17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Maslahata Gatnaşyjylar Halkara Sport Kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Resminamasy Hökmünde Ähmiýetini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Maslahata Gatnaşyjylar Halkara Sport Kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Resminamasy Hökmünde Ähmiýetini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata BMG-nyň wekilleri, “Aziada-2017-ä” taýýarlyk görmek boýunça işlere gatnaşýan halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Oýunlara hyzmat etjek meýletinçiler gatnaşdylar.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ýelena Panowa maslahatda çykyş edip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň çap edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi gazanmakda özara düşünişmegi berkitmek işinde sportuň ornuna berýän ähmiýetini ýene-de bir gezek belleýär diýip nygtady.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili “Awazada” kabul edilen Jemleýji Jarnama dünýä ýurtlaryny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň gün tertibini amala aşyrmakda sportuň we onuň gymmatlyklarynyň açýan ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga çagyrýar diýip belledi. Sporty wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyçlary halkara bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar diýlip, aýratyn nygtaldy.

Jarnama UNESKO-nyň howandarlygy astynda Türkmenistanda bedenterbiýe we sport üçin jogap berýän ministrleriň we ýolbaşçy işgärleriň ýedinji halkara maslahatyny geçirmek hakynda teklibi goldady diýip, Ýelena Panowa aýtdy. Bellenilişi ýaly, BMG we onuň edaralary bu ähmtýetli çäräni guramakda ýardam ederler.

“Aziada-2017-ni” guramak boýunça işlere gatnaşýan “Triwandi Çanzo”
Kompaniýasynyň direktory Jonatan Brenson maslahatda çykyş edip, bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Öňde boljak oýunlar Türkmenistanyň sporta ymtylýandygyny, geljekde sportuň eýeleýän ornuny tutuş dünýä açyp görkezer diýip, myhman belledi.

Jonatan Brenson Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigine ýokary baha berip, bu ýerde türgenleriň öz ussatlygyny ýokary derejede görkezip bilmegi üçin ähli şertler döredilipdir diýip belledi. Türkmen paýtagtynda geçirilen halkara synag ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanan uly üstünliklerini bellemek bilen, kompaniýanyň direktory öňde boljak oýunlar sport ulgamynda ýurduň gazananlaryny dünýä açyp görkezmäge mümkinçilik berer diýip nygtady.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde BMG-niň alty dilinde çap edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan giň gerimli işleriniň hem-de öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Jarnama sporty durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde kesgitleýär hem-de parahatçylyk we ösüş işine sportuň artýan goşandyny ykrar edýär, çünki sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy özara ynanyşmagyň hem-de halklaryň we döwletleriň birek-birege hormat goýmagynyň ýörelgelerini ornaşdyrmaga ýardam edýär, adamyň şahsyýetini ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär diýlip bellenildi.

Sport arkaly parahatçylygy we ösüşi berkarar etmek hem-de olimpiýa maksatlaryny beýan etmek boýunça halkara tagