21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Talyp gözeli-2012.

«Talyp gözeli» ady bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän bäsleşigiň jemi jemlenildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ikisi – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bu bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Bäsleşigiň jemleýji duşuşygynda ýokary okuw mekdepleriniň gyzlarynyň arasynda geçirilen saýlama tapgyrynyň ýeňijisi bilan gyzlaryň 19-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry şu okuw ýylynda ulanylmaga berilen Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň häzirkizaman binasynyň ýörite sahna meýdançasynda geçirildi.

Gyzlar aýdymdyr tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler, dürli gurallarda saz çaldylar, meşhur edebi eserleriň äheňleri boýunça goýlan sahna oýunlaryna gatnaşyp, artistlik ukyplaryny hem görkezdiler. Öz döredijilik gözlegleri barada gürrüň berip, talyp gyzlaryň bir topary gönüden-göni sahnada haly dokasa, beýlekileri milli nagyşlary çekmegi saýlap aldylar.

Talyp gyzlaryň ählisi hem bäsleşigiň iň soňky şertlerini üstünlikli berjaý etdiler. Olar türkmen milli aşpezlik sungaty esasynda öz taýýarlan tagamlary bilen desterhanlary bezediler. Talyp gözeller baý milli aşpezlik sungatynyň taryhy baradaky sowallara jogap berdiler.

Bäsleşikleriň jemleri boýunça emin agzalarynyň beren bahalaryna laýyklykda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň birinji ýyl talyby Gülşat Ataýewa iň ýokary Baş baýragyna we «Talyp gözeli-2012» diýen ada mynasyp boldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Balkanabat öz çäklerini giňeldýär.

syrach

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet Günleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach