21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Katarly Basketbolçylar Aşgabat 2017-de Diňe Altyn Medal Üçin Ýaryşarlar

Katarly Basketbolçylar Aşgabat 2017-de Diňe Altyn Medal Üçin Ýaryşarlar

Kataryň sportuň 3×3 basketbol görnüşi boýunça topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna yhlasly we uly ynamly geldi.

Kataryň bu topary 20-nji sentýabrda çarşenbe güni Samoanyň toparyna garşy oýnar. Samoa Oýunlaryň dowamynda Kataryň toparyna garşy çykyş etjek esasy garşydaş bolup durýar.

Olaryň ýyldyz oýunçysy Tanguý Ngombo Aşgabat 2017-de iň görnükli çykyş etjek oýunçylaryň biri bolar. Sebäbi onuň 5×5 basketbol boýunça baý tejribesi bar. Tanguý Ngombonyň “NBA” toparyna saýlanmagy bolsa, onuň toparynyň artykmaç tarapyny görkezýär. Şeýle üstün taraplarynyň bardygyna garamazdan bu toparyň oýunçylary örän kiçigöwünli.

Ngombo: “Biz bu ýere beýik sepgitlere ýetmek üçin geldik. Biz diňe altyn medaly gazanmak üçin dalaş ederis” diýip, öňlerinde goýan maksatlary barada gürrüň beren ussat oýunçy “Biz birnäçe ýaryşda öz ussatlygymyzy görkezdik we uly ynamy gazandyk” diýip, sözüni dowam etdirdi.

Ngombo: “Ýeňiş gazanmak, elbetde, aňsat bolmaz, emma biz muňa örän ynamly” diýip, sözüni jemledi.

Kataryň sportunyň adyndan çykyş edýän kongolezli basketbolçy Al-Raýýan: “Haçan-da, sen açyk we yssy basketbol kortunda ýaryşanyňda dem alyp bilmeýärsiň. Emma biz hem Alýaskadan däl, Katardan gelýäris” diýip degişdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

turkmenhabargullugy

Poçta Aragatnaşygy Hyzmatlarynyň Çägi Giňelýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi