01.12.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Kosowanyň garaşsyzlygynyň 5 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi.

Kosowanyň garaşsyzlygynyň 5 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi.

Garaşsyzlyk gününde Kosowany resmi taýdan ykrar eden ýurtlaryň hataryna Müsür hem goşuldy.

Paýtagt Priştinada geçirlen baýramçylyk dabaralaryna müňlerçe adam gatnaşdy.

Kosowada ykdysady we syýasy taýdan başdan geçirilýän kynçylyklara garamazdan halk geljege umyt bilen garaýar.

Mundan doly 5 ýyl ozal Kosowanyň garaşsyzlygynyň yglan edilen meýdançasynda “Nýu Burn” ýagny “täzeden dogluş” diýlen ýörite şygar ýazylypdy.

Bu gezek bolsa kosowaly ýaşlar şol şygaryň ýüzüne özlerini ykrar eden ýurtlaryň baýdaklarynyň suratyny çekipdir.

Degişli makalalar

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy

İstanbul’da İkamet İzni Başvurusunda Bulunan Yabancıların Durumuna İlişkin Açıklama

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

turkmenhabargullugy