24.6 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministriniň we Irlandiýanyň Daşary Işler Ministriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip geçildi, şol sanda pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhüm guraly bolup durýandygyny bellediler. Şeýle-de halkara meýdançalarynda, hususan-da BMG-niň düzüm birliklerindäki işlerde iki ýurduň başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz nobatyndaky duşuşyklaryň, hususan-da syýasy geňeşmeleriň öz wagtynda geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleriň alyşylmagyna oňyn mümkinçilik berýändigi hem aýratyn bellenilip geçildi.

Dünýädäki ykdysady ýagdaýlar barada gürrüň etmek bilen, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hem bellenilip geçildi. DIM

Degişli makalalar

Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk Güni Bellenildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda Ýaýbaňlandyrylan Giň Möçberli Özgertmelere Mynasyp Goşant Goşmak Biziň Umumy Maksadymyz