21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmenistan – sportda kuwwatly döwlet

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine bagyşlanan dabaralaryň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň, sebitiň we umuman Aziýa yklymynyň sport durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu waka bagyşlanan baýramçylyk çäreleri welaýatlarda-da guraldy. Bu dabaralar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe—sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabatda Aziada—2017-ni geçirmek barada karar kabul edendigi bilen bagly habar Türkmenistana Täze ýylyň öňüsyrasynda gelip gowuşdy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolup durýandygyny we her bir raýatyň saglygy, beden we ruhy taýdan kämilligi baradaky aladany döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýän iş diýip yglan eden milletiň Lideriniň ýöredýän syýasatynyň giňden ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýän subutnama boldy.

Irden Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde, Saglyk ýolunyň 8 kilometrlik böleginiň başlanýan ýerinde has köp adam ýygnandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlardaky türkmen diplomatlary, umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halk köpçüligi we paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Irden başlap bu ýerde hakyky ählihalk baýramçylyga mahsus bolan ruhubelent ýagdaý höküm sürýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýýamynda gazanylan beýik üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanýar. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyş edildi. Sport lybasly talyplar «2017-nji ýylda V Aziadada üstünliklere tarap öňe!» diýen ýazgyly janly nyşany döretdiler. Çagalaryň tans toparlary öz çykyşlary bilen ýygnananlary begendirdiler.

Medeni-köpçülikleýin, sport çäresiniň geçiriljek ýerine hormatly Prezidentimiziň awtoulagy gelýär. Ýygnananlar döwlet Baştutanyny ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň Prezidentini Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Dabaraly we joşgunly pursat gelip ýetýär. Dag etegindäki bu ajaýyp ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasy belent ýaňlanýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, iş tertibiniň örän gyzgalaňlydygyna garamazdan, hemişe wagt tapyp, sport bilen yzygiderli meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoly boýunça ýörişiň başlanmagyna badalga berýär. Ýygnananlaryň ählisi milletiň Lideriniň göreldesine eýerýärler.

Gyş günleridigine garamazdan, parlap Gün çykan ýakymly howada ýörişe gatnaşyjylar Köpetdagyň we onuň giň ýaýlasynyň ajaýyp ýeri hasaplanýan Giňdiwaryň belentliklerine tarap ýokary galýarlar. Daga mahsus gözel görnüş hakykatdan-da örän owadan görünýär. Saglyk ýolunyň ýanynda ýerleşen ýaş suratkeşler şu pursatdan peýdalanyp, türkmen tebigatynyň täsin gözelligini, bu ýerde geçýän sport—köpçülikleýin çäräniň şatlykly pursatlaryny şekillendirýärler.

Köpetdagyň gerişleri boýunça çekilen, gözelligi bilen täsin galdyrýan bu ýol aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň hereket etmek arkaly dynç alýan ýerine öwrüldi. Adamlar bu daglyk ýerlere türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etmek, oňat dynç almak we öz saglygyny berkitmek üçin gelýärler. Şeýlelikde, bu ýoluň türkmenistanlylar üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp nyşanyna öwrülendigini aýtmak bolar.

Täze Galkynyş eýýamynda milletiň Lideriniň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler we türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uly möçberli başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk ýoly boýunça ýörişlere gatnaşmagynyň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygy we saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň durmuşa geçirýän syýasatynda ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça düýpli özgertmelere esaslanýan syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Beden taýdan taplanan we ruhy taýdan kämil nesli ösdürip ýetişdirmek milletiň Lideriniň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bedenterbiýe—sagdynlyk hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, ýurdumyzda saglyga degişli döwrebap düzümi döretmek, şol sanda göwnejaý derejede üpjün edilen sport desgalaryny gurmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak türkmenistanlylaryň durmuşynyň kadasyna öwrüldi. Ýaşlaryň şu günki çärä köpçülikleýin gatnaşmagy döwlet Baştutanynyň şahsy göreldesi bilen ruhlanan Türkmenistanyň ýaşlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden goldaýandygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň biridir.

Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň geljekde uly üstünliklere eýe bolmagy üçin berk binýat döredilýär. Geljegine uly umyt baglanýan ýaş türgenler eýýäm häzirki wagtda sportdaky ilkinji ädimlerini ädip, Aziýa oýunlarynda medallara eýe bolunmagyna alyp barýan ýoly geçýärler. Hut häzirki ýaşlar sport ussatlygynyň ähli syrlaryny ele alyp, 2017-nji ýylda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, Aziadada baýrakly orunlara mynasyp bolmak arkaly ýurdumyzyň şan-şöhratyny artdyrarlar. Bu günki gün şu ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda Aziada—2017 oýunlarynda öz güýjüni we zehinini gaýgarmajak geljekki çempionlaryň bardygyna berk ynanýarys.

… Döwlet Baştutany köp kilometrlik Saglyk ýoluny ýöräp geçdi. Galyberse-de, milletiň Lideri onuň käbir ýerlerini ylgap geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu köpçülikleýin sport çäresine gatnaşmagy hem-de häli-şindi daglyk ýoldan ýöremegi milletiň Lideriniň ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek işine möhüm goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Galkynyş eýýamynda durmuşa geçirýän asylly işlerini, rowaç tutumlaryny mähriban milletimize bagyş edýär, halky Gün kimin çoýýar. Şu gün milletiň Lideriniň Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Saglyk ýoluny geçýän pursaty parlak Günem öz nuruny bolluk bilen eçildi we howa edil ýazyň güni ýaly boldy.

Ýöriş tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara mahsus bezelip-beslenen meýdançada ýygnanan ýaşulular we çagalar, türkmen diplomatlary we daşary ýurtlaryň ilçileri, tejribeli sportsmenler hem-de sport boýunça üstünlikleri gazanmagyň ýoluna düşen ýigitler we gyzlar garşyladylar. Saglyk ýolunyň ýanynda sport lybasly talyplar Oguzhanyň ýyldyzyny we şonuň içinde olimpiýa halkalarynyň 5-sini şekillendirdiler. Döredijilik toparlarynyň täsirli çykyşlary, milli aýdym-sazlaryň belent ýaňlanmagy baýramçylyk çäresiniň täsirliligini has-da artdyrdy. Ajaýyp ahal-teke bedewlerine münen atlylary synlanyňda kalbyňda buýsanç duýgusy döreýär. Olaryň ýanynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri we milli oýunlar boýunça bäsleşikler gyzgalaňly geçirildi.

Bu ýerde alty ganat ak öýler tutulyp, gazanlarda milli tagamlar taýýarlanyldy. Hut şu ýerde, Köpetdagyň eteginde ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna hem-de 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň guralmagynyň şanyna bagyşlanyp baýramçylyk sadakasy berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, ruhubelentlik we belent üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi, baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpmagy bilen, döwlet Baştutany bu ýerden ugrady.

* * *

Şu gün agşam 2017-nji ýylda Türkmenistanda V Aziadanyň Aşgabatda geçirilmegine bagyşlanan dabaralar paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda dowam etdirildi. Bu şanly waka mynasybetli Sport arenasy baýramçylyga mahsus baýdaklar, dürli öwüşginli çyralar, howa şarlary bilen bezelipdir. Münberde hormatly myhmanlaryň arasynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary bar. Stadionyň doly münberlerinde talyplar we mekdep okuwçylary, paýtagtymyzyň kärhanalarynyň işgärleri, harby gullukçylar, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary hem ýygnandylar. Tomaşaçylaryň we baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň ellerinde baýdaklary, gül desseleri, Täze Galkynyş eýýamynyň ideallaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp edýän şygarlar bar.

Şu gün paýtagtymyzda we welaýatlarda guralan ählihalk dabaralary Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuşyň wagyz edilmegine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezdi. Ýurdumyzda munuň üçin, şol sanda döwrebap sport düzümini döretmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze stadionlar we sport toplumlary gurulýar. Aşgabatda uly toplumy—Olimpiýa şäherjigini döretmek boýunça örän uly möçberli taslamanyň amala aşyrylmagyna giňden girişildi. Bu ýerde dürli ugurly we ýokary derejeli hem-de uly möçberli halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegine mümkinçilik berýän sport desgalarynyň onlarçasy gurlar. Şoňa görä-de hut Türkmenistanyň, onuň ak mermerli paýtagtynyň ýapyk binalarda we söweşjeňlik sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir hem-de ýurdumyzyň Aziýa sebitinde sport babatda kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygyny ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.

2017-nji ýylda Aziadanyň geçiriljek wagtyna çenli galan döwürde bu Aziýanyň tanymal türgenleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek gyzgalaňly oýunlarda ýokary orunlara dalaş etmäge ukyply bolan türkmen türgenleriniň täze toplumy taýýarlanylar. Bu jogapkärli wezipäni çözmek üçin ähli zerur mümkinçilikler we serişdeler hem-de iň esasysy, sport meýdançasynda ýokary netijeleri gazanmaga ukyply bolan zehinli we maksada okgunly ýaşlar bar.

Surnaýlar ýaňlanyp, uly baýramçylyk çäresi başlanýar. Stadionyň meýdançasynda sport lybasly gyzlaryň 600-siniň gatnaşmagynda uly möçberli tansly tomaşa görkezildi. Olar asyrlar boýy okgunly tizligiň we kuwwatyň aýdyň nyşany hasaplanan ahalteke bedewiniň şekilini suratlandyrdylar. Soňra meýdançada «Arkadag» diýen ýazgy emele getirilýär. Şol bir wagtyň özünde stadionyň ylgaw meýdançasynda türkmen sportunyň tanymal ussatlarynyň, şeýle hem sport boýunça ýokary netijeleri gazanmak arkaly, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrjak ýaş türgenleriň dabaraly ýörişi başlanýar.

Paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň tans toparlary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çagalardan düzülen tans toparlary täsirli çykyşlary taýynlapdyrlar. Ajaýyp ahalteke bedewlerine münen türkmen atlylarynyň at üstündäki milli oýunlary hem köp sanly tomaşaçylarda ýakymly täsir döretdi.

Stadionda tanymal sungat ussatlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň baýramçylyk konserti hem tomaşaçylar tarapyndan şowhunly garşylandy. Soňra giň meýdança Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary çykyp, örän uly janly şekili döretdiler. Şonda yzly-yzyna haly gölleriniň, adaty olimpiýa halkalarynyň şekilleri we «Türkmenistan» diýen ýazgy suratlandyryldy. Bu ýerde sportuň milli oýunlary boýunça görkezme çykyşlary hem guraldy.

Baýramçylyk konsertiniň barşynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň, jebis we agzybir türkmen halkynyň we onuň Lideri—Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna joşgunly sözler aýdyldy. Türkmen paýtagtynda yklymyň sport bilen bagly durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek, Aziada—2017-niň geçirilmegine bagyşlanyp, «Köpetdag» stadionynda guralan bu dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde «Arkadaga şöhrat!» diýen aýdymyň ýaňlanmagy bilen tamamlandy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 2-nji Tapgyrynyň Wagty Süýşürilen Duşuşygy Geçiriler

Aşgabat-2017 Meýletinçiler Maksatnamasy Badalga Aldy

Türkmenistanyň baýdagy–Hytaýda ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda.

syrach