15.01.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Lebap Welaýaty: Eksporta Ugradylýan Sement we Geljekki Jaý Toýlary

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Lebap» zawody 250 müň tonnadan gowrak sementi eksporta ugratdy. Döwrebap kärhana Amyderýanyň sag kenarynda dag-magdan serişdeleriтшň baý mekanynda guruldy, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli arzanladýar, üznüksiz önümçilige ýardam edýär.

6 ýyl mundan ozal işe girizilen kärhanada içerki we daşarky bazarlarda islegli sementiň portland, sulfata durnukly we tamponaž görnüşleri çykarylýar.

Köýtendag etrabynyň dag-mineral serişdeleriňiň binýadynda taslama kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna bolan ýene bir döwrebap sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar.

* * *
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde 4 gatly jaýlaryň üçüsi ulanylmaga bermäge taýýarlanylýar. Olary hususy kompaniýalar Türkmenabadyň günorta-gündogar böleginde bina etdiler.

Giň, otaglary oňaýly ýerleşdirilen öýlerde ýaşamak üçin amatly şertler döredilipdir. Jaýlaryň golaýyndaky ýerlerde çagalar üçin oýunlar we sport meýdançalaryny abadanlaşdyrmak, şeýle hem gezelenç zolaklaryny, bosketleri we gazonlary döretmek, çyralary oturtmak boýunça işler alnyp barylýar. Tiz wagtda ýaşaýjylar täze jaýlara göçüp bararlar.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Halkara Gepleşikleri Ykdysady Ösüşiň Möhüm Bölegi

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Atşynaslaryna, Bedew Janköýerlerine we Mähriban Halkyma

turkmenhabargullugy

Halkara Karantin Merkezi Ulanmaga Berildi