14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň ýadygärlikleri halkymyzyň şöhraty, baýlygy we buýsanjydyr

Biziň ýurdumyzyň ýadygärlikleriniň dürdäneleri hakynda gürrüň berýän täze neşirler–“Seýit Jemaleddin binagärlik toplumy”, “Gadymy Merw we Beýik Seljuklar zamanynyň binagärlik medeniýeti” hem-de “Köneürgenç–binagär ussalaryň şäheri” atly kitaplar öz işine başlan “Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti we onuň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki orny” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar üçin we türkmen halkynyň taryhy hem-de medeniýeti bilen gyzyklanýan köp sanly okyjylar üçin uly sowgat boldy.

Her ýyl 18-nji aprelde bütin dünýäde bellenilýän Ýadygärlikleri hem-de taryhy ýerleri goramagyň Halkara gününiň öňüsyrasynda çapdan çykan bu kitaplar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň halkymyzyň milli mirasyny goramak we wagyz etmek işine aýratyn üns bermegi netijesinde türkmen taryhy ylmyny we arheologiýasyny ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň ýokary sylagy bolan “Awisenna” altyn medalyna mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň medeniýeti ösdürmäge goşan görnükli goşandynyň tassyklanmasy boldy.

Biziň topragymyzda öz yzyny galdyran ýüzlerçe nesilleriň durmuşyny beýan edýän ýadygärliklere bolan garaýyş adamlaryň medeni derejesiniň we olaryň geçmişe sarpa goýmagynyň görkezijisi bolmak bilen bir hatarda, döwletiň ösüşiniň hem derejesidir. Hut döwletiň taryhy baýlyklara gatnaşygy, onuň köp asyrlyk mirasy gorap saklamak ukyby ýurduň ösendigini we halkara giňişligindäki abraýyny kesgitleýär.

Biziň üçin taryhy-medeni gurşaw jemgyýetiň häzirkizaman durmuşynyň aýrylmaz bölegidir, onuň ösüşiniň gözbaşlarynyň biridir, geçmişiň geljek bilen aýrylmaz baglanyşygydyr, halkyň ruhy taýdan galkynyp kämilleşýän taryhy giňişligidir. Munuň özi medeni mirasy gorap saklamak bilen baglanyşykly ähli hünärmenleriň yhlasly işidir, ylmy gözleglerdir we gündelik iş tejribesidir, taryhy ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek babatda dünýä tejribesini öwrenmekdir hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmekdir.

Häzirki täze üç kitap Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ylmy neşirleriň özboluşly tapgyryny düzýär.

Kitaplaryň her biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan parasatly sözleri bilen açylýar, şolarda türkmenleriň milli taryhy-medeni baýlygynyň gymmatly ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Neşirleriň biri aždarhanyň şekili suratlandyrylan, deňi-taýy bolmadyk girelgesiniň mozaiki bezegi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan hem-de 1948-nji ýylyň ýer titremesinde weýran bolan XV asyryň belli metjidi “Seýit-Jemaleddin binagärlik toplumy” atly monografiýanyň ylmy teswiriniň desgasy boldy. Metjidiň ägirt uly harabalyklary meşhur Änew depeleriniň golaýynda ýerleşýär. Şol ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahaly bäş müň ýyllyk taryhy bolan medeniýetiň ösüşini açan haýran galdyryjy açyş amala aşyryldy. Barlagda şol harabalyklary we taryhy çeşmeleri öwrenmegiň esasynda bu binanyň binagärlik aýratynlyklary, onuň özboluşly çeperçilik bezegi häsiýetlenilýär, metjidiň girelgesindäki aždarhanyň keşbiniň genezisi we semantikasy jikme-jik seljerilýär. Seýrek duş gelýän arhiw foto suratlary we dikeldiş suratlary okyjylara ýadygärligiň ilki başdaky keşbini göz öňünde getirmäge kömek berer.

Tapgyryň ikinji kitaby—“Gadymy Merw we Beýik Seljuklar zamanynyň binagärlik medeniýeti” atly kitap XI-XII asyrlaryň binagärlik mirasyna bagyşlanandyr we şonda Gündogaryň syýasy sahnasynda Beýik Seljuklar neberesi tarapyndan baştutanlyk edilýän türkmen-oguz döwleti peýda boldy. Bu kitapda şol zamananyň iň ähmiýetli binasy, orta asyr binagärliginiň hakyky genji-hazynasy bolan Soltan Sanjaryň kümmetiniň, onuň häzirki günde hem heniz üsti açylmadyk syrlarynyň eserdeň binagärlik-sungaty öwreniş seljermesi getirilýär. Bu memorial desga ähli gabaraly görnüşi bilen seljuklar döwletiniň iň ýokary gazananlaryny hem-de gülläp ösüşini beýan edýär. Ýadygärligiň binagärligi häzirki wagtda hem özboluşly sazlaşygy bilen haýran galdyrýar. Biziň günlerimizde bu kümmet daşary ýurtly syýahatçylaryň baryp görýän esasy taryhy desgalarynyň bir boldy. Tutuş gadymy Merw ýaly, bu ýadygärligi türkmenleriň beýik taryhynyň ajaýyp sahypasy diýip atlandyrmak bolar.

Üçünji kitap–“Köneürgenç—binagär ussalaryň şäheri” atly kitap gadymy Merw ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ägirt uly binagärlik toplumy bolan Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň binagärlik desgalarynyň gysgaça maglumatlaryndan we teswirinden ybaratdyr. Munuň özi ilkinji nobatda Merkezi Aziýada iň beýik minaralaryň biri hasaplanylýan Gutlug Temiriň minarasydyr, Törebeg hanymyň, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar weliniň kümmetleridir, galalaryň we kerwensaraýlaryň biziň günlerimize gelip ýeten bölekleridir, bir mahallar Gündogaryň iri ylmy merkezleri bolan Köneürgenjiň beýleki mukaddes ýerleridir. Şolarda diňe bir beýik alymlar däl, eýsem deňsiz-taýsyz ussalar bolan küýzegärler, gurluşykçylar, binagärler ýaşap we döredip geçipdirler.

Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykarylan bu kitaplaryň hemmesi suratlara baýdyr we göwnejaý bezelendir, ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerleriniň we gurluşlarynyň kartalary hem-de jikme-jik çyzgylary bilen üpjün edilendir. Monografiýalar biziň ýurdumyzda iň ýokary derejede şol ýadygärlikleri öwrenmäge hem-de gorap saklamaga uly üns berilýändigi hakynda aýdyň düşünje berýär. Sebäbi, häzirki wagtda taryh we medeni ýadygärliklere döwlet tarapyndan häzirkizaman milli medeniýetimizi ösdürmegiň möhüm serişdeleri hökmünde garalýar. Bu ýadygärlikleriň ählisi barada aladalanmak bilen, biz häzirki we geljekki nesiller üçin öz ruhubelentligimiz, milli gelip çykyşymyz bolan ata-babalarymyzyň medeni mirasy hakynda hem aladalanýarys. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Tbiliside Çagalaryň Surat Sergisi Geçirildi

syrach

Kinosöýüjilere türkmen filmleri barada.

syrach

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

syrach