21.8 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň Russiýa tarapynyň baştutany Alekseý Logwinowiç Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy.

Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon gepleşiginiň netijesindegelnen ylalaşyklary ýerine ýetirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatladylar, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75-ýyllygy mynasybetli birek-biregi gutladylar.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek babatynda geljegi uly bolan öň bellenen ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşigiň barşynda COVID-19 wirusynyň pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşde ýakyn hyzmatdaşlygyň meselelerine hem seredildi.

Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň işjeň häsiýeti bellenilip geçildi. Taraplar ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygynyň meseleleri babatynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Ýaýradylmazlygyň, ýaragsyzlanmagyň we ýadro howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy gurlaryna öwrüljek Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýeti barada gürrüň etmek bilen taraplar global mazmunda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak ulgamynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de global ölçegde bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.

Taraplar hünärmenleriň taýýarlygy, milli bilermenleriň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasy tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna we tälim okuwlaryna gatnaşygynyň üpjün edilmegi, tehniki kömekleriň berilmegi bilen bir hatarda özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-de Özbegistanyň Wise-premýeri bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Bu ugurda söhbetdeşler türkmen-özbek köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmeginiň girewi bolup durýan iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine gabat gelýän gatnaşyklaryny aýratyn nygtadylar.

Öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçmek bilen söhbetdeşler dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ýük gatnawlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy maksady bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryndaky özarahereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda ýurtlaryň Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň çäklerindäki özarahereketlerini ýygjamlaşdyrmaklarynyň meselesine hem jikme-jik seredilip geçildi.

Şeýle-de agrosenagat, saglygy goraýyş, bilim we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça hem pikirler alyşyldy. DIM

Degişli makalalar

“Rheinmetall” Kompaniýasynyň Sürüjisiz Halas Ediji Tehnikasy

Aziada-2017-niň Nyşany Balkan Welaýatynda Hasardagyna Çykarylyp Galdyryldy Wideo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynda Dalaşgärleriň Alan Sesleri