16.04.2026
DÜNÝÄ

Russiýa S-300 Roketa Ulgamlaryny Eýrana Berer

Dubaýdaky ýarag sergisinde beýanat beren Russiýanyň ýarag firmasy Rostekiň başlygy Sergeý Çimezow ýaraglaryň ugrdaylmagy bilen baglanşykly ylalaşyga gol çekilenden soň, resmi Tähranyň Ženewadaky Halkara kazyýetde Russiýa garşy gozgan 4 milliard dollarlyk kazyýet işini yzyna aljakdygyny mälim etdi.
Çimezow S-300 roketa ulgamlarynyň haýsy wersiýasyny we haçan ugradyljakdygy barada bolsa maglumat bermedi.
Russiýa bilen Eýran 2007-nji ýylda 5 sany S-300 roketa ulgamynyň satuwy baradaky ylalaşyga gol çekişipdi. 
Eýran ylalaşyga laýyklykda 800 million dollaryň 166 million dollaryny göni nagt töläpdi.
Emma 2010-njy ýylda BMG-nyň karary bilen Russiýa roketalaryň Eýrana tabşyrylmagyny soňa goýupdy.

Eýran bilen Günbatar döwletleriň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan soň, Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin roketalaryň Eýrana tabşyrylmagynyň öňüni açypdy.

trtturkmen 

Degişli makalalar

24-25-nji Fewralda Dubaý Şäherinde “TOPH Gaz Geçirijisi Parahatçylygyň we Hyzmatdaşlygyň Gaz Geçirijisidir” Atly Halkara Maslahaty Geçiriler

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly Senesi Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti: AHHG Merkezi Aziýada Hyzmatdaşlyk Üçin Ygtybarly Meýdança Bolar