05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Londonda Türkmenistanyň Bitaraplygy Semineri we FotoSurat Sergisi Boldy

2015-nji ýylyň 25-nji martynda Londonda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandianyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna – 20 ýyl» atly seminar, fotosurat sergisi we dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Çaräniň işine Beýik Britaniýada akkreditirlenen ençeme Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we syýasatşynaslar, Londonyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ilçihananyň foýesinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosurat sergisi geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň gazananlary, taryhy, medeniýeti we tebigaty bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Seminara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip,Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisi Ý.Serýaýew şu gün Türkmen döwletiniň Bitaraplygyna sebitleýin we global derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm faktory hökmünde garalýandygyny belledi.

«University College of London» diýen okuw mekdebiniň wekili doktor G.Joraýew gatnaşyjylary Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini gazanmagynyň taryhy we Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleriniň wajyp faktorlary bilen tanyşdyrdy. 

Seminarda çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işini berkitmekde we ösdürmekde hem-de ýokary halkara abraýa eýe bolmagyndaky ornuny aýratyn bellediler.

Degişli makalalar

10 Ýaş Biziň Geljegimiz Atly Fotosuratlar Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Energetika Ministrini Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy