19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň netijesinde nebit önümleriniň möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýalar konsorsiumy bilen kuwwaty ýylda 2 million tonna mazudy wakuumda gaýtadan işleýän, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazdan awtomobil benzini üçin ýokary oktan goşundysyny alýan, 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini ýokary oktan goşundysyna öwürýän hem-de 2,3 million tonna benzini garýan desgalaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada şertnamany işlere 2012-nji ýylyň maý aýynda başlap, desgalary 2015-nji ýylyň maý aýynda doly taýýar edip ulanmaga tabşyrmak şertinde öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony girdejili pudaga öwürmek, şeýle hem geologiýa-gözleg işlerini halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hakyndaky Düzgünnama, şu korporasiýanyň edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Korporasiýanyň ýanynda geologiýa babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy bolan, ýerasty suw ýataklaryna gözegçiligi amala aşyrýan hojalyk hasaplaşygyndaky Döwlet geologiýa-gözegçilik gullugyny bellenen tertipde döretmäge borçly edildi.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň meýilnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan, GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň nobatdaky maslahatyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji maslahatyny 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda medeniýetde, ylymda we bilimde gazanylan üstünlikler bilen halkara jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak, şeýle hem halkara medeni we ylmy gatnaşyklary has-da ösdürmek arkaly Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de wagyz etmek işlerini ösen döwrüň talaplaryna laýyk ýaýbaňlandyrmak, Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti baradaky ylmy binýady has-da pugtalandyrmak we Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler bilen özara medeni gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň 6-njy iýunynda Mary şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň meşhur alymlarynyň gatnaşmagynda “Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahytyny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine halkara maslahatyny talaba laýyk guramagy hem-de geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Türgenleri Halkara Ýaryşlarda 23 Medal Gazandylar

Ýylyň parlak ýyldyzy.

syrach

Türkmen Dokma Senagaty: Däpler we Täzelikler

turkmenhabargullugy