10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
DÜNÝÄ

Indoneziýanyň Ýolagçy Uçary Ýitdi

Ýolbaşçylar uçarda 49 ýolagçynyň we 5 ekipažyň bardygyny habar berdiler.
Indoneziýanyň Milli gözleg we halas ediş gullugy uçar bilen aragtnaşygyň kesilendigini mälim etdiler.
Resmiler uçar bilen aragatnaşygyň ýurduň gündogaryndaky Papua sebitinde kesilendigini aýdýarlar.
Ýurt içi gatnawlaryny amala aşyrýan uçarda 5-i çaga 49 ýolagçy bardy.
Indoneziýada uçar heläkçilikleri ýygy-ýygydan bolýar.
Soňky gezek ýurdyň harby howa güýçlerine degişli uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 100-den gowrak adam ýogaldy.

Geçen ýyl Indoneziýadan Singapura giden ýolagçy uçar içindäki 155 ýolagçysy we 7 ekipažy bilen dereksiz ýitipdi. Ýiten ýolagçy uçaryň bölekleri Ýawa deňizinde tapylypdy.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Russiýa S-300 Roketa Ulgamlaryny Eýrana Berer

syrach

Futbol Taryhynyñ Iñ Gowy Derwezebany Kim?

Migrasiýa Boýunça Halkara Guramasynyň Wekili Bilen Onlaýn Duşuşyk