14.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Jaz, fank we latino – ýurduň konsert…

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň „Sungatyň wekilleri” maksatnamasynyň çäklerinde Täze Orleandan „Şamar Allen we Anderdogz” fýuži-jaz topary Türkmenistana çykyş etmek üçin geldi. Bu topar 4-nji iýulda bellenilýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsylyk güni mynasybetli Türkmenistanda saz maksatnamasy bilen çykyş eder. 

Ýurduň döredijilik boýunça meşgullanjak hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaşlar, çagalar-sagaldyş merkezlerinde dýnç alýanlar üçin bu „Şamar Allen we Anderdogz” toparynyň sazandarlary birnäçe tanyşdyrylyşy we master-klasy geçirerler. ABŞ-dan gelen myhmanlar eýýäm Balkanabatda köpçülik üçin niýetlenen konsert bilen çykyş etdiler, 3 we 4-nji iýulda bolsa, Daşoguzda we Aşgabatda çykyş ederler. 

Toparyň ýolbaşçysy Şamar Allen hem surnaýçy, hem wokalistdir. Toparyň saz çalyşy jazyň, frankyň we latin ritmleriniň garyşyk sazlaryna esaslanýar. Bu topar öz ýurdunda meşhurdyr, indi bolsa türkmenistanlylar hem onuň saz çalyş usuly bilen tanyş bolarlar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär-Seýdiniň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodynyň Direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Maksatnamasy

Kompozitor Nury Muhadowyň Doglan Gününiň Şanly Senesine

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi