18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

“KAMAZ” kompaniýasynyň ýolbaşçylary Aşgabatda

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmek, şeýle hem berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Ministrligiň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany binanyň gurluşygyna 2011-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Ministrligiň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany binanyň gurluşygyna 2011-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,“Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda ”Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony doly enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany binanyň gurluşygynaTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Serdar” kabulhanasynda Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny – “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini, “KAMAZ FTC Corp.” Direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Tkaçenkony we “KAMAZ FTC Corp.” direktory Artur Muraşkini kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutany bilen görşüp, türkmen Liderini halkara sylaglaryna mynasyp bolmagy bilen mähirli we tüýs ýürekden gutladylar, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “KAMAZ-yň” milli we sebitleýin ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Russiýada esasy ýük awtoulaglaryny öndüriji bilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýurda täze häzirki zaman tehnikasyny getirmegiň, şeýle hem “KAMAZ-yň” bilelikdäki kärhanalarynyň täzelikleri, mümkinçilikleri we meýilnamalary bilen tanyşmak üçin türkmen hünärmenleriniň Naberežnyý Çelnä gelmegini guramagyň meseleleri gozgaldy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ylmy-tehniki pikiriň we innowasion tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryna üns bermek bilen, bu ugurda ýeterlik tejribe toplan “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetinden ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly tehnikany almaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Sergeý Kogogin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüniň ýolbaşçylyk edýän awtomobilgurluşyk kompaniýasynyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini netijeli amala aşyrmak maksady bilen, ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.  2011-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabat 2017-Oýunlaryň Resmi Keşbi

turkmenhabargullugy

Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasporty Almak Üçin Gerekli Resminamalaryň Sanawy

Aýry-Aýry Saýlaw Okruglarynda Mejlisiň Deputatlarynyň Saýlawlary Geçirildi

turkmenhabargullugy