26.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DÜNÝÄ

Kosowanyñ ilkinji zenan Prezidenti

Kosowada ilkinji gezek bir zenan Prezident hökmünde saýlandy.

Kosowanyñ Mejlisi 36 ýaşyndaky zenan polis müdüri Atifete Ýahýagany Prezident hökmünde saýlady.

Kosowanyñ Mejlisinde geçirlen sese goýulşygyñ birinji tapgyrynda sesleriñ 80 göterimini alan Ýahýaga Kosowanyñ garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soñky 3-nji Prezidenti boldy.

Ýahýaganyñ bäsdeşi Täze Kosowa hyzmatdaşlyk partiýasynyñ asly türk bolan halk deputaty Suzan Nobyradaly bolsa sesleriñ 10 göterimini aldy.

Kosowanyñ ilkinji zenan Prezidenti Atifete Ýahýaga ýokary derejeli syýasy ýolbaşçy bolmak barada asla pikir etmändigini nygtap, prezident wezipesiniñ özü üçin durmuşynyñ iñ uly synagy boljakdygyny aýtdy.

Atifete Ýahýaganyñ prezident wezipesine saýlanmagy bilen Kosowada soñky iki hepde-den bäri dowam edýän syýasy krizis ortadan aýrylan ýaly görünýär.

Kosowanyñ Ýokary kaziýeti fewral aýynyñ 22-de geçirlen prezident saýlawynda galplyk edilendigi sebäpli saýlawyñ netijeleriniñ ýatyrylmagy we prezident saýlawynyñ täzeden geçirilmegi barada karar kabul edipdi.

Fewral aýynyñ 22-de geçirlen saýlawda işewür adamy Behçet Pakolli üstünlik gazanypdy. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ýewro Topary Gresiýa Bilen Ylalaşyk Gazandy

syrach

2012-nji ýylyñ dünýä gözeli Ýu Wenşia boldy.

syrach

Warşawada Türkmenistan Bilen ÝHHG/DIAHBE-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlygy Ýygjamlaşdyrmak Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy