21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
WİDEO

Kerim Gurbannepesow Bütün Oba Garaşyp Dur

Bütin oba garaşyp:

Bütin oba garaşyp dur.

ýola bakýar hemmeler.

Atasy pyşyrda
ýar:

“Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pyşyrdaýar:

“Gelermikä? Kim biler…”

Atasy göwünlik ber
ýär:

“Geler-le… hökman geler”.

Gök toraňňyň saýasynda

ýüzläp adam dymyp dur.

Çekizeli ak haltadan

Turşy damja damyp dur.

ýygnanyşdy babadaşlar,

Içginler hem daşgynlar.

Ne signal bar, ne şowhun-

Dymyşyp dur maşynlar.

Geldi dürli maşynlar –

Gyzyl, sary,
ýaşyl, ak.

Geldi garaşylma
ýanlar.

Garaşylyan gelenok.

ýä pikir hem etmän

Bu gürrüňler babatda.

Ak guş kimin irkilip,

Ene
ýatyr tabytda.

Göterlerne garaşyp dur

Köpi gören agaç at.

Ene
ýatyr üstünde

Giň maňla
ýly,

Agajet.

Şol enäniň ogluna

Garaşyp dur hemmeler.

Geldi tanyş, nätanyş –

Geldi şondan öňňeler.

…Ol henizem gelenok.

Meger, häzir yoldadyr.

Iň söygüli ulagy

Samol
ýot däl, “Wolgadyr”.

ýöne weli uçurýandyr

Samol
ýota deňeçer.

Şondan yza-ha galmaz,

Oňarsa öňe geçer.

Ol henizem gelenok…

Meger, häzir
ýoldadyr.

ya-da iki eli hem

Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam

Bolup gitdi indi ol.

ýaňy bolsa has ullakan

Bir stula mündi ol.

“Sypaýmasyn birden!” diýip,

Oturandyr
ýapyşyp.

Owadanja gelinler

Çay çek
ýändir çapyşyp.

Üytgeşikdir öňündäki

Kişmiş, kemput, şokolad.

ýa gök çaýyň humaryna

ýazýandyr bir doklad.

ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,

ýazýandyrlar başgalar.

ýaranjaňlar her sözüne

Ellerin çarpyşarlar.

Ol bolsa özi ýazýan dek

Gülümsirär,
ýylgyrar.

ýazanlar onuň deregne

Utanjyrar,
ýygrylar.

ýigrimi ýyl mundan ozal

Gutarypdy bir WUZ-y.

Ony oňa gutardan hem

Tabytdaky ezizi.

Güyzde pagta ýygypdy.

Gyşda körek çöpläpdi.

“Oglum ullakan okuwda!”

Buysanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy

La
ýa batyp dyzyndan.

ýygnanjasyn lükgeläp

Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden

Bir haltajyk tikindi.

Üçlügini, manadyny,

Şa
ýysyny, köpügni-

Artdyranja puljagazyn

Atdy şonuň içine.

Şe
ýde-şeýde kyrk ýaşynda

Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.

Ene dertläp
ýykyldy.

Ol şonda sypap otyrdy

Bir gözeliň çokulny.

Dakýardy enäň pulundan

Her barmagna bir yüzük,

Gulagyna teneçir,

Bilegine bilezik.

Söyüşdi, gujaklaşdy.

Pa
ýtagtdan jay tutundy.

…Enesinden utanmady,

Ene ondan utandy.

Ene käte paýtagta

Gezmäge gelen wagty,

Gelni di
ýdi: “yok etsene

Bu porsy garabagty!”

Ogly diydi: “ýakymsyz

Ysyň bar-la, jan eje.

Bu e
ýyamda arassa

Bolmaly myhman, eje!”

Ene diýdi: “Wah, jan ogul,

Her niçe porsasak-da,

Ulalansyň,
ýetişensiň

Şu porsuja gujakda…”

Soňra bolsa uzak gije

ýorganynda aglardy.

Daňyň atarna mähetdel,

Otla tarap ylgardy.

…Şeýde-şeýde günler ötdi,

A
ýlar ötdi nobatly.

Edeni şowuna boldy.

Durmuş ony a
ýnatdy.

Her sözünde bir oýun,

Her elde bir desmaly-

Bir
ýyl bäri saklap otyr

Has uly bir stoly.

Bu gün bolsa enesi

Amanadyn tabşyrdy…

Gelen telegrammany

Stolunda
ýygşyrdy.

Ony aýalyndan başga

Görkezmedi hiç kime.

Är-hele
ý karara geldi:

“Barsak bor-la üçüne!”

…Bütin obaň gözi yolda.

Garaşyp dur hemmeler.

Atasy pyşyrda
ýar:

“Geler, geler, geler”.

Gelnejesi pyşyrdaýar:

“Gelermikä! Kim biler!”

Ene-de misli gozgan
ýar:

“Geler balam, geler, geler.”

Onýança-da

“Gel
ýär!” diýip,

Ardyndy bir
ýaşuly.

Göründi
ýaşyl meýdanda

“Wolgalaryň”
ýaşyly.

“Geler diýdim ähbeti!”

Bir da
ýandy atasy.

Gara-kö
ýük ýüzüniň

Artyp gitdi
ýagtysy.

Onýança-da ýaşyl “Wolga”

Aşak indi
ýapydan.

Geljek adamyň deregne

Şof
ýor çykdy gapydan.

“Şu gün gelip biljek däl.

Gyssagly bir iş çykdy…”

Birden ataň gözlerinden

Iki çogdam
ýaş çykdy.

Yetmiş yaşyň içinde

Aglamadyk ol goja,

Göz
ýaşyny süpürdi-de,

Bir
ýylgyrdy çalaja.

Ol ýylgyryş ömürbaky

Çykmaz meniň
ýadymdan.

Be
ýle aýylganç ýylgyrşy

Görmändim men adamda.

…Göterdiler enäniň

Ak guş
ýaly tabydyn.

ýaz şemaly ykjatdy

Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura

Ak saçly bir dün
ýäni.

Içki ö
ýüň gapysyna

Eltilende enäni –


Kerim Gurbannepesov

Degişli makalalar

Ilkinji Ýyldyzlar Aşgabat 2017 Oýunlarynyň Ýüzi we Ruhubelentlik Göreldesidir Wideo

Kikboksing Boýunça Aziýa Çempionaty Wideo

Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy 06/11/2016

turkmenhabargullugy