18.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Microsoft Kompaniýasy – Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

Microsoft Kompaniýasy - Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny hem-de durmuş ulgamlaryny informatizasiýalaşdyrmak ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy wezipelerini kesgitläp, halkara hyzmatdaşlygy we bu ulgamda daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň hem-de guramalarynyň tejribesini peýdalanmagy ilkinji orna çykarýar.

Dünýäniň iň iri maglumat tehnologiýalary korporasiýalarynyň biri bolan “Microsoftyň” Türkmenistanda resmi wekilhanasyny açmak barada 2015-nji ýylyň awgustynda kabul eden çözgüdi kompaniýanyň bilermenleri tarapyndan ýurdumyzyň okgunly ösýän bazarynyň geljegine geçirilen deslapky seljermelere hem-de berlen ýokary baha, bu bazarda ýokary tehnologiýaly netijeli çözgütlere isleg bildirilişine esaslandy.

Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi, milli Liderimiziň döwrebaplaşdyrylan ylmy-tehniki, ulag we senagat strategiýasy babatda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşyklydyr. Maglumat tehnologiýalar bazarynyň ösüşiniň beýleki bir ýagdaýy ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyndan ybarat boldy.

Aşgabatda edarasynyň açylmagy bilen kompaniýa buýrujylary we hyzmatdaşlary iň täze maglumat tehnologiýalary babatda bilim bermek, türkmenistanlylary öňdebaryjy programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrmak, esasy pudaklaryň innowasion ösüşini goldamak boýunça işini işjeňleşdirdi.

Kompaniýa bilim ulgamynda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri öňe ilerletmekde goşant goşmaga çalşyp, bilim berlişini kämilleşdirmäge, ulgama täze çemeleşmeleri we usullary ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jemgyýeti informatizasiýalaşdyrmak meselelerini gozgap, şunuň bilen baglylykda, kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan başlap, ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny güýçlendirilen depginde özleşdirmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Maglumat tehnologiýalary pudagyny üstünlikli ösdürmek üçin ýurdumyzda toplumlaýyn çemeleşme, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak zerurdyr. “Microsoft” kompaniýasy Türkmenistanyň degişli ugurly ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna öňdebaryjy programma önümleriniň: Windows Azureniň bulutly serişdesiniň, Microsoft Visual Studio hem-de önümçiligiň dolandyrylyşyny has-da işjeňleşdirmäge we gowulandyrmaga kömek edýän ulgam bolan Microsoft Dynamics programma üpjünçiligini we goşundylaryny döretmek üçin toplumyň öwrenilmegini ornaşdyrmagy teklip edýär. Innowasion tehnologiýalara elýeterlilige eýe bolup, geljekki hünärmenler olary öz alyp barýan işlerinde peýdalanyp bilerler hem-de ýurdumyzyň durmuş we ykdysady ösüşine gatnaşmaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy başararlar.

Sport ulgamy hyzmatdaşlyk etmegiň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Aýratyn-da, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly möçberli çäre bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini nazara alanyňda, bu ugur aýratyn möhümdir. Kompaniýa özüniň programma önümlerini peýdalanmak arkaly paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň düzümlerini guramaga gatnaşýar.

“Microsoftyň” programma çözgütleriniň 2014-nji ýylda Soçide Olimpiada hem-de “Baku Games 2015” Ýewropa oýunlary geçirilende peýdalanylandygyny bellemek gerek. Kompaniýa dürli döwletleriň hökümetleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribä eýedir hem-de häzirki günde özüni Türkmenistanyň geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezýär.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda onuň diwarlygy maglumat tehnologiýalary hyzmatlarynyň prowaýderlerini hem-de sarp edijilerini özünde birleşdirýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel” 10-njy halkara sergisinde görkezildi. Onda täze programma önümleri çykaryldy.

Kompaniýa öňdebaryjy IT-tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça okuw maslahatlaryny hem yzygiderli geçirýär. Şu ýylyň martynda Aşgabatda kompaniýanyň guran okuw maslahatynda dürli derejedäki dolandyryş düzümleriniň netijeli iş dolanyşygyny üpjün etmek üçin O365 iň täze programma üpjünçiligi görkezildi. Mundan başga-da, ýurdumyzda ösdürilmegine uly ähmiýet berilýän telekeçiligi goldamak babatda kompaniýa dürli maslahat beriji taslamalaryny işläp taýýarlaýar, diňe standart önümleri däl-de, eýsem, işewür çärelerini guramak boýunça ýörite işleri hödürleýär.

Bikanun programma üpjünçiliginiň ýaýradylmagyny azaltmaga gönükdirilen öňüni alyş çäreleri hem möhüm bolup durýar. Belli bolşy ýaly, birugsat programma önümleri ulanýanlar üçin uly töwekgelçilik döredýär. Bu ýerde gürrüň maliýe galplygyna, maglumatlaryň ýitmegine, gizlinligiň bozulmagyna, şeýle hem IT ulgamlarynyň bozulmagyna getirmäge ukyply içaly maksatnamalar we wiruslar hakynda barýar.

Kompaniýa maslahatlary, korporatiw kiberhowpsuzlygy boýunça “tegelek stollary” yzygiderli geçirmek boýunça türkmen kärhanalaryna we guramalaryna maslahat beriji kömegi etmek bilen, “Microsoft” önümlerini oturtmagy teklip edýär. Olar düýpli tehniki, maliýe zyýanyny ýa-da hukuk töwekgelçiligini döredip biljek birugsat we zyýanly programmalaryň ornaşdyrylmagyny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň kanunçylyk derejesinde awtorlyk hukuklaryny goraýandygyny bellemek gerek. Munuň özi dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň abraýyny we milli ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny goldamak bilen gös-göni baglydyr.

2012-nji ýylda “Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol ylym, edebiýat we sungat eserlerini döretmek hem-de peýdalanmak (awtorlyk hukugy) ýerine ýetirmek, fonogrammalary we wideogrammalary, gepleşikleri guramak (garyşyk hukuklar) bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. 2016-njy ýylda ýurdumyz edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern konwensiýasyna goşuldy.

Bu halkara namasy daşary döwletlerde awtorlaryň bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär hem-de Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy tarapyndan kadalaşdyrylýar. Ylmy, tehniki ösüşiň intellektual işiň düýbünden täze netijeleriniň, has takygy, kompýuter programmalarynyň, maglumatlar binýadynyň we beýlekileriň döremegine getirmegi, ýola goýlan halkara hukuk tejribesine laýyklykda, kompýuter programmalary hem edil edebi eserler ýaly goralýar.

Maglumat tehnologiýalary senagatynyň ýokary depginler bilen ösmegi üçin şertleriň tutuş toplumy zerurdyr. Birinjiden, bu ykdysadyýetiň durnukly ösmegidir. Durnukly depginlerini saklaýan türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depginleri ýurdumyzda IT bazarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ikinjiden, statistik maglumatlar ilatyň jan başyna düşýän kompýuterleriň sanynyň, Internet ulanyjylaryň, ykjam telefonlaryň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzir ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzda kompýuterleriň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlar. Munuň özi Türkmenistanda maglumatlar tehnologiýalary pudagynyň sazlaşykly ösmegine ýardam eder.

Degişli makalalar

Hazaryň kenarýaka zolagynda gaz gysyjy täze desga

syrach

Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny Kabul Etdi