32.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DÜNÝÄ

MAHMUD AHMEDINEŽAD MAŞGALALARA KÖPELMEGI MASLAHAT BERDI

Eýranyñ Prezidenti Mahmud Ahmedinežad maşgalalara köpelmegi maslahat berdi.

Ahmedinežad çagalar we maşgala ojagy hakynda möhüm ýüzlenmeler berdi.

Eýranyñ Prezidenti çagalaryñ sanynyñ köpelmegini isledi.

Mahmud Ahmedinežad “Bir ýada iki çaga ýeter diýlen şygaryñ haýsydyr bir halkyñ barlygyny dowam etdirmegini däl-de, onuñ ýok bolmagy diýmekdir” diýip belledi.

Alymlaryñ we sarpa goýulýan adamlaryñ esasy böleginiñ köp çagaly maşgalalardan çykýandygyny ýatladan Ahmedinežad, uly maşgaladaky çagalaryñ ukyplaryny kämilleşdirmek mümkinçiliginiñ has uludygyny ýatlatdy.

“Köp çaga terbiýe bermegiñ kyndygy” garaýşynyñ dogry bolmandygyny bellän Ahmedinežad “Maşgalanyñ esasy wezipesi geljek nesli terbiýelemekdir” diýdi. 

referans. www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady

WTI-niň Bahalary Taryhy Minusa Düşmeden Soňra Ýene-de Položitel Ýagdaýda Geldi

Russiýa Kontinetara Balistik Roketany Synap Gördi

syrach