16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SAGLYK

Lukmançylyk ylmynyň ösüşine derwaýys goşant.

ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň üçünji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara ýurdumyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, lukmançylyk ylmyna çuňňur aralaşýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan milli Liderimiziň täze kitabynyň ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýsy bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby türkmen lukmanlarynyň we dermanhana işgärleriniň ýankitabyna öwrüldi. Diýarymyzda we daşary ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolan bu neşiriň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri hem-de olary ylmy we halk lukmançylykda peýdalanmagyň mümkinçilikleri beýan edilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz mazmuny boýunça deňi-taýy bolmadyk ylmy işi milli Liderimiziň başarjaň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleriň möçberlerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Dermanlyk ösümliklere elipbiý tertibinde berilýän häsiýetnama ylmy eseriň esasy bölegini düzýär. Onda ösümlikleriň jikme-jik beýany suratlaryň üsti bilen berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy işiniň üçünji kitaby hem ozalkylary ýaly türkmen, rus we iňlis dillerinde aýry-aýrylykda köpçülikleýin nusgada neşir edildi.

Lukmançylyk toparlarynyň wekilleri täze neşiri çuňňur öwrenmegiň we ony giňden wagyz etmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, bu kitabyň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar hem-de onuň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzyklydygyny bellediler.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly üçünji kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we ynsan saglygyna, diýmek, türkmen halkynyň abadan durmuşyna uly üns berýän milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Yabancılar için HES (Hayat Eve Sığar) kodu nasıl alınır?

turkmenhabargullugy

Türkiýe Respublikasynyň Çäginde Okaýan we Dürli Sebäpler Bilen Ýaşaýan Türkmenistanyň Raýatlarynyň DYKGATYNA!

PUTIN MINISTRLERINDEN ÇILIMI

syrach