14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
DÜNÝÄ

Moskwada geçirilýän döwletara sergisinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar

“GDA-nyň 20 ýyllygy: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine” atly halkara ýubileý sergisiniň açylyşynyň çäklerinde Türkmenistanyň ekspozisiýasy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi, şol ýerde, Russiýanyň paýtagtynda ol täze Galkynyş eýýamynda garaşsyz ösüşiň, gazanylan üstünlikleriň we onuň geljeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu giň möçberli döwletara gözden geçirilişine Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Moldowa Respublikasy, Täjigistan Respublikasy we Ukraina gatnaşýarlar. Köpçülikleýin sergi 14 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär we geçen 20 ýylda ýurtlaryň ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň jemlerine, dürli ulgamlarda we ileri tutulýan maksatnamalar hem taslamalar boýunça ösüşiň dürli tapgyrlarynda garaşsyz döwletleriň hyzmatdaşlygynyň netijelerine bagyşlanýar.

Köpçülikleýin sergä gatnaşyjy ýurtlaryň her biri bilen iş ýüzünde Türkmenistany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, şol gatnaşyklar maýa goýumlar syýasatynyň, gumanitar, energetika we ulaglar ulgamlarynyň, ýurduň eksport mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň, energiýa öndüriji we ýeňil senagatda, oba hojalyk, gaýtadan işleýän önümçiliklerde we beýleki ugurlarda milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýar.

Serginiň açylyşy hakyky baýramçylyga öwrüldi, şonda wekilýetleriň her biri öz öwüşgünlerini we äheňlerini girizmäge çalyşdy. Ýöne önümleriň şeýle köp dürlüliginde hem Türkmenistandan öňe geçen bolmady.

Türkmen bölümi bilen tanyşlyga GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Sergeý Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş we söwda ministri Elwira Nabiullina, beýleki resmi wekiller we hormatly myhmanlar, şol sanda GDA agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň baştutanlary gatnaşdylar, olar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerine haýran galýandyklaryny beýan etdiler.

525 inedördül metr meýdany eýeleýän türkmen bölümi bu döwletara gözden geçirilişinde diňe iň iri bölümleriň biri bolmak bilen hem çäklenmän, eýsem şolaryň arasynda iň aýdyň öwüşginlisi boldy. “Bölüm” sözi hem bu ýerde örän şertli mazmuna eýedir, çünki beýleki ekspozisiýalardan tapawutlylykda biziň bölümimiz goňşulardan we sergi giňişligini gurşap alanlardan diwar bilen arasy bölünmeýär, munuň özi hem göýä däbe öwrülen türkmen dostlukly myhmansöýerliginiň we häzirki zaman dünýäsine biziň ýurdumyzyň açyklygynyň alamaty ýalydyr.

Şoňa görä-de Türkmenistanyň ekspozisiýasy “dury öwüşgünli” we şol bir wagtyň özünde hem ak plastikden döredien beýleki bölümleriň arasynda dürli güllere beslenen ýaýla meňzeýän, özüniň täsin bezegçiligi bilen oňat görünýän we alyslardan ünsi çekýän meýdança öwrüldi. Onuň bezegçiliginiň esasyny türkmen halylarynyň gölleri düzýär. Ekspozisiýanyň bezegçiliginde Türkmenistanyň döwlet mukaddesliklerine – ýaşyl Tugumyza we ýurdumyzyň sekiz burçly ýyldyz görnüşindäki Döwlet tugrasyna aýratyn orun berlipdir, olar göýä ýaýbaňlandyrylan diwarlyklaryň depesinde gadymy taryhy bolan, beýik işler we döredijilikli özgerdişler bilen täze ajaýyp keşbe eýe bolan ýeriň ummasyz baýlyklaryna hem, medeniýetiň, däpleriň, halkyň sahy kalbynyň baýlyklaryna hem eýe bolan täsin ülkä gaýybana syýahat eden ýaly täsirler galdyrýar. Türkmen bölüminiň eýýäm ilkinji gününde, hatda şindi resmi taýdan açylmanka hem ýokary özüne çekijiligi bilen tapawutlanandygy tötänden däldir.

Türkmen halylary biziň ekspozisiýamyza haýran galdyryjy milli öwüşgin çaýdy, olaryň aýdyň reňkleri we nepis gölleri dabaraly pursatyň we şol bir wagtyň özünde öý – ojagynyň ýylysynyň duýgularyny başdan geçirmegi has güýçlendirýär.

Monitorlar we uly ekranlar hem serginiň maglumatlar baýlygynyň üstüni ýetirdi, şolarda Türkmenistan barada, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary, ýurduň medeni we syýahatçylyk mümkinçilikleri, onuň şäherleriniň hem obalarynyň täze durmuşy barada gürrüň berýän wideo görnüşler görkezilýär. Bu ýere gelýänler, durmuşyň ol ýa-da beýleki ulgamlarynda döwletiň hem türkmenistanlylaryň durmuşy, milli taryhymyz we häzirki zaman medenietimiz barada has jikme-jik maglumatlar almak isleýänler taç-skrinlerden (sensorly monitorlardan) hem peýdalanyp bilerler, şolarda maglumatlar türkmen, rus we iňlis dillerinde berilýär, olar sanlar, maglumatlar we şekiller bilen utgaşdyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň görnüşi sergä gelýän myhmanlarda aýratyn täsir galdyrýar, onuň binagärlik keşbiniň üsti soňky ýyllarda ajaýyp köşk toplumlary, teatrlar, myhmanhanalar, iri lukmançylyk, söwda we telekeçilik merkezleri, ýokary amatlykly belent ýaşaýyş jaýlary, sport toplumlary, ajaýyp seýilgähler we gezelenç edilýän ýerler bilen ýetirildi.

Moskwada geçiriýän sergä nietlenip ýokary çaphanaçylyk derejesinde çykarylan neşirlerde hem ýurdumyz barada gürrüň berýän gyzykly maglumatlar bar, olar soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, dürli pudaklaryň gazanan üstünlikleri, Türkmenistanda ähli ugurlarda durmuşa geçirilen we durmuşa geçirilýän saldamly taslamalar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän özgertmeler bien tanyşdyrýan umumy maglumatlary özünde saklaýar. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa adamlaryň abadançylykly, ähli babatlarda mynasyp durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmen bölüminde türkmen halkynyň medeni mirasy, aýawly saklanylýan däpleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn orun berlendigi alamatlaýyn häsiýete eýedir. Şol däp-dessurlar asyrlaryň jümmüşinden bize gelip ýetipdir we häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar. Görkezilýän zatlaryň arasynda owadan gölli halylar, ajaýyp zergärlik önümleri, milli keşdeler – hakyky sungat eserleri hökmünde häzirki günlere çenli türkmenleriň gündelik durmuşynda uly orun eýeleýär we şol bir wagtyň özünde hem muzeý ýygyndylarynyň genji-hazynasy bolup hyzmat edýär. “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasy, Gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň Döwlet gaznasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan sergide milli maddy medenietimiziň aýrylmaz bölegi bolmak bilen bu däpler diňe etnografiki gyzyklanma döretmek bilen hem çäklenmän, eýsem ýeterlik derejede beýan edilen durmuş we ykdysady äheňlere hem eýedir.

Bu pikir türkmen sergisiniň sazlaşygynda hem öz beýanyny tapypdyr: merkezi diwarlyklaryň sag tarapynda medeni we durmuş ulgamlaryny, sosial gurşawy, çep tarapynda bolsa ykdysadyýeti görkezýän diwarlyklar ýerleşdirilipdir. Mysal üçin, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň owadan tekçeleri türkmen zergärleriniň sungaty we milli lybaslaryň aýratynlyklary bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýar; fotopanno, neşir edilen işler we wideomaglumatlar biziň ýurdumyzyň taryhy – medeni ajaýyplyklary, onuň meşhur ýadygärlikleri, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilenleri we beýlekiler bilen tanyşdyrýar. Beýleki tarapynda bolsa Türkmenistanyň hereket edýän baş gaz geçijileriniň uly kartasy ünsi çekýär, şol ýerde nebit we gaz ýataklarynyň özleşdirilýänleri we häzirki wagtda işlenilip düzülýänleri bellenilipdir. Şolaryň arasynda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan Günorta Ýöleten-Osman gaz ýatagy özüniň möçberleri bilen aýratyn tapawutlanýar.

Türkmen bölüminiň ajaýyplyklarynyň ýene biri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygynyň nusgasy boldy, şonuň hem esasy manysy Hazaryň kenarýaka zolagynda peýda bolan deňiz çüwdüriminiň kiçiräk görnüşinde ýüze çykýar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça komitetiň diwarlygy myhmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi, olar halkara syýahatçylygynyň okgunly kemala gelýän bu täze merkezi barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik aldylar, şol ýerde häzirki wagtda eýýäm bäş ýyldyzly myhmanlaryň birnäçesi, çagalar üçin dynç alyş merkezleri, gämi gatnawly emeli derýa we beýlekiler hereket edýär.

Hawa, häzirki zaman Türkmenistanynyň özüne çekijiligi diňe onuň gaýtalanmajak täsin medeni mirasy we ýerasty gatlaklarynyň baýlygy bilen däl-de, eýsem onuň iň täze özgertmeleri bilen hem baglanyşyklydyr. Täze eýýamyň şol özgertmeleri bolsa biziň ýurdumyzy depginli ösýän döwlete öwürdi. Bu ýerde iň batyrgaý meýilnamalar we deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar.

Sergide milli ykdysadyýetimiziň iş ýüzünde ähli pudaklarynyň depginli ösüşiniň mümkinçilikleri we olaryň önümleri özüniň ähli köp dürli görnüşliliginde beýanyny tapypdyr. Öz önümlerini görkezişe hödürlänleriň arasynda – Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmenpagta” Döwlet konserni hem bar. Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalarynyň dürli görnüşli önümleri hem serginiň myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýär, olar türkmen topragynyň sahy miwelerini we şolardan öndürilen önümleri giňden görkezýärler. Syýahatçyk we sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem özleriniň gazanan üstünliklerini we geljege gönükdirilen meýilnamalaryny hödürleýärler. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň fitoderman serişdeleriniň diwarlygy geçirilýän sergileriň arasynda iň uly meşhurlyk gazananlaryň biri bolupdy, bu gezek hem şeýle boldy. Bu ýere gelýänler tebigy dermanlyk serişdeler barada soradylar, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurlyk gazanan kitabynda beýan edilipdir.

Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygy has uly gyzyklanma döredýär – häzirki günde pudagyň kärhanalary iň häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edildi, olar dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini öndürýärler. Eksporta çykarylýan harytlaryň arasynda nah ýüplükler, trikotaž we jinsi matalar, taýýar önümleriň dürli görnüşleri bar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem uly gyzyklanma döretdi, ol ýurdumyzda häzirki zaman çaphanaçylygynyň we neşir ediş işiniň ýagdaýyny görkezýär. Şol ýerde milli edebiýatymyzyň nusgawy eserlerine, çagalar çeper edebiýatyna, şol sanda terjime edilen edebiýatlara aýratyn orun berilýär. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hormatly orny eýeleýär, olar dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi arkaly daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe boldy. Görkezilýän zatlaryň arasynda owadan döwürleýin neşirler, Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däpleri we häzirki güni barada gürrüň berýän publisistik we ylmy-populýar kitaplar aýratyn orny eýeleýär.

Moskwada geçirilýän Döwletara sergisinde dürli ulgamlarda – oba hojalygy we azyk senagaty pudaklaryndan başlap ýaşaýyş jaýlarynyň we häzirki zaman senagat kärhanalarynyň gurluşyklaryna çenli dürli ugurlara ýöriteleşýän hususy telekeçileriň we haryt öndürijileriň öz önümlerini görkezmäge mümkinçilik alandyklary hem bellärliklidir. Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny goldamak we höweslendirmek boýunça amala aşyrylýan maksada gönükdirilen çäreler arkaly olaryň sany ýylsaýyn artýar.

Galyberse-de, elbetde, türkmen artistleriniň çykyşlary we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýi tarapyndan taýýarlanylan moda görkeziş çäreleri bu ýerde bolup geçýän wakalara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Açylyşyň owadan däplerinden soň serginiň iş maksatnamasy hem badalga aldy. Eýýäm şu gün, öz işiniň ilkinji gününde türkmen bölüminde gözden geçirişe gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar we pikir alyşmalar geçirildi.

Tutuşlygyna alnanda, serginiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde dürli çäreleriň 25-si meýilleşdirilipdir, olaryň arasynda maslahatlar, seminarlar, tegelek stollar, energetika, ulaglar, habarlar tehnologiýalary we kommunikasiýalar ýaly ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hasaba almak bilen “işewurlik gatnaşyklarynyň biržalary” hem bar.

Moskwada geçirilýän döwletara sergisinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryş çäreleri dowam edýär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

«Talyp Gözeli-2020 » Bäsleşiginiň Ýeňijisi Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy

MAHMUD AHMEDINEŽAD MAŞGALALARA KÖPELMEGI MASLAHAT BERDI

syrach

Putin 4 ýyl soñ täzeden prezident boldy.

syrach