25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Marygazçykaryş» Müdirligi Guýularyň Öndürijiligini Ýokarlandyrýar

«Marygazçykaryş» müdirliginiň guýulary düýpli abatlamak boýunça sehiniň gazçylary 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary üçin önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Türkmengaz» DK-nyň ýardam bermeginde müdirligiň material-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär.

MKZOT koltýubing desgasynyň satyn alynmagy guýulary düýpli abatlamak we arassalamak işleriniň ähli görnüşlerini diýen ýaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. belarus önümçiligindäki bu desga häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär, şol bir wagtda hem ol dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr. Tehnologiki guraly ulanmak arkaly ýylyň başyndan bäri Ýolguýy käninde 41, 47 guýularda arassalamak işleri üstünlikli ýerine ýetirildi, «Galkynyş» käninde bolsa, 210-njy guýynyň diwarlarynyň içerki ýagdýay anyklanyldy.

Mundan başga-da, Mary welaýatynyň çäginde sehiň hünärmenleri guýulary arassalamak we abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirýärler, geçirilýän işleriň ýokary hilini üpjün edip, turbalary çalyşmak işini amala aşyrýarlar. Sehiň ygtyýarynda 12 sany ýöriteleşdirilen tehnikalar, şol sanda özi ýöreýän buraw desgalary, ýük göteriji kranlar. Bu tehnikalardan peýdalanylmagy guýynyň işiniň netijeliligini we öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Koltýubing — gaznebit senagaty üçin ýöriteleşdirilen enjamlaryň geljegi uly we ösýän ugrudyr. Ol maýyşgak üznüksiz turbalary ulanmaklyga esaslanyp, turbalar guýularyň içinde işlenilende däp bolan toplanýan buraw desgalarynyň ornuny çalyşýar. Maýyşgaklygy sebäpli bu hili turbalar sütüniň gapdal we kese tarapyna hem elýeterliligi üpjün edýär. mundan başga-da, buraw sütünlerini toplamak we işläp düzmek boýunça işleri geçirmek zerurlygy ýok.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Efiopiýanyň Ilçisi Işläp Başlady

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

turkmenhabargullugy

TÜRKMENİSTAN UYRUKLU ÖĞRENCİLERİMİZİN DİKKATİNE

turkmenhabargullugy