21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistanyň deňiz flotuna «Bitarap» atly täze tanker goşuldy

Hazaryň kenaryndaky şäheriň halkara deňiz portuna «Bitarap» atly tanker geldi, ol aňrybaş derejeli döwrebap gämileriň ýene-de biri bolup, milli deňiz flotunyň üstüni ýetirdi. Bu gäminiň ady ýakynda bellenilen şanly senäniň—Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 15 ýyllygynyň örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär, ony garşylamak dabarasyna Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň ýolbaşçylary, kenar ýakasyndaky şäheriň giň jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ulag pudagyny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, şol sanda deňiz arkaly ýük daşamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň möhüm ähmiýetli düzümi hasaplanýar, bu syýasat türkmen ykdysadyýetiniň serişdeler babatdaky ägirt uly mümkinçiliginden we ýurdumyzyň geografiki taýdan ýerleşişiniň artykmaçlyklaryndan has netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanynyň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, nebit we nebit önümlerini, şeýle hem himiýa senagatynyň önümlerini daşamaga niýetlenen tankeri satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň baglaşan şertnamasy ýurdumyzyň söwda gämileriniň flotuny düýpgöter özgertmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

«Bitarap» atly köpugurly tankeriň ýük göterijiligi 4450 tonna barabardyr, ol Hazarda himiki önümleri daşaýan ýeke-täk tanker bolup durýandygy üçin däl-de, eýsem beýleki ähli ölçegler boýunça hem özboluşly hasaplanýar. Tanker kuwwatly energetiki desgalar, ähli tehniki serişdeler, täze elektron enjamlar bilen üpjün edilendir. Hemra arkaly aragatnaşygyň global ulgamy, has kämil nawigasion enjamlar gämä islendik howa şertlerinde ýalňyşman, öz ugry boýunça ýüzmäge mümkinçilik berýär. Gäminiň umumy möçberi 5159 kubmetre barabar bolan ýük tanklarynyň 14-si bar. Tankeriň uzynlygy 92 metre golaýdyr, onuň ini—15,7 metr, bortuň boýy bolsa—7,8 metre barabardyr. Dolulygyna ýüklenen ýagdaýynda gämi sagatda 11,5 deňiz uzeline çenli tizlikde ýüzmäge ukyplydyr.

Ýeri gelende aýtsak, tanker deňziň kenarynyň boýunda, şeýle hem uzak ýerlere çenli ýüzmäge ukyplydyr. Ol 20 gije-gündiziň dowamynda portlara girmän deňizde oňup bilýär. Onuň ekipaży bary-ýogy 13 adamdan ybaratdyr. Türkmenistanda himiýa industriýasynyň sazlaşykly ösdürilýändigini göz öňünde tutup aýdanyňda, şunuň ýaly gämileriň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir, çünki himiýa senagaty ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda uly isleg bildirilýän önümleriň uly toplumynyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli ýagdaýda artdyrýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, ozal türkmen deňizçileriniň ygtyýaryna nebit guýmak üçin niýetlenen «Hazar», «Sumbar» we «Jeýhun» atly kuwwatly tankerleriň 3-si gelip gowuşdy, bularyň ýük göterijiligi 7 müň tonna we şondan-da köpdür. Häzirki wagtda bu gämiler Hazaryň türkmen kenarynyň boýunda ýük daşamakda ulanylýar, bular Alaja we Ekerem atly türkmen portlaryndan çig nebiti Kenar şäherçesindäki nebit guýulýan terminala daşaýarlar, şol ýerden bu önüm Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ýetirilýär. Galyberse-de, tankerler Russiýanyň Mahaçkala şäherine, Eýranyň Enzeli we Neka portlaryna yzygiderli gatnap, daşary ýurtly sarp edijilere dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini, mazuty we beýleki nebit önümlerini getirýärler.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky halkara deňiz porty hem uly möçberli özgertmeleriň bosagasynda dur. Oktýabr aýynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Halkara Abatlaýyş we Ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek barada gol çekilen Ähtnama laýyklykda, deňiz duralgasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ABŞ-niň 60 milliondan gowrak dollary gönükdiriler. Şeýlelikde ýakyn geljekde Hazar kenarynda täze, has kämil tehnika bilen üpjün edilen, ähli ölçegler boýunça Türkmenistanyň esasy «deňiz derwezesi» diýen belent derejesine hem-de Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň iri üstaşyr çatrygyna laýyk gelýän derejeli port dörediler.

Däp boýunça, Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna gelen «Bitarap» atly tankeriň ekipażynyň agzalary duz-çörek bilen garşylanyldy. Asyrlar boýy dowam edýän milli däbe görä, din wekilleri, ýaşulular doga-dileg edip, gäminiň uzak wagtlap zähmet ýoluny geçmegine ak pata berdiler. Duralgada bolsa deňziň ýakasynda ýerleşýän şäheriň täsirli konsert taýýarlan döredijilik toparlary deňizçileri aýdym-saz we tans bilen garşyladylar.

Bu dabara tamamlanan soň şanly waka mynasybetli, ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi. 

referans: www.türkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Häzirki Zaman AÝGB-leriň Gerimi Artýar

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi

Ýurdumyzda Öýler we Senagat Binalary Üçin LED-lampalaryň Iki Milliona Golaýy Öndürildi