22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
TEHNOLOGİÝA

Infomatrix-2015

Türkmen mekdep okuwçylary Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen «Infomatrix-2015» Halkara taslama olimpiadasynda medallaryň 8-ni eýelediler. 

Bu intellektual bäsleşigine dünýäniň ýurtlarynyň 50-den hem gowragyndan 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Ýaş programmaçylar emin agzalaryna 350 sani bilelikdäki we aýratynlykdaky taslamalary görkezdiler. Onuň dowamynda işleriň 2500-si (!) saýlanyp alyndy 

Her ýylda geçirilýän programmalaşdyrmak we kompýuter tehnologiýalary ulgamynyň innowasion taslamalaryň ylmy gözden geçirilişinde ýurduň dürli künjeginden ýokary synp okuwçylarynyň sekizisi Türkmenistana wekilçilik etdi. 

Aýratyn zehinliler üçin Döwlet mekdep-internatynyň uçurymy Ahmet Paýtykow we Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň onunjy synp okuwçysy kümüş medala mynasyp boldular. 

Paýtagtymyzyň bu mekdebiniň ýene-de bir okuwçysy Kakageldi Ataýew bürünç baýraga mynasyp boldy. Ýene-de bürünç medallaryň bäşisine aşgabadyň orta ýöriteleşdirilen 28-nji we 29-njy mekdepleriň okuwçylary degişlilikde Hojamyrat Sähedow we Süleýman Rejepow, şeýle hem Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň 2-nji ýöriteleşdirilen orta okuw mekdebiniň okuwçylary Garly Abdullaýew we Arap Annageldiýew, şeýle hem Mary welaýatynyň ýöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Mekan Paltaýew mynasyp boldular. 

Türkmen mekdep okuwçylary tarapyndan işlenilip taýýarlanylan programmalar gan donorlary üçin maglumat “wirtual” binýadyny emele getirmek we okuw döwründe häzirki zaman elektron ulgamlarynyň dolandyrýan “akylly mekdebi” döretmäge gönükdirilendir. Beýleki awtorlaryň arasynda – çaltlandyrylan lukmançylyk kömegini bermek üçin “tiz kömek” elektron ugruny işläp taýýarlamak, şeýle hem kompýuter oýunlary we animasiýalar arkaly programmalaşdyrmagy okatmak üns merkezinde boldy. Ýaş türkmen programmaçylarynyň «INFOMATRIX-2015» olimpiadasynda gazanan üstünlikleri ýurduň intellektual gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Umumylykda şu ýyl abraýly halkara olimpiadalarynda biziň mekdep okuwçylarymyza baýraklaryň 89-sy gowşuryldy, olaryň – 32-si altyn, 34-si – kümüş we 23-si bolsa bürünç medallardyr.

Degişli makalalar

Internetiň Her Bir Raýat Üçin Elýeterli Bolmagy

syrach

HNGU-nyň Selektiw Pakerleri Nebit Guýularynyň Öndürijiligini Artdyrmaga Ýardam Eder

Gazy Gaýtadan Işleýiş Müdirligi Mawy Ýangyjyň Önümçiligini Ýokarlandyrýar