21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YKDYSADYÝET

İspaniýa ykdysady krizise garşy göreşýär.

İspaniýa ykdysady krizise garşy göreşýär.

İspaniýada işsizleriñ sany ýokarlaýar. Banklaryñ uly bergä batan döwründe hökümet täze tygşytlylyk çäreleri bilen krizisiñ çuñlaşmagynyñ öñini almaga çalyşýar, emma ýetmeýär.

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moddýs İspaniýaly 16 bankyñ uzak möhletli kredit balyny aşaklatdy.

Milliardlarça ýewrolyk bergä batan, Ýewro sebitinde işsizleriñ sanynyñ iñ köp bolan ýurdy İspaniýa bankrotdan halas bolmagyñ ýollaryny gözleýär.

Ýurtda işsizleriñ sany 6 milliona çenli baryp ýetdi.

Premýer ministr Mario Rahoýyñ ýolbaşçylygyndaky hökümet saglygy goraýyş we bilim pudagynyñ bujetleriniñ 10 milliard ýewro azaldylmagyny öz içine alýan täze tygşytlylyk bukjasyny Mejlise hödürledi.

Mejlisde tassyklanan tygşytlylyk bukjasyna laýyklykda saglygy goraýyş pudagynyñ bujetinden 7 milliard, bilim pudagynyñ bujetinden hem 3 milliard ýewro kesiler.

Tygşytlylyk bukjasyna oppozisiýa bilen kärdeşler arkalaşyklary berk garşylyk görkezýär. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

«Uzynada» Nebitgazly Ýatagyny Özleşdirmekde Innowasion Çözgütler Ulanylýar

Cifal Türkmenistandaky Täze Maýa Goýum Taslamalaryna Gatnaşmaga Gyzyklanma Bildirýär

turkmenhabargullugy

Türkmenabat –“Farap” Gümrükhana Nokady Ýolunyň Ugrunda Täze AÝaGB Açyldy

turkmenhabargullugy