21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Iň Köp Soralýan Soraglar

1. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi haýsy edaralar tarapyndan düzgünleşdirilýär?

“Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatyň iş bilen üpjünçiligini düzgünleşdirýän döwlet edaralary bolup durýar.

“Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda, welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkimi ilaty iş bilen üpjün etmek meseleler boýunça işini sazlaşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran 11992 belgili Karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň dördünji bölegine laýyklykda, bu ministrlik ilaty iş bilen üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

2. Işe dikeltmek üçin haýsy edaralara ýüz tutulyp bilner?

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 381-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, kazyýetlerde gös-göni işgäriň – zähmet şertnamasynyň bes edilmeginiň nämä esaslanýandygyna garamazdan işe dikeltmek hakyndaky arzalary boýunça zähmet jedellerine garalýar.

Agzalan Kodeksiň 382-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, kazyýete ýüz tutmagyň möhleti işe dikeltmek hakyndaky jedeller boýunça – işgäre onuň bilen zähmet şertnamasynyň bes edilýänligi hakyndaky buýrugyň nusgasynyň işgäre gowşurylan gününden beýläk – bir aý bellenilýär.

Görkezilen maddanyň ikinji böleginde, agzalan maddada bellenilen möhletleriň esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda olar işgäriň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda kazyýet tarapyndan dikeldilip bilner.

3. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy haýsy esaslarda berilýär ?

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 63-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy bu ilatly ýerde hemişelik ýaşaýan ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlaryň toparyna degişli Türkmenistanyň raýatlaryna berilýär.

Agzalan Kodeksiň 66-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, döwlet ýerli ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan raýatlary hasaba kabul etmek ýaşaýan ýerleri boýunça etraplarda, etrap hukukly şäherlerde, etrapdaky şäherlerde, şäherçelerde we geňeşliklerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, Geňeşler tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Maýyplygy bolan adamlara nähili ýeňillikler berilýär?

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 65-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, I we II topar maýyplygy bolan adamlar, maýyplygy bolan eneler, şeýle hem özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasynyň talaplaryny nazara almak bilen maýyplygy bolan çagalary terbiýeleýän maşgalalar ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna degişli edilýär.

Agzalan Kodeksiň 70-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara, garrylara, ýürek-damar we sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýän beýleki dowamly keselleriň agyr görnüşlerinden ejir çekýän adamlara döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy olaryň isleglerini hasaba almak bilen aşaky gatlardan ýa-da liftleri bolan ýaşaýyş jaýlaryndan berilýär. Maýyplygy bolan adamlara dikeltmegiň şahsy maksatnamasyna laýyklykda jaýyň görnüşini, abadanlaşdyrylyş derejesini we ýaşamak üçin beýleki zerur şertleri hasaba almak bilen ýaşaýyş jaýyny saýlamak hukugy berilýär.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 142-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara ýa-da maýyplygy bolan adam bar bolan maşgalalara berilýän we olaryň eýeleýän ýaşaýyş jaýlary ýörite serişdeler, abzallar we telefon aragatnaşygy bilen enjamlaşdyrylýar.

Agzalan Kodeksiň 147-nji maddasyna laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara durmuş kömegi pul tölegleri we agzalan Kodeksde göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegi, dermanlar, maýyplygy bolan adamlar üçin arabalar, protezler we beýleki protez-ortopedik önümler, ýörite harply çap önümleri, ses güýçlendiriji we duýduryş gurallary bilen üpjün etmek görnüşinde, şeýle hem saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan dikeltmek boýunça hyzmatlary we durmuş hyzmatyny etmek arkaly berilýär.

Derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrlеr Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde maýyplygy bolan çagalar, çagalykdan maýyplygy bolan adamlar, I we II topar maýyplygy bolan adamlar – maýyplygy bolan adamlar üçin arabalar, protezler we başga protez-ortopediki önümler bilen; III topar maýyplygy bolan adamlar – protezler we başga protez-ortopedik önümler bilen degişlilikde mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

Görkezilen Kodeksiň 148-nji maddasyna laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda, binanyň görnüşini, köp gatlylygyny, abadanlaşdyryş derejesini we ýaşamak üçin beýleki zerur şertlerini göz öňünde tutmak bilen ýaşaýyş jaýyny saýlap almak hukugy berilýär.

I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň, maýyp bolan eneleriň, şeýle hem maýyp bolan çagalary terbiýeleýän maşgalalaryň ölçeglere we saglygy dikeltmegiň özbaşdak maksatnamasyna laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga hukugy bardyr.

I topar maýyplygy bolan adamlary bolan adamlaryň, olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalarynyň suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr.

Agzalan Kodeksiň 149-njy maddasyna laýyklykda, maýyplygy bolan adamlaryň aragatnaşyk, durmuş hyzmaty, ulag hyzmaty, söwda, ýaşaýyş jaý-jemagat, saglygy goraýyş kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan ilkinji nobatda hyzmat edilmäge, şeýle hem ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynda biletleri ilkinji nobatda satyn almaga hukuklary bardyr.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 189-njy maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamalar gaýtadan berlende maýyplardan döwlet pajy tutulyp alynmaýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 50-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, hünäri ýa-da zähmet öndürijiligi deň bolanda, işde galmak üçin artykmaç hukuk çagalykdan maýyba berilýär diýip bellenilen.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 187-nji maddasynyň bäşinji böleginiň 5-nji tesimine laýyklykda, çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplary girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir.

“Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda I we II topar maýyplygy bolan adamlara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende olaryň haýyşy boýunça tölegsiz berilýär.

“Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň resmileşdirilmegi we berilmegi, şeýle hem onuň çalşyrylmagy üçin döwlet pajynyň möçberini bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda çykaran 14389 belgili kararynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň resmileşdirilmegi we berilmegi, şeýle hem onuň çalşyrylmagy üçin ähli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

“Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 21-nji dekabrynda çykaran 14520 belgili karary bilen tassyklanan Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajynyň möçberleriniň “Bellik” diýen bölegine laýyklykda, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin ähli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

5. Döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 67-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin (muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary degişli däldir) olara hukugy bolan adamlar hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna ýüz tutmalydyrlar.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin, olara hukugy bolan adamlar esasy iş ýeri boýunça iş berijä ýüz tutulmaly.

6. Döwlet kömek pullarynyň nähili görnüşleri bellenilýär?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 55-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda berilýän, çaga seretmek boýunça, maýyplyk boýunça, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek puly we döwlet durmuş kömek puly bellenilýär.

7. Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik ukyby ýok bolan mahalynda – ol adamlaryň kanuny wekilleriniň arasynda baglaşylyp bilner. Kämillik ukyby çäklendirilen adamlar aliment tölemek hakynda şertnamany öz howandarlarynyň razylygy bilen baglaşýarlar.

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adamyň, aliment alýanyň we ekläp-saklamak üçin aliment tutulyp alynýan çaganyň maglumatlaryny, alimentiň möçberini, ony tölemegiň şertlerini we tertibini görkezmek bilen ýazmaça görnüşde baglaşylýar we notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

Aliment tölemek hakynda notarial tertibinde tassyklanylan şertnamanyň ýerine ýetiriş namasy ýaly güýji bardyr.

Aliment tölemek hakynda şertnama taraplaryň özara ylalaşygy boýunça islendik wagtda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Aliment tölemek hakynda şertnamanyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy hökman aliment tölemek hakynda şertnama baglaşylandaky ýaly görnüşde we tertipde geçirilmelidir.

Aliment tölemek hakynda şertnamany ýerine ýetirmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýa-da onuň şertleriniň bir taraplaýyn üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

Taraplaryň maddy ýa-da maşgala ýagdaýy düýpli üýtgän halatynda, şeýle hem aliment tölemek hakynda şertnamany üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda jedel ýüze çykan halatynda gyzyklanýan tarap kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga haklydyr.

Aliment tölemek hakynda şertnama boýunça tölenilýän alimentiň möçberi taraplar tarapyndan kesgitlenilýär.

8. Aliment tölemekden boşadylyp bilinýärmi?

Aliment tölemekden boşatmak ýa-da olar boýunça berginiň azaldylmagy diňe kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

Eger kazyýet aliment töleýäniň näsaglygy sebäpli ýa-da esasly başga sebäplere görä aliment tölenilmändigini hem-de aliment töleýäniň maddy we maşgala ýagdaýynyň emele gelen bergini üzmäge mümkinçilik bermeýändigini anyklasa, aliment töleýäniň hak islegi boýunça, aliment babatda emele gelen bergini tölemekden ony doly ýa-da bölekleýin boşatmaga haklydyr.

9. Raýat ýagdaýynyň namalary we olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny düşündirseňiz?

Raýat ýagdaýynyň namalary ‒ raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem olaryň hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän, döwlet belligine alynmaga degişli bolan raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň namalarynda görkezilýän raýatlaryň hereketleri ýa-da wakalar we faktlar.

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy raýatlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklaryny goramak maksady bilen, şeýle hem döwletiň bähbitleri üçin bellenilýär.

Dogluş, nikanyň baglaşylmagy, nikanyň bozulmagy, perzentlige alynmagy, atalygyň anyklanylmagy, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegi, ölüm döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

10. Nika baglaşmagyň umumy tertibini düşündirseňiz?

Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.

Nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip bellenilýär.

Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner.

Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşylan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Şunda onuň kämillik ukyby nika bozulan halatynda hem doly möçberde saklanyp galýar.

Nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna arza bermäge haklydyrlar.

Arzada olar özleriniň umumy familiýasy hökmünde är-aýalyň haýsysynyň familiýasyny saýlamak isleýändiklerini ýa-da her biriniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saklamak isleýändigini, olaryň her biriniň ozal nikada durandygyny we şol nikadan çagalarynyň bolandygyny, bilelikdäki çagalarynyň bardygyny görkezmelidirler. Arzanyň ýanyna pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) goşulýar.

Nikanyň baglaşylmagy nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda, olaryň RÝNÝ edaralaryna arza beren gününden başlap bir aý geçenden soň geçirilýär.

