14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Magtymguly etrabynyň 365 orunlyk sport mekdebi ulanmaga berilýär.

Magtymguly etrabynyň merkezinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde bina edilen 365 orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Magtymguly şäherçesinde gurlan täze bina hem munuň subutnamasydyr.

Bu ýöriteleşdirilen mekdep iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Mekdebiň häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan türgenleşik zallary—woleýbol, basketbol, tennis, boks, göreşiň dürli görnüşleri, şol sanda gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň görnüşleri bilen hem meşgullanmak üçin ýörite otaglar okuwçylaryň ygtyýarynda bolar.

Bu täze sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis, şeýle hem oýnuň aň-paýhasy ösdürýän görnüşleri bolan küşt, şaşka oýunlary bilen meşgallanmak üçin ýöriteleşdirilen zallar bar. Bina howany çalyşýan we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Göwnejaý abadanlaşdyrylan gök zolaklar döredilen ýanaşyk ýerlerde futbol, basketbol, woleýbol meýdançalary, ylgaw ýodajyklary gurnalypdyr.

Sport mekdebiniň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan ýadawsyz işleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Çagalar we ýaşlar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.

Degişli makalalar

«Aziýanyň Çagalary-2019» Oýunlarynda Ýaryşlar Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Yrak Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach