19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Türkmennebit» DK-nyň Serwis Hyzmaty Boýunça Müdirligi: Meýilnamadan Ep-Esli Öňde

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Serwis hyzmaty boýunça müdirligi guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatlaryň giň toplumyny amala aşyrýar. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleriň işi we iş prosesleriniň netijeli gurnalmagy hem hut şu ugra gönükdirilendir.

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen puluň möçberi 4 mln 734 müň manada deň boldy, şol wagtda meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi 108,8 göterim boldy.

Häzirki wagtda bu ýerde dürli hünärli 530-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär. Önümçilik möçberlerini artdyrmak üçin häzirki zaman çözgütler, barlag-ölçeg enjamlary, awtomatlaşdyrylan ýokary tehnologiýaly enjamlar we tehnikalar peýdalanylýar.

Hünärmenler elektrik enjamlarynyň we gurluşlaryň ýokary hilli gurnalmagyny, howa liniýalarynyň montažyny we oturtmasyny, kuwwatly hereketlendirijileriň, transformatorlaryň abatlaýyş we oturtmak işlerini we beýlekileri amala aşyrýarlar. Müdirligiň işgärleri häzirki zaman ölçeg enjamlaryna, Körpeje känindäki «Çaloýuk» ölçeg bekedindäki enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler.

Müdirligiň dispetçorlyk gullugy diňe bir meýilnamalaýyn we adatdan daşary tehniki hyzmaty etmek bilen çäklenmän, eýsem, «Türkmennebit» DK-nyň bölümlerine getirilýän tehnikalaryň we enjamlaryň fakt ýagdaýyny bahalandyrýarlar. Hünärmenleriň arasynda her hepdede tehniki howpsuzlyk boýunça gözükdirmeler geçirilýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Baýramçylygyň öňýanyndaky jaý toýlarynyň gerimi giňeýär

syrach

Söweş Sungatlarynyň Bütindünýä Oýunlarynyň Komiteti Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Gyzyklanma Bildirdi

Daşoguz Welaýatynyň Mekdeplerinde Öwrenilýän Daşary Ýurt Dilleriniň Sany Artýar