Esasly sebäpler (göwrelilik, çaganyň dogulmagy, umumy çagalarynyň bolmagy, iş ýa-da okuw bilen baglanyşykly başga ýere gidilmegi, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagy, nikanyň baglaşylmagynyň toý gününde resmileşdirilmeginiň islenilmegi we beýleki ýagdaýlar) bolan mahalynda, nika baglaşýanlaryň islegine görä, nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary bir aý möhletiň geçmezinden öň hem (nika baglaşmak isleýän adamlaryň saýlan gününde), şol sanda arzanyň berlen gününde nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almaga borçludyr.

11. Nika şertnamasyny nähili tertipde baglaşmaly?

Nika şertnamasy nika baglaşmak isleýän adamlar ýa-da är-aýal tarapyndan meýletin baglaşylýan, nikada we (ýa-da) ol bozulan halatynda olaryň emläk hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän ylalaşyk bolup durýar.

Nika şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

Nika şertnamasy nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ýa-da nikada durulýan döwrüň içinde islendik wagtda baglaşylyp bilner.

Nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli baglaşylan nika şertnamasy nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden başlap güýje girýär.

Bellenilen görnüşde baglaşylmadyk nika şertnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

Är-aýal nika şertnamasynyň esasynda är-aýalyň umumy bilelikdäki eýeçiliginiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünini üýtgetmäge, nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläk ýa-da onuň aýry-aýry görnüşleri, ýa-da är-aýalyň her biriniň emlägi üçin bilelikdäki paýly ýa-da aýratyn eýeçilik düzgünini bellemäge haklydyrlar.

Nika şertnamasy är-aýalyň bar bolan emlägi babatda hem, olaryň geljekde edinjek emlägi babatda hem baglaşylyp bilner

12. Nika şertnamasy üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilnermi?

Nika şertnamasy är-aýalyň ylalaşmagy boýunça islendik wagt üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Nika şertnamasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda ylalaşyk edil nika kontrakty ýaly görnüşde we tertipde amala aşyrylýar.

Nika şertnamasyny ýerine ýetirmekden ýa-da üýtgetmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

Nika şertnamasynyň hereketi nikanyň bozulan pursatyndan bes edilýär.

13. Nähili esaslarda nikanyň bozulmagy we nikanyň bes edilmegi bellige alynýar?

Nika är-aýalyň (olaryň biriniň) arzasy boýunça, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça bozulýar.

Nika şu halatlarda bes edilýär:

1) är-aýalyň biri ölende ýa-da kazyýet tarapyndan är-aýalyň biri ölen diýlip yglan edilende;

2) nikanyň bozulmagy bellige alnanda;

3) nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende.

Nikanyň bozulmagy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alnan gününden bes edilýär.

14. Çaganyň dogluşy nähili tertipde döwlet tarapyndan bellige alynýar?

Çaganyň dogluşynyň fakty RÝNÝ edarasynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan şu aşakdaky resminamalardan biriniň bolmagy çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup durýar:

1) çaganyň dogluşy hakynda, dogluşyň bolup geçen lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;

2) çaga doglanda lukmançylyk edarasyndandaşarda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soňýüz tutan lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama;

3) çaga lukmançylyk edarasyndan başga ýerde doglanda (lukmançylyk kömegi berilmedik) çaga doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy.

Çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman çaganyň doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýazmaça görnüşde arza berilýär.

On alty ýaşyna ýeten çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

15. Çagany perzentlige almagyň tertibini düşündirseňiz?

Çagany perzentlige almak ony perzentlige almak isleýän adamyň (adamlaryň) ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da perzentlige alynýan çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça geçirilýär.

Çagany perzentlige almak isleýän adam (adamlar) degişli arzany öz ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da perzentlige alynýan çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça häkimiň garamagyna berýär.

Häkim hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan taýýarlanan resminamalaryň esasynda, onuň gatnaşmagynda on senenama gününiň dowamynda resminamalara garaýar we çagany perzentlige almak hakynda karar çykarýar.

Perzentlige alýanyň we perzentlige alnan çaganyň hukuklary we borçlary çagany perzentlige almak baradaky kararyň çykan gününden başlap ýüze çykýar.

Çagany perzentlige alan adam (adamlar), çagany perzentlige almak baradaky häkimiň kararyny hem ýanyna goşmak bilen, degişli RÝNÝ edarasyna çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy barada arza berýär.

Çaganyň perzentlige alynmagy baradaky kararyň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy bu karar we perzentlige alanyň (alanlaryň) arzasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň habary esasynda çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýär.

16. Perzentlige alnan çaganyň doglan senesi üýtgedilip bilnermi?

Çagany perzentlige almagyň syryny saklamak üçin, perzentlige alanyň haýyşy boýunça perzentlige alnan çaganyň doglan senesi doglan gününden üç aýdan köp bolmadyk wagta üýtgedilip bilner, şeýle-de onuň doglan ýeri hem üýtgedilip bilner.

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesiniň üýtgedilmegine diňe bir ýaşa ýetmedik çaga perzentlige alnanda rugsat berilýär. Şunda onuň doglan senesi çaganyň doglan gününden öň we soň üç aýdan köp bolmadyk wagta üýtgedilip bilner.

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesiniň we (ýa-da) ýeriniň üýtgedilendigi barada, çagany perzentlige almak hakynda çözgütde görkezilýär.

17. Familiýany, ady we atasynyň adyny üýtgetmegiň tertibini düşündirseňiz?

Familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy on sekiz ýaşyna ýeten adamyň hemişelik ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.

Görkezilen adam hemişelik ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýüz tutanda, onuň familiýasynyň, adynyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegi şu aşakdaky halatlarda geçirilýär, eger ol:

1) gulaga ýakymsyz eşidilýän ýa-da aýtmasy kyn bolan familiýasyny we (ýa-da) adyny we (ýa-da) atasynyň adyny üýtgetmek islese;

2) öz äri (aýaly) bilen umumy familiýany götermek ýa-da, eger bu barada nika bozulan wagty yglan edilmedik bolsa, nika baglaşmagyndan öňki öz göteren familiýasyna (ilkinji we soňky nikalary baglaşmagyndan öňki) gaýdyp gelmek islese;

3) nika bozulmadyk ýa-da äri (aýaly) aradan çykan halatynda nika baglaşmagyndan öňki öz göteren (ilkinji we soňky nikalary baglaşmagyndan öňki) familiýasyny götermek islese;

4) kakasynyň (ejesiniň) familiýasyny (eger kakasynyň familiýasyny göterýän bolsa – ejesiniň familiýasyny, eger ejesiniň familiýasyny göterýän bolsa – kakasynyň familiýasyny) götermek islese;

5) kakasynyň, atasynyň we babasynyň ady boýunça familiýasyny üýtgetmek islese;

6) özüne öň atasynyň ady “ogly”, “gyzy” diýen sözler goşulyp ýa-da bular goşulman, ilkibaşda öz ady, soňra bolsa atasynyň ady ýazylyp ýa-da ýazylman, ýa-da familiýasy ýazylman dakylan bolsa, olaryň atasynyň adyny üýtgetmek we atasynyň adyny ýa-da familiýasyny almak islese;

7) eger perzentlige almaklyk geçirilip bilinmejek bolsa, ýüz tutýany terbiýelän öweý kakasynyň (öweý ejesiniň) familiýasyny we (ýa-da) öweý kakasynyň ady boýunça atasynyň adyny götermek islese;

8) milletine laýyk gelýän familiýany we (ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň adyny götermek islese;

9) hakykatda dogluş hakynda nama ýazgysynda görkezilenden başga ady göterýän bolsa, ony şol göterýän adyna üýtgetmek islese;

10) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynda görkezilen familiýasy we (ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň ady degişli şahadatnamadaky we (ýa-da) pasportdaky (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamadaky) familiýasy we (ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň ady bilen gabat gelmeýän bolsa, şeýle gabat gelmezligi aradan aýyrmak üçin şol resminamalarda görkezilen familiýasynyň we (ýa-da) adynyň we (ýa-da) atasynyň adynyň haýsy hem bolsa birini götermek islese.

18. Resminamalary konsulluk taýdan kanunlaşdyrmak näme?

Daşary ýurt döwletleriň çäginde ulanylmagy göz öňünde tutulýan resminamalaryň we namalaryň bolunýan döwletiň kanunçylygyna laýykdygyny we şol resminamalardaky we namalardaky ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan goýlan goluň we möhüriň hakykylygyny tassyklamakdan we şaýatlyk etmekden ybaratdyr.

19. Resminamalar haýsy tertipde kanunlaşdyrylýar?

Resminamalar şu tertipde kanunlaşdyrylýar:

Döwlet notarial edarasynda ynanç hatynyň tassyklanylmagy, nusganyň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi,resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi;

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde,döwlet notariuslaryň golunyň we tugraly möhrüniň yzynyň hakykylygyna güwä geçilmegi; Welaýat adalat bölümlerinde – welaýatyň çägindäki döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan, şaýatlyk edilen resminamalardaky döwlet notariuslaryň golunyň we tugraly möhrüniň yzynyň hakykylygyna güwä geçilmegi;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, resminamanyň daşary ýurtlarda ulanylmagy üçin kanunlaşdyryjy ýazgynyň ýazylmagy;

Terjime merkezlerinde, resminamanyň daşary ýurt diline terjime edilmegi;

Türkmenistandaky daşary ýurdyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsulluk edarasynda resminamanyň kanunlaşdyrylmagy.

20. Haýsy resminamalar kanunlaşdyrylmaga degişli bolmaýar?

Kanunlaşdyrylmaga degişli däl resminamalar we namalar:

pasportlaryň nusgasy;

zähmet depderçesi;

harby bileti;

partiýa, kärdeşler arkalaşygy we beýleki jemgyýetçilik birleşiginde

agzalyk barada resminamalar;

şahsyýetnamalar;

häsiýetnamalar;

gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

kazyýete çekilenligi hakynda, täjirçilik we gümrük amallaryna

degişli bolan resminamalaryň (hasaplar, daşary ýurtlara harytlaryň geçirilmegi hakyndaky resminamalar, harytlaryň iberilmegi hakynda şertnamalar, gümrük deklarasiýasy we ş.m.) asyl we göçürme nusgalary.

21. Ynanç hatyny tassyklatmak üçin haýsy resminamalar talap edilýär?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetini anyklamak onuň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan pasportynyň ýa-da beýleki resminamalarynyň esasynda geçirilýär.

Ynanç hatyny bermek üçin ynanç hatyny berýäniň öz ýanynda pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) we ynanylýanyň (wekiliň) pasport maglumatlary bolmalydyr.

Ynanç haty tassyklanylanda diňe ynanç haty berýäniň döwlet notarial edarasyna gelmegi zerurdyr.

22. Ynanç haty haýsy möhlete tassyklanyp biliner?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ynanç haty üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner.

Eger ynanç hatynda möhlet görkezilmedik bolsa, ol tassyklanan wagtyndan başlap, bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar.

Ynanç hatynda onuň tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir.

23. Är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligine nämeler degişli bolýär?

Är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsysyna ýa-da haýsysy tarapyndan harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.

Är-aýalyň bilelikdäki emlägine olaryň her biriniň girdejileri, alan pensiýalary, döwlet kömek pullary, şeýle hem ýörite niýetlenen maksady bolmadyk gaýry pul möçberleri (maddy kömek pul möçberleri, zähmete ukyplylygyny ýitirmegi bilen baglanyşykly ýa-da saglygyna başga şikes ýetirilmegi netijesinde zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna tölenen pul möçberleri we başgalar) degişlidir.

24. Är-aýalyň nikaly döwründe edinen emlägi nähili tertipde bölünýär?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 79-njy maddasyna laýyklykda, är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikde ýazmaça beren arzasy boýunça olaryň birine ýa-da är-aýalyň (öňki är-aýalyň) ikisine hem nika döwründe gazanylan umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary döwlet notariuslary tarapyndan berilýär.

Ýaşaýyş jaýyna, jaýyň bir bölegine, öýe, ýazlaglyk jaýyna, bagçylyk jaýyna, garaža ýa-da gaýry gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda görkezilen şahadatnamalar döwlet notariuslary tarapyndan şol emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça berilýär.

25. Bilelikdäki emläge eýelik etmek, peýdalanmak we erk etmek hukugyny düşündirseňiz?

Är-aýalyň bilelikdäki emläge eýelik etmäge, peýdalanmaga we erk etmäge deň hukuklary bardyr.

Haçan-da olaryň biri öý hojalygyny ýöretmek, çagalara seretmek bilen meşgullanan halatynda ýa-da başga esasly sebäpler boýunça özbaşdak girdejisi bolmadyk mahalynda hem bilelikdäki emläge är-aýalyň deň hukuklary bardyr.

Är-aýalyň biri tarapyndan är-aýalyň umumy gozgalýan emlägine ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikler amala aşyrylanda, ol är-aýalyň beýlekisiniň razylygy bilen hereket edýär diýlip hasaplanylýar.

Är-aýalyň biri tarapyndan gozgalmaýan emläge ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde notarial tertibinde tassyklanylmagyny we (ýa-da) bellige alynmagyny talap edýän geleşikleri amala aşyrmak üçin är-aýalyň beýlekisiniň razylygynyň alynmagy zerurdyr.

26. Miras haýsy ýerde ýüze çykýär?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1085-nji maddasyna laýyklykda, mirasyň ýüze çykan ýeri diýlip, miras galdyryjynyň ýaşan ýeri hasaplanylýar.

27. Miras haýsy möhletde kabul edilmeli?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1183-nji maddasyna laýyklykda, mirasyň ýüze çykan gününden alty aýyň dowamynda miras kabul edilmelidir. Döwlet notarial edarasyna miras galdyryjynyň aradan çykan gününden alty aýyň içinde degişli arza bilen ýüz tutulmalydyr.

28. Kimler kanun boýunça mirasdar bolup bilýärler?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1096-njy maddasyna laýyklykda, kanun boýunça miras edinmäge mirasdarlar nobatlylyk boýunça çagyrylýarlar.

Birinji nobatda – aradan çykanyň çagalary (şol sanda ogullyga alnanlar), adamsy – aýaly we ene – atasy (ogullyga alyjylar), şeýle hem aradan çykandan soň onuň doglan çagasy;

Ikinji nobatda – aradan çykanyň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy.

Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger miraslyk ýüze çykan döwründe, miras galdyryjylaryň mirasdarlary bolmaly şolaryň ene-atalary diri bolmasa, başda görkezilenler kanun boýunça mirasdarlar hasaplanylýar hem-de kanun boýunça miraslyk edinilende olaryň ölen ene-atalaryna degişli bolup biljek paýa deň derejede miras alýarlar.

Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger olaryň ene-atalary mirasy almakdan ýüz öwren bolsalar, mirasdar bolup bilmezler.

29. Mirasdan ýüz dönderilmegi we onuň möhletleri barada düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1193-nji maddasyna laýyklykda, mirasdar miras edinmäge özüniň degişlidigini bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap, ýagny mirasyň ýüze çykan wagtyndan başlap mirasy kabul etmekden üç aýyň dowamynda ýüz dönderip biler. Agzalan kodeksiň 1206-njy maddasyna laýyklykda, mirasa eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga hakyky girişen mirasdar mirasy kabul etmek üçin bellenen wagtyň içinde, ýagny mirasyň ýüze çykan gününden alty aýyň dowamynda mirasy kabul etmekden ýüz dönderip biler.

30. Mirasy kabul etmedik mirasdarlar nähili tertipde mirasy kabul edip bilerler?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1258-nji maddasyna we “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 75-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen möhletde mirasy kabul etmedik mirasdarlar mirasy kabul eden beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşulyp bilner. Bu razylyk ýazmaça görnüşde mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýänçä beýan edilmelidir.

31. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamany almak üçin haýsy döwlet notarial edarasyna ýüz tutmaly?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi barada arzalaryny kabul edýär.

Ýokarda agzalan Kanuna laýyklykda, mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär.

32. Wesýetnamanyň tassyklanylmagy üçin haýsy döwlet notarial edarasyna ýüz tutmaly?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnama islendik döwlet notarial edarasynda tassyklanylyp bilner.

33. Wesýetnamany döwlet notariuslaryndan başga kimler tassyklap bilýärler?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnama tassyklatmak üçin:

– geňeşleriň wezipeli adamlaryna;

– Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlaryna;

– hassahanalarda, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bejerişde bolýan ýa-da gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda ýaşaýan adamlar şol hassahanalaryň, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň baş lukmanlaryna, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlaryna ýa-da nobatçy lukmanlaryna, gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynyň bolsa müdirlerine we baş lukmanlaryna;

– Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän deňiz gämilerinde ýa-da içerki suwlarynda ýüzüşi amala aşyrýan gämilerde ýüzüş wagtynda bolýan adamlar şol gämileriň kapitanlaryna (serkerdelerine);

– gözleg we şolar ýaly beýleki ekspedisiýalarda bolýan adamlar şol ekspedisiýalaryň başlyklaryna;

– harby hassahanalarda we beýleki harby-bejeriş edaralarynda we harby-lukmançylyk bölümlerinde bejerişde bolýan harby gullukçylar we beýleki adamlar şol harby hassahanalaryň we beýleki harby-bejeriş edaralarynyň başlyklaryna we harby-lukmançylyk bölümleriniň serkerdelerine, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlaryna, uly we nobatçy lukmanlaryna;

– döwlet notariuslarynyň we ygtyýarly wezipeli adamlaryň ýok ýerlerindäki harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň we harby okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde harby gullukçylar, şonuň ýaly-da işgärler, olaryň maşgala agzalary we harby gullukçylaryň maşgala agzalary şol harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň serkerdelerine (başlyklaryna) we harby okuw mekdepleriniň rektorlaryna (müdirlerine);

– ýörite dikeldiş merkezinde, wagtlaýyn saklaw gabawhanasynda, derňew gabawhanasynda we düzediş edaralarynda bolýan adamlar şol edaralaryň başlyklaryna yüz tutulyp bilner.

34. Wesýetnama wekiliň üstü bilen düzülip bilinermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1105-nji maddasyna laýyklykda, wesýetnamany wesýet edijiniň özi düzmelidir. Wekiliň üsti bilen wesýetnama düzmäge ýol berilmeýär.

35. Wesýetnama tassyklananda (düzülende) şaýatlar gatnaşdyrylyp bilnermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1116-njy maddasyna laýyklykda, wesýetnama wesýet ediji tarapyndan ýazylyp we gol çekilip, döwlet notariusy ýa-da ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanmalydyr. Ýagny, wesýetnama wesýet ediji tarapyndan ýazylanda şaýadyň gatnaşmagynyň zerurlygy ýokdyr. “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnama tassyklananda wesýet edijiniň islegi boýunça şaýatlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1120-nji maddasyna laýyklykda, eger wesýetnama wesýet edijiniň dilinden döwlet notariusy tarapyndan ýazylan ýagdaýynda, ýa-da wesýet ediji ker-lal ýa-da ol ker-lal we sowatsyz bolan ýagdaýynda iki sany şaýadyň gatnaşmagy, wesýet ediji kör ýa-da sowatsyz bolanda üç sany şaýadyň gatnaşmagy zerurdyr.

36. Wesýetnama tassyklananda kimler şaýat bolup bilmezler?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1121-nji maddasyna laýyklykda, kemala gelmedik, kämillik ukyby bolmadyk şahslar, wesýetnama boýunça mirasdarlar we olaryň ata-babalaryna barýan hatar boýunça we şolardan tä soňky nesle çenli boýunça garyndaşlary, uýalary, doganlary, äri-aýaly we wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy wesýetnamanyň şaýatlary bolup bilmezler.

Şeýle hem “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 61-nji maddasyna laýyklykda, notarial hereketleri özleriniň peýdasyna amala aşyrylýan adamlar şaýatlar bolup bilmezler.

37. Wesýet ediji ýok emlägi wesýet edip bilermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1090-njy maddasyna laýyklykda, miras galdyryjy wesýetnama düzlen wagty heniz onda bolmadyk emlägi, mirasyň ýüze çykan pursatyna çenli onuň eýeçiliginde boljak şeýle emlägi wesýetnamada göz öňünde tutup biler.

38. Wesýet ediji ätiýaçlyk üçin mirasdar belläp bilermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1129-njy maddasyna laýyklykda, wesýet edijiniň bellän mirasdary miras ýüze çykýança aradan çyksa ýa-da mirasy almasa ýa miras hukugyndan mahrum edilen bolsa, şeýle ýagdaý üçin wesýet ediji wesýetnamada beýleki mirasdary (ätiýaçlyk) belläp biler.

39. Notarial taýdan tassyklanan wesýetnama üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilinermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1157-nji maddasyna laýyklykda, wesýet ediji ozalky wesýetnamany ýa-da onuň täze wesýetnama ters gelýän bölegini gös-göni ýatyrýan täze wesýetnamanyň düzülmegi bilen ýa-da döwlet notarial edarasyna arza hödürlemek bilen hemişe üýtgedip ýa-da ýatyryp biler.

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wesýetnamany üýtgetmek ýa-da ýatyrmak barada arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydyr.

40. Mirasdary mirasdan mahrum etmegiň tertibi barada düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1113-nji maddasyna laýyklykda, wesýet ediji kanun boýunça mirasdarlaryň birini, birnäçesini ýa-da ählisini wesýetnama boýunça mirasdan mahrum edip biler we şony esaslandyrmaga borçly däldir. Şu halatda döwlet notariusy tarapyndan wesýet edijä Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1130-njy maddasy esasynda, mirasdarlaryň hökmany paýa bolan hukugynyň bardygy düşündirilýär.

Agzalan kodeksiň 1140-nji maddasyna laýyklykda, hökmany paýa bolan hukukdan mahrum etmek, umuman mirasa bolan hukukdan mahrum etmäge getirýär.

Hökmany paýy almaga bolan hukukdan mahrum etmek miras galdyryjynyň heniz diri mahalynda kazyýete ýüzlenmegi arkaly geçirilip bilner.

Hökmany paýy almak hukugyndan mahrum etmek hakynda kazyýet tarapyndan çykarylan çözgüt miras ýüze çykan pursatyndan hereket edýär. Şonuň ýaly netije miras galdyryjy heniz diri mahalynda kazyýete ýüz tutanda gelip çykýar, emma çözgüt ol aradan çykandan soň kabul edilýär.

41. Wesýetnama barada maglumat kime berilip biliner?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda, wesýetnama barada maglumatlar wesýet edijiniň diri wagtynda onuň özüne berilýär, wesýet ediji ölenden soň bolsa, wesýet edijiniň mirasdarlaryna berilýär.

42. Adwokatlyk işi näme?

Adwokatlyk işi adam hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetde kanunylygyň berjaý edilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen adwokatyň kanunda bellenilen tertipde berýän professional ýuridik kömegi bolup durýar.

Adwokatlyk işi telekeçilik işi däldir we adwokatyň ýuridik kömegi bermek bilen alýan tölegi onuň zähmet hak tölegi bolup durýar.

43. Adwokatlar tarapyndan haýsy ýuridik kömekleri berilýär?

Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:

1) dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär;

2) arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär;

3) raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär;

4) dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet, anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa-da oňa wekilçilik edýär;

5) döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem-de fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär;

6) Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär;

7) ynanyjynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa-da raýatlary bilen bolýan hukuk gatnaşyklarynda kömek berýär;

8) bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle-de daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär.

44. Adwokatlar tarapyndan ýuridik kömegi tölegsiz berilip bilinýärmi?

Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär:

1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;

2) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplygy bolan adamlara, pensionerlere, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;

3) pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;

31) adam söwdasynyň pidasy statusy berlende;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

45. Haýsy ýagdaýlarda adwokatyň işe gatnaşmagy hökmany bolup durýar?

Anyklaýyş, deslapky derňew geçirilende we kazyýet seljerişinde şu aşakdaky işler boýunça adwokatyň gatnaşmagy hökmanydyr:

1) güman edilýän, aýyplanýan ýa-da kazyýetde işi seredilýän bu barada haýyş eden mahalynda;

2) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça;

3) lallaryň, kerleriň, körleriň we beden ýa-da akyl taýdan ýetmezçilikleri zerarly özlerini goramak hukugyny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän adamlaryň işleri boýunça;

4) aýyplanýany ýatymlaýyn psihiatriýa bilermenler seljermesine ugratmak hakyndaky meselä seredilen mahalynda;

5) kazyýet önümçiliginiň ýöredilýän dilini bilmeýänleriň we sowatsyzlaryň işleri boýunça;

6) goralýan bähbitleri biri-birine çapraz gelýän adamlaryň işleri boýunça, eger olaryň haýsydyr biriniň adwokaty bar bolsa;

7) anyklaýjy, sülçi, prokuror, kazyýet ýa-da kazy, jenaýat eden mahaly kämillik ýaşyna ýetmedik, ýöne anyklaýşyň, deslapky derňewiň ýa-da kazyýet seljerişiniň dowamynda kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň işleri boýunça we özlerini goramak hukugyny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän ýa-da amala aşyrmakda kynçylyk çekýän adamlaryň işleri boýunça adwokatyň işe gatnaşmagyny zerur hasap edende;

8) aýratyn agyr jenaýatlary etmekde güman edilýän, aýyplanýan ýa-da kazyýetde işi seredilýän adamlaryň işleri boýunça;

9) aýyplanýan barada ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag etmek ulanylan mahalynda;

10) lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak hakyndaky işler boýunça;

11) işiň kazyýetde seljerilmegine döwlet aýyplaýjysy gatnaşanda.

46. Ýuridik kömegini almak üçin adwakat bilen şertnama baglaşylmagy hökmanymy?

Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

Şertnamada şular görkezilmelidir:

1) tabşyrygy ýerine ýetirýän adwokat baradaky we ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň şahsyýetine degişli maglumatlar;

2) tabşyrygyň mazmuny;

3) ýuridik kömek üçin tölegiň şetleri we möçberi;

4) adwokatyň tabşyrygy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly goşmaça tölegler;

5) adwokatyň şertnamany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jogapkärçilikleri.

47. Jenaýat kazyýet önümçiligine adwokatyň gatnaşmagynyň tertibini düşündirseňiz?

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, adamyň güman edilýän hökmünde sorag edilen, jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanylan, aýyp bildirilen pursadyndan ýa-da aýyp bildirilýänçä ol barada tussag etmek görnüşindäki ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan halatynda bolsa, tutulyp saklanylan ýa-da tussag edilen pursadyndan başlap ýigrimi dört sagatdan gijä goýman şol adama tutup saklamagyň teswirnamasynyň ýa-da şol ätiýaçsyzlandyryş çäresiniň ulanylandygy hakyndaky kararyň yglan edilen pursadyndan başlap adwokat işe gatnaşmaga goýberilýär.

Güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň ýa-da jebir çekeniň kanuny bähbitlerini goraýan hökmünde adwokatlar, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri – şu birleşikleriň agzalarynyň işleri boýunça çykyş edip bilerler. Adwokat hökmünde kanuny bähbitleri goralýanyň ýakyn garyndaşlary we beýleki wekilleri hem işe gatnaşdyrylyp bilner.

Adwokat işe gatnaşmak üçin güman edilýän, aýyplanýan ýa-da kazyýetde işi seredilýän tarapyndan, olaryň kanuny wekilleri, şeýle hem güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň tabşyrygy boýunça ýa-da olaryň razylygy bilen başga adamlar tarapyndan çagyrylýar. Güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň haýyşy boýunça adwokatyň işe gatnaşmagy anyklaýjy, sülçi, prokuror ýa-da kazyýet tarapyndan üpjün edilýär.

48. Adwokatdan ýüz dönderilip bilnermi?

Güman edilýän, aýyplanýan, kazyýetde işi seredilýän iş boýunça önümçiligiň islendik pursadynda adwokatdan ýüz döndermäge haklydyr. Şunuň ýaly ýüz döndermäge güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň diňe öz başlangyjy boýunça ýol berilýär we munuň özi döwlet aýyplaýjysynyň, şonuň ýaly-da beýleki güman edilýänleriň, aýyplanýanlaryň, kazyýetde işi seredilýänleriň adwokatlarynyň işe gatnaşmagyny dowam etmegi üçin päsgelçilik bolup bilmez.

Adwokatdan ýüz dönderilen halatynda anyklaýjy, sülçi we prokuror bu barada teswirnama düzýär, kazy karar, kazyýet bolsa kesgitnama çykarýar.

Güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň maddy ýagdaýy sebäpli adwokatdan ýüz döndermegi kabul edilmeýär. Ozal bildirilen adwokatdan ýüz döndermek güman edilýäni, aýyplanýany, kazyýetde işi seredilýäni mundan beýläk adwokatyň gatnaşmagynda özüni aklamak hukugyndan mahrum etmeýär.

49. Miras hukugynda hökmany paý düşünjesi näme?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1130-njy maddasyna laýyklykda, hökmany paý – miras galdyryjynyň çagalaryna, onuň ene-atasyna we ärine (aýalyna) wesýetnamanyň mazmunyna garamazdan kanun boýunça miras edinmekde olara degişli paýyň ýarysyny düzmeli bolan paýdan ybaratdyr.

50. Wesýetnama tassyklananda (düzülende) haýsy resminamalar talap edilýär?

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetini anyklamak onuň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan pasportynyň ýa-da beýleki resminamalarynyň esasynda geçirilýär. Kämillik ukyby bolan adamlaryň Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň talaplaryna laýyklykda düzülen we olaryň hut özleri tarapyndan berlen wesýetnamalary tassyklanylýar. Wesýetnama tassyklananda wesýet edijiden onuň wesýet edilýän emläge bolan hukugyny tassyklaýan subutnama bermegi talap edilmeýär. Şol sebäpli, wesýetnama tassyklananda wesýet edijiniň öz ýanynda pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) bolmagy ýeterlikdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Adalat Ministrligi

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny Saýlady

Ýaşlar Milli Ösüşiň Medeni Kuwwatyny Artdyrýar

syrach

Microsoft Kompaniýasy – Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy