19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ýokary Derejedäki Türkmen-Belarus Gepleşikleri Döwlet Baştutanlarynyň Ikiçäk Duşuşygyndan Başlandy

Ýokary Derejedäki Türkmen-Belarus Gepleşikleri Döwlet Baştutanlarynyň Ikiçäk Duşuşygyndan Başlandy

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär.

“Oguzhan” Köşkler toplumynda belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasyndan hem-de iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň tanyşdyrylmagyndan soň, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri başlandy.

Esasy meseleleriň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri, syýahatçylyk, ýokary bilim, medeniýet babatda bilelikdäki taslamalar boýunça işler bar.

Iki tarapyň pikirine görä, häzirki gepleşikler ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin berk binýadyň düýbüni tutar. Aşgabat we Minsk ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem bar bolan uly mümkinçilikleri has doly durmuşa geçirmegi maksat edinýandiklerini görkezýär.

Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ertir türkmen we belarus Liderleriniň 2009-njy ýylyň ahyrynda düýbüni tutan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň açylyp ulanylmaga tabşyrylmagy maksat edinilýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aleksandr Lukaşenko Aşgabatdan Lebap welaýatyna baryp, hut özleri täze önümçiligiň işine badalga bererler we onuň tehnologik işleri bilen tanşarlar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Kubanyň hökümetiniň baştutany bilen duşuşdy.

syrach

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabara

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach