24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DURMUŞ

Küşt mekdebi Londondaky olimpiadada uly üstünlik gazandy

Ýakynda London şäherinde intellektual oýunlar boýunça 14-nji sport olimpiadasyna gatnaşan türkmen küştçüleri ata Watanymyza ýeňiş bilen gaýdyp geldiler. Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň küşt sport mekdebinde tälim alýanlar toparlaryň arasynda hem-de özbaşdak oýnamakda ukyplydyklaryny görkezdiler.

Her ýylda Londonda intellektual oýunlar boýunça guralýan sport olimpiadasynda oýunlaryň ýüze golaýy oýnalýar. türkmen sportsmenleri küşt boýunça ýaryşlara gatnaşdylar, şonda dünýäniň 20 ýurdundan gelen wekiller birinjiligi almak ugrunda bäsleşdiler.

Türkmen toparyna dört sany küştçi – Türkmenistanyň çempionlary doganlar – FIDE-niň ussady Maksat (15 ýaşly), Ýusup (15 ýaşly) we Saparmyrat (12 ýaşly) Atabaýewler, şeýle hem ýurdumyzyň çempiony Rustam Nazarow wekilçilik etdi. Biziň sportsmenlerimiz iki topar bolup çykyş etmek arkaly, toparlaryň arasynda birinji we ikinji orunlary eýeläp, has oňat netijä gazanmagy başardylar. Saparmyrat Atabaýew we Rustam Nazarow altyn medallara, Maksat we Ýusup Atabaýewler bolsa kümüş medallara eýe boldular.

Türkmen küştçüleri özbaşdak oýnamakda has uly üstünlik gazandylar. Şonda doganlar Atabaýewler altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolup, baýrakly orunlary eýelediler. Ýusup birinji orny, Maksat bolsa ikinji orny eýeledi, Saparmyrat kümüş medala mynasyp boldy. Altyn we kümüş medallara mynasyp bolanlar deň oçkolary gazandylar, netijede ýeňiji gatnaşyklaryň koeffisiýenti boýunça kesgilenildi.

Şeýlelikde, biziň küştçülerimiz Londondan jemi 7 sany – 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medallary getirdiler. Ýeri gelende aýtsak, ýaş türkmen sportsmenleri dünýäniň dürli künjeklerinden gelen has uly ýaşly we tejribeli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardylar.

Türkmenistanyň dünýäniň sport arenasyndaky bu uly ýeňşi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýdyň görkezýän täze subutnama öwrüldi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralar.

syrach

Yklymlara, Asyrlara Syýahat

Türkmen köli.

syrach