15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady.

 “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2012” atly halkara sergisiniň we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu wekilçilikli forum Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Uly möçberli sergi belent Sergi köşgünde guraldy, bu ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna degişli düzümlerden başga-da, dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň iri kompaniýalarynyň 100-den gowragy diňe bir öz mümkinçiliklerini däl-de, ykdysadyýetiň strategiki pudagynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýyndygyny görkezýärler. Olaryň arasynda Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Finlýandiýanyň, Panamanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Owganystanyň, Marşall adalarynyň nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Ýeri gelende aýtsak, şu gezekki halkara sergisine däbe öwrülen gözden geçirişleriň tutuş taryhynda has köp wekiller gatnaşýarlar, munuň özi Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň bu ulgamynda ähmiýetiniň artýandygyny hem-de ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesiniň ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Munuň özi uglewodorod serişdelerine bildirilýän islegleriň artmagy we şunuň bilen baglylykda halkara bazarlarynda emele gelýän ýagdaý Türkmenistanyň uly umyt baglanýan hyzmatdaşlaryň hataryna goşulmagyna ýardam berýär, ýurdumyz bolsa hyzmatdaş hökmünde özara peýdaly we netijeli gatnaşyklar üçin zerur şertleriň döredilmegine badalga berdi.

Forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we düzümleriň ýolbaşçylary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bu halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň nebitgaz ýataklarynyň we uglewodorod serişdeleriniň gözleg-agtaryş işleriniň geçirilmeginde, çykarylmagynda, gaýtadan işlenilmeginde, daşalmagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde işlemegeiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde, alymlaryň, hünärmenleriň özara tejribe alyşmagynda uly ähmiýete eýe boljakdygy bellenilýär. Döwlet Baştutany foruma gatnaşyjylary halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we netijeli işlemegi arzuw etdi hem-de bu möhüm çäreleriň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň geljekki ösüşlerine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Iri kompaniýalaryň we firmalaryň bölümlerinde ýurdumyzyň hünärmenlerini gyzyklandyrýan we ýakyn geljekde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy tarapyndan isleg bildirilip bilinjek zatlaryň aglabasy ýerleşdirildi, olar Türkmenistanyň täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylymagyny esasy ugur edinýändigini göz öňünde tutup, Aşgabada özleriniň soňky işläp taýýarlamalaryny getirdiler.

Şol kompaniýalaryň arasynda “Gazprom”, “Itera”, “Tatneft” (Russiýa), CNPC (Hytaý), Chevron”, Exxon Mobil, Honeywell, Halliburton, Weatherford (ABŞ), RWE, Zeppelin, (Germaniýa), OMV (Awstriýa), Eni (Italiýa), BP ( Beýik Britaniýa), Petronas (Malaýziýa), britan-arap Dragon Oil, Schlumberger, Sifal, Total (Franstýa), Itochu, Komatsu (Ýaponiýa), “Sumynyň M.W.Frunze adyndaky ylmy-önümçilik birleşigi” açyk paýdarlar jemgyýeti (Ukraina), “Ýaraw” (Belarus) we dünýäniň nebitgaz boýunça işewür toparlarynyň beýleki köp sanly abraýly wekilleri bar.

Sergä diňe bir nebitgaz ulgamynda däl-de, metallurgiýa, himiý, maşyn gurluşyk, energetika senagaty ýaly önümçilik gatnaşykly pudaklara degişli kärhanalar hem aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň — Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, “Türkmennebitgazgurluşyk”, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hem-de ýurdumyzyň nebite we gaza baý ýataklarynyň işlenip taýýarlanmagyny amala aşyrýan beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklary sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Türkmen nebit himiýasynyň öňdebaryjysy hasaplanýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem öz ekspozisiýasyny taýýarlady, ol sebitde şu ugra degişli döwrebap we iri toplum bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan we ozal görlüp-eşidilmedik üstünliklerini hem-de örän uly kuwwata eýedigini alamatlandyrýar.

Sergi köşgünde ýurdumyzda öňden bäri işläp ýören kompaniýalar hem-de türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän firmalar uglewodorod çig malyny gözlemek, agtarmak, çykarmak, daşamak, çuň burawlamak, deňizde gözleg-agtaryş işlerini geçirmek hem-de Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan kenardaky ulgamlary gurmak, ulanylýan ýangyç geçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täze ýangyç geçirijileri çekmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýulary guramak we ulanmak boýunça öz önümleri we hyzmatlary bilen giňden tanyşdyrýarlar.

Şeýle hem sergide gazly ýataklary ýüze çykarmak, ýangyç geçirijileri dolandyryş, anyklaýyş ulgamlaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini daşamak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, kärhanalarda ekologiýa degişli howpsuzlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem nebitli we gazly guýularyň önüm berijiligini artdyrýan tehnologiýalar boýunça täze gazanylanlar we beýlekiler bilen tanyşdyrylýar.

Sergi köşgüniň daş-töweregindäki ýörite meýdançalarda ýöriteleşdirilen tehniuka we beýleki uly göwrümli önümler ýerleşdirilddi.

Şu gün öz işine başlan “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň sany ozalkysyndan has köp boldy.

Dünýäniň 47 ýurdundan belli nebitgaz we hyzmat ediş kompaniýalarynyň, halkara energetika agentlikleriniň, assosiasiýalaryň, hökümet wekiliýetleriniň, önüm öndüriji zawodlaryň we beýleki abraýly düzümleriň 250-ä golaýy türkmen paýtagtyna öz wekilleriniň 700-e golaýyny iberdi. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen žurnallarynyň, habarlar agentlikleriniň, neşirýat öýleriniň, internet-portallarynyň 48-si bu çärä degişli maglumatlaryň berilmegine ýardam etdi.

Türkmenistandaky halkara nebitgaz maslahatynyň taryhynda ilkinji gezek onuň geçirilişiniň görnüşi üýtgedildi. Indi maslahat üç günüň dowamynda geçirilýär. Her günüň birinji ýarymynda mejlisler guralýar, günüň ikinji ýarymynda kompaniýalaryň wekilleriniň Türkmenistanyň ýangyç-enrgetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirilýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylygy bilen gepleşiklere gatnaşmaýan we Türkmenistana ilkinji gezek gelen wekiller üçin her günüň ikinji ýarymynda leksiýalaryň we okuw maslahatlarynyň toplumy guralar.

Maslahatyň birinji gündäki mejlisiniň gün tertibine garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde gazanylanlara baha bermek we ösüşiň geljegini çaklamak hem-de 2030-njy ýyla çenli ösüş maksatnamasy, Türkmenistanyň nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän we nebiti gaýtadan işleýän pudagy, mineral serişdeleriň düşewüntliligini aňyrybaş derejä ýetirmek ýaly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna degişli düzümleriň wekilleriniň çykyşlary foruma gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Çykyş edenler hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleri ýurdumyzyň nebitgaz kärhanalarynyň işi bilen tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistanyň strategiýasynyň we esasy ugrunyň pudagy ösdürmegiň ähli ugurlary, şol sanda ýataklary gözlemek, agtarmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek we nebithimiýa, serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, döwrebap önümçilik we gazy geçiriji düzümi döretmek, şeýle hem Hazaryň türkmen ýalpaklygynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça iri maýa goýumly taslamalary amala aşyrmak ugrunda bar bolan mümkinçiliklere we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine esaslanmak arkaly milli energetika toplumyna täze maýa goýumlaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny beýan etdiler.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn onýyllyklarda uglewodord serişdeleriniň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksporta iberilýän möçberleriniň birnäçe esse artdyrylmagyny göz öňünde tutýan ýangyç-energetika syýasatynyň Türkmenistanda gözlenip tapylan we geljegine uly umyt baglanýan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna esaslanýandygy bellenildi.

Ägirt uly gorlara eýe bolup durýan “Galkynyş” gaz käni, Hazar deňziniň türkmen böleginde, Amyderýanyň sag kenarynda, Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde we beýleki ýerlerde heniz özleşdirilmedik diýen ýaly ýagdaýdaky nebit we gaz ýataklary we ýangyçly meýdançalar türkmen topragynyň ýangyç serişdelerine örän baýdygyny tassyklaýar. Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistandaky tebigy gazyň gorlary şertli ýangyjyň (ýa-da nebit ekwiwalentiniň) 71 milliard tonnasyndan gowrakdyr, munuň özi ýakyn geljekde Hytaýyň, Russiýanyň, Eýranyň we Ýewropanyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin aňryýany bilen ýeterlikdir.

Garaşsyz halkara bilermenler diňe bir “Galkynyş” gaz känindäki gorlaryň 26,2 trillion kubmetr gaza barabardygyny belleýärler. Häzirki wagtda, bu ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyryna degişli taslamanyň çäklerinde, bu täsin galdyrýan gazly meýdançada ulanyş guýularyny burawlamak, şeýle hem tebigy gazy kükürtden arassalamak hem-de ýylda 30 milliard kubmetre barabar möçberde ýokary hilli harytlyk gazy çykarmak boýunça döwrebap zawodlary gurmak batly depginler bilen amala aşyrylýar, şol zawodlary 2013-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Western Gego amerikan geofiziki kompaniýasynyň baha bermegine görä, Hazaryň türkmen bölegindäki ähli gorlar 12,1 milliard tonna nebite we kondensata, şeýle hem 6,1 trillion kubmetr gaza barabar diýlip baha berilýär.

Häzirlikçe diňe 7 kilometre çenli çuňlukdaky gorlara baha berildi. Şol bir wagtyň özünde türkmen ýataklary çylşyrymly, köpugurly gurluşy bilen tapawutlanýar hem-de alymlaryň çaklamalaryna görä, 7 kilometrden geçýän çuňlukda nebitiň we gazyň has uly ýataklarynyň ýüze çykarylmagy mümkin.

Şeýlelikde, hzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýeri, şol sanda Hazaryň deňiz ýalpaklygy uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny gözlemek bilen baglylykda, uly gyzyklanma döredýär. Şoňa görä-de, eýýäm ýakyn wagtda ýerasty baýlyklaryň has çuň geologik gurluşyny öwrenmek, nebitli we gazly ýerleri ýüze çykarmak, bulary gözleg-agtaryş üçin has çuň burawlamak hem-de nebitiň we gazyň bar bolan gorlaryna baha bermek we olary senagata degişli gorlaryň toparyna geçirmek üçin taýýarlamak boýunça geofiziki ylmy-barlaglaryň gerimi has-da giňeldiler.

XXI asyrda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan uly möçberli wezipeleri berjaý etmekde daşary ýurtly maýadarlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolup durýan kompaniýalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňden ösdürmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, geljegine uly umyt baglanýan deňizdäki çäkleri özleşdirmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar, munuň özi deňizde burawlaýyş işleriniň möçberini artdyrmak, ýangyç daşaýjy ulgamy ösdürmek, milli tanker flotuny döretmek, portuň düzümini döwrebapdaşdyrmak, deňizde nebit guýulýan terminallary gurmak bilen baglydyr.

Nebithimiýa pudagyna degişli kärhanalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, täze önümçilikleri gurmak şu ugurdaky soňky ylmy-tehniki gazanylanlary göz öňünde tutmak, öňdebaryjy – serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz, çig malyň gaýtadan has lüýpli işlenilmegini we hili boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän ýangyç-çalgy materiallarynyň birgiden görnüşleriniň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebit önümleriniň işlenip çykarylmagyny üpjün edýän tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistan döwlet strategiýasynyň takyk kesgitlenen ýörelgelerine eýermek hem-de özüniň serişdeler babatdaky binýadyna we geljekde şondan peýdalanmagyň mümkinçiliklerine oýlanyşykly baha bermek arkaly, energiýa serişdeleriniň daşalýan ugurlarynyň geografiýasynyň üýtgedilmegini däl-de, täze bazarlara, dürli döwletlere we dünýäniň sebitlerine çykmagyň hasabyna, ýangyjyň iberilýän ugurlarynyň artdyrylmagyny we onuň üstüniň ýetirilmegini saýlap alýar. Türkmenistandan demirgazyga tarap – Russiýa we gündogara tarap –Hytaýa gaz geçirijilerden, Eýrana gaz geçirijileriň iki şahasyndan daşgary, günorta-gündogara tarap Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijiniň gurulmagyna ykjam taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda uglewodorod çig malyny peýdalanmak arkaly himiýa önümleriniň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleriň diwersifikasiýa edilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gazhimiýa, has takygy polietileniň, polipropileniň, poliwinilhloridiň, şeýle hem karbamidoformaldegitli şepbikleriň we onuň esasynda taýýarlanýan dürli reňkleriň, ýelimleriň, gurluşyk we gurnama materiallarynyň öndürilmegini ýola goýmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň amatly ugry bolup durýar. Ýurdumyzda tebigy gazyň örän uly gorlary bar, şoňa görä-de, bu önümleri içerki bazar we eksport üçin öndürmek ykdysady taýdan maksada laýyk we amatly bolup durýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazyň has düýpli we toplumlaýyn görnüşde gaýtadan işlenilmegini, tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleriň eksportdaky paýynyň artdyrylmagyny ugur edinip, diňe bir tebigy gaz we gaýtadan işlenmedik nebit ýaly ilkinji ýangyç serişdeleriniň bazaryna gatnaşygynyň gerimini giňeltmek bilen çäklenmän, has gymmatly himiki önümleriň düşewüntli bazarynda-da mynasyp orny eýelär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebitgaz ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen has giňden hyzmatdaşlyk edilmegini ösdürmek baradaky teklipleri orta atyldy. Galyberse-de, munuň üçin ýurdumyzda döredilen şertler, has takygy, maýa goýumlary üçin amatly ýagdaýyň döredilmegi, salgytlar boýunça amatly ýeňillikleriň berilmegi we beýlekiler Türkmpenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň önüm çykaryjy we gaýtadan işleýän senagatynyň ösdürmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine badalga berýän oňaýly şertler hökmünde görkezildi.

Öz gezeginde, şu maslahata gatnaşýan daşary ýurtly ýokary wezipeli wekiller –ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary hanym Linn Treýsi, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Patrisiýa Flor, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Hazar sebitinde energetika meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Angus Miller türkmen Lideriniň uly möçberli özgertmelere esaslanýan syýasatyna we şol sanda nebitgaz ulgamyndaky özgertmelere uly baha berdiler. Çykyşlarda iri energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornunyň ýokarlanýandygy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren halkara başlangyçlarynyň wajyp ähmiýetlidigi aýratyn bellenildi.

Maslahatyň dowamynda dünýäniň BP, СNPС, “Итера”, Total, EххonMobil, Shell, Сhevron, Gaffney, Сline & Assoсiates, Petrofaс, Honeywell, Sumitomo, Tenaris, Dragon Oil, Petronas, Hyundai Engineering Сo.Ltd, RWE ýaly öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şeýle hem birnäçe ýurtlaryň we halkara guramalaryň döwlet düzümleriniň wekilleri özleriniň täze teklipleri hakynda gürrüň bererler.

Foruma gatnaşyjylaryň arasynda daşary ýurtlaryň nebitgaz pudagyna degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden başga-da, Itoсhu, BG Group, General Eleсtriс, Hermes, “Газпром”, “Лукойл”, “Евракор”, “Глобус”, “Уралхиммаш”, JGС, Mitsubishi Сorporation, OMV, Rolls-Royсe Energy, Sсhlumberger, Buried Hill, Statoil, Teсhnip, TMK, Wintershall, Morgan Lewis, Intek Energy ýaly paýdarlar jemgyýetleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Hususan-da, olar örän uly energetiki serişdelere eýe bolup durýan türkmen bazarynyň geljegine uly umyt baglanýandygyny hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilendigini bellediler.

Şeýlelikde, şu günlerde Aşgabat ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň ýygnanan hem-de halkara hyzmatdaşlygyna oňyn çemeleşmeleriň jemlenen ýerine öwrüldi. Şunda ýurdumyzyň hem-de milli Liderimiziň belent syýasy at-abraýy uly ähmiýete eýedir, Türkmenistanyň ykdysadyýetini we onuň esasy pudagyny – energetika toplumyny ösdürmegiň täsin galdyrýan nusgasy hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredildi.

Forumyň üç günläp dowam etjek işine gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň möhüm ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada doly maglumat berler. Sergi köşgünde köp sanly duşuşyklar we gepleşikler geçiriler. Bular ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdelerini netijeli özleşdirmek we rejeli ulanmak maksady bilen bilelikdäki täze taslamalaryň binýadyna öwrüler.

Serginiň işi bilen diňe bir hünärmenler däl-de, eýsem, türkmenistanlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary hem tanşyp bilerler, olara Türkmenistanyň ýakyn geljegine göz aýlamaga mümkinçilik dörediler. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary bolsa, diňe bir türkmen halkynyň bähbitleri üçin däl-de, dünýäniň halklarynyň rowaçlygynyň, howpsuzlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ulanylar. 

Degişli makalalar

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Özüniň Ynanç Hatynyň Nusgalaryny Gowşurdy

Türkmenistanyň Nebitgaz Toplumyna Maýa Goýumlar Artýar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzy we Welaýatlary Ösdürmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi