20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Galla Oragynyň Öň Ýanynda Türkmenistana Täze “СLAAS” Kombaýnlarynyň Tapgyry Gelip Gowuşdy

Galla Oragynyň Öň Ýanynda Türkmenistana Täze “СLAAS” Kombaýnlarynyň Tapgyry Gelip Gowuşdy

Türkmenistanda galla oragy başlanmazynyň öň ýanynda dünýä belli “СLAAS” nemes maşyn gurluşyk kompaniýasynyň “TУKAHO 430” kysymly galla orujy kombaýnlaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçirilen täze oba hojalyk tehnikalaryny kabul etmek dabarasyna häkimligiň wekilleri, oba hojalyk işgärleri, mehanizatorlar, hormatly ýaşulular, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.

Milli däbe görä, ýaşuly nesliň wekilleri bu çäre mynasybetli tehnikalara ak un sepdiler, ýüzärlik tütetdiler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçlygynda Türkmenistana gülläp ösüş dileg etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrligi “Umaх Trade GmbH” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň, suw sorujylaryň, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we çykdajy serişdeleriniň
2017-2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana geirmek şerti bilen, olaryň uly tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Ýurdumyza şu görnüşdäki kombaýnlaryň jemi 1 müňe golaýy gelip gowşar. Mundan başga-da, degişli Ylalaşygyň çäklerinde traktorlaryň, azallaryň we ekiş enjamlarynyň uly tapgyry getiriler.

Oba hojalygyny enjamlaşdyrmagyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy netijesinde häzirki wagtda türkmen ekerançylarynyň ygtyýaryna dünýäniň iň häzirki zaman galla orujy we pagta ýygnaýjy kombaýnlary, traktorlaryň dürli görnüşleri, dünýäniň meşhur “Сase”, “New Holland”, “John Deere”, “СLAAS” we beýleki kompaniýalarynyň tehnikalary hem-de enjamlary yzygiderli ýagdaýda gelip gowuşýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyza gelip gowuşýan oba hojalyk enjamlarynyň ähli nusgalary hökmany ýagdaýda ýerli toprak-howa şertlerine laýyklygyna deslapky synagdan geçirilýär. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna bildirilýän üýtgewsiz talapdyr. “TУKAHO 430” kysymly tehnikanyň nusgalary hem meýdan synaglaryny üstünlikli geçip, öz artykmaçlyklaryny görkezdi.

“TУKAHO 430” kysymly galla orujy kombaýnlar kuwwaty 195 at güýjüne deň bolan hereketlendirijiler bilen üpjün edilendir. Şunda ol daşky gurşawy goramak babatynda Ýewropa ülňülerine laýyk gelýär. Ýokary öndürijiliginden başga-da, bu görnüşli kombaýnlar başga-da birnäçe aýratynlyklary, şol sanda bugdaýy ýygnamagyň üznüksizligine hem-de tizligine gözegçilik ulgamy bilen tapawutlanýar. Mehanizator üçin amatly şertler döredilen sürüjiniň iş ornunda oturdylan monitorda ýygnalan hasylyň hiline we mukdaryna, şeýle hem beýleki möhüm görkezijilerine syn edip bolýar. Onda ses we goh geçirmeýän enjamlar bolup, howa awtomatik usulda kadalaşdyrylýar. Tehnikanyň guratlyk derejesini anyklaýjy enjama çenli ähli işlere elektronika arkaly gözegçilik edilýär. Yşyklandyryş ulgamy gijesine işlemek üçin, uzak aralyklaryň ýagtyldylmagyny kepillendirýär. Ýangyjyň sarp edilişiniň üýtgewsizliginde öndürijiligiň 20 göterim ýokarlandyrylmagy kombaýnlaryň bu nusgasynyň esasy artykmaçlygydyr.

“СLAAS” maşyn gurluşyk kompaniýasy yzygiderli ösýär, innowasiýalary ornaşdyrmagyň, önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň, täze nusgalary döretmegiň ýoly bilen öňe barýar. Jemi 70-den gowrak kombaýndan ybarat bolan tehnikalaryň ilkinji tapgyry hojalyklar boýunça paýlanyldy. Ýakyn wagtda täze tehnikanyň ýene 100-den gowragy gelip gowşar.

Tehnikalara hyzmat etmek ähli welaýatlarda döredilen tehniki hyzmat merkezlerinde, şeýle hem ýerlerde amala aşyrylar. Hyzmat merkezleriniň işgärleri Ýewropa ýurtlarynda iş tejribelerini geçdiler. Türkmen hünärmenleriniň bu kompaniýalaryň Türkmenistandaky hyzmat merkezleriniň binýadynda, taýýarlaýjy kärhanalaryň okuw merkezlerinde yzygiderli geçýän okuwlary hem netijeli häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde hem täze tehnikalara sowatly hyzmat etmek boýunça okuwlar geçilýär. Türkmen ekerançylary öz ekin meýdanlarynda kuwwatly tehniklary höwes bilen ulanýarlar, olar bol hasyl almakda, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedirler.

Bularyň ählisi türkmen ekerançylarynyň iş öndürijiliginiň artdyrylmagyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Harytlary

turkmenhabargullugy

Lebap Welaýatynda Ýene Bir Guşçulyk Toplumy Işe Girizildi

turkmenhabargullugy

Türkmen Alabaýy-Özboluşly Tohum Itidir