20 C
Aşkabat
21/10/2020
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Sesden Gaty Gider

«Boom Supersonic» kompaniýasy sesden gaty gidýän uçaryny şu ýylyň 7-nji oktýabrynda tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Kompaniýa «Overture» atly sesden gaty gidýän ýolagçy uçaryny işläp taýýarlaýar. Güýz aýlarynda köpçülige görkeziljek uçar bolsa, bu ýolagçy uçarynyň 1/3 ululygyndaky kiçiräk nusgasy bolar. XB-1 atly nusgalyk uçaryň ilkinji synag uçuşlaryna geljek ýyl başlanar. Nusgalyk uçar adaty ýolagçy uçarynda ulanyljak tehnologiýalary barlap görmek maksady bilen işlenip düzülýär. Hakyky we nusgalyk uçarda «General Electric J85-15» motorlary oturdylar. «Boom Supersonic» kompaniýasynda Ýapon howaýollary kompaniýasynyň hem-de «Virgin Group» kompaniýasynyň paýnamalary bar. Bu iki awiakompaniýa «Overture» uçarlaryndan jemi 30 sanysyny sargyt etdiler. Täze ýolagçy uçarynyň daşky gurşaw üçin zyýansyz boljakdygy aýdylýar.

Sesden tiz uçýan ilkinji ýolagçy uçary «Tu-144» hem bolsa, bu uçar ýolagçy gatnawy üçin az wagtlyk ulanyldy. «Tu-144»-den birnäçe aýdan soňra tanyşdyrylan «Concorde» uçarlary 1969-njy ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. «Concorde» uçarlary 1970-nji ýyllardan 2000-nji ýyllaryň başlaryna çenli Ýewropa bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy. 2003-nji ýyldan soňra sesden tiz gidýän ýolagçy uçar gatnawlary ýatyryldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Çeşme: serhetabat-dovletabat.gov.tm

Degişli makalalar

TDHÇB-nyň Söwdalarynda Nebitiň we Pagtanyň Gaýtadan Işlenilen Önümleri Uly Orun Tutdy

Turkmenistan Aşgabatda XXI Halkara Nebitgaz Forumy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi