Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Halkara komitetiniň sebitara wekilýeti tarapyndan gurnaldy.

Bäsleşige gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden halkara gumanitar hukugy boýunça tejribeli hünärmenleri, şeýle-de Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Halkara komitetiniň sebitara wekilýetiniň işgärleri saýlaw komitetiniň düzüminde bolup, şol halkara emin agzalarynyň toparynyň içinde biziň ildeşimiz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy Durdy Amanowyň bolmagy bellärliklidir.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylaryň ýazuw işleri barlanyldy. Bu tapgyrda bellenilen işleriň eýeleri ylmy konferensiýada öz nutuklary bilen çykyş edip, bäsleşigi dowam etdiler. Iki sany üçünji orny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň halkara gatnaşyklar kafedrasynyň mugallymy Merjen Gurbannazarowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bäşinji ýyl talyby Allaberdi Gurbanow eýelediler.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan ABŞ bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk.

syrach

TÜRKMENISTANYN ARAGATNASYK MINISTRLIGI

syrach

Döwrebap sungatyň häzirki zaman gerimi

syrach