21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmek, şeýle hem berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Ministrligiň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany binanyň gurluşygyna 2011-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Ministrligiň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany binanyň gurluşygyna 2011-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,“Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda ”Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony doly enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Türkmen Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany binanyň gurluşygyna 2011-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Ýewropa Bileleşiginiň Arasyndaky Gatnaşyklar Boýunça Maslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy

Täze Zaman Ýaşaýyş Jaý Toplumynyň Açylyş Dabarasy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

syrach