23.7 C
Aşkabat
21.09.2024
SAGLYK

Lukmanlar we ekoglar üçin okuw.

Çöller, ösümlikler we haýwanat dünýäsi milli institutynyň maslahatlar jaýynda Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi „Türkmenistanyň zäherli ýylanlary we mör-möjekleri:olardan zyýan çeken adamlara ilkinj lukmançylyk kömegini bermek“ady bilen iki günlük okuwyny geçirdi.

Bu okuwa tebigaty goramak ulgamynyň hünärmenleri – tebigaty goramagyň welaýat edaralarynyň, ýurduň balykçylar we awçylar jemgyýetiniň, tebigaty goramagyň türkmen jemgyýetiniň, şeýle-de Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Okuwyň ilkinji gününde nazaryýet boýunça okuwlar geçen bolsa , ikinji gün meýdan şertlerinde tejribe sapaklary geçirildi.

Çöller, ösümlikler we haýwanat dünýäsi milli institutynyň süýrenijileri we mör-möjekleri öwrenýän hünärmenleri bolan gerbetologlar we entomologlar Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan we adama howp salýan hem-de hiç-hili zyýansyz süýýrenijileriň hem-de mör-möjekleriň özlerini alyp baryşlary we alamatlary barada gürrüň berdiler. Okuwa gatnaşyjylar mör -möjekler we süýrenijiler çakanda lukmançylyk kömegi boýunça okuwy geçenligi baradaky serifikaty aldylar.

Geljekde şunuň ýaly okuwlary şäherden daşary zolakdaky dynç alyş merkeziniň terbiýeçileri bilen, geologlaryň barlag geçirilýan ýerlerinde, nebit we gaz çykarylýan ýerlerde, ýol gurluşykçylaryň arasynda geçirmeklik meýilleşdirilýär. Şunuň ýaly gürrüňdeşligi goldamak uçin materiallar kitapçalarda we ýatlamalarda iki dilde beýan edilip, okuwa gatnaşyjylary üpjün etmeklik göz öňünde tutulýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

ÖNEMLİ, Göç İdaresi: HES KODU UYGULAMA ZORUNLULUĞU

turkmenhabargullugy

Türkiýe bilen Türkmenistan saglygy goraýyş we medisina taýdan hyzmataşlyk eder.

syrach

Bütindünýä saglyk güni.

syrach