27.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Kapitanlar Çempion Bolmagy Arzuw Edýärler

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňdebaryjylary «Altyn asyr» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky 4-nji tapgyryň duşuşygyndan soň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň habarçysy toparlaryň kapitanlary Zafar Babajanow («Altyn asyr») we Serdar Baýramow («Köpetdag») bilen pikir alyşdy.

«Altyn asyr» toparynyň kapitany Zafar Babajanow oýnuň netijesinden kanagatlanmandygyny, duşuşygyň tamamlanmagyna 10 minut galanda hasabyň deňlenilmeginiň lapyny keç edendigini gürrüň berdi. Z.Babajanow şol bir wagtyň özünde «Altyn asyryň» bu ýyl hem çempion bolmagy maksat edinýändigini sözüniň üstüne goşdy.

«Köpetdagyň» kapitany Serdar Baýramow hem häzirki dowam edýän futbol möwsümi 1-nji orunda tamamlamakdan, ýagny çempion bolmakdan başga pikirleriniň ýokdugyny aýtdy. Şonuň üçin hem «Köpetdagyň» öňdäki oýunlarda has erjel oýnajakdygyna ynandyrdy.

Görşümiz ýaly, komandalaryň kapitanlary çempion bolmagy arzuw edýärler. Olaryň haýsy biriniň mamla boljakdygyny bolsa wagt görkezer.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach

Türkmen Welosipedçileri Belli Tälimçiniň Ýolbaşçylygynda Türgenleşýärler

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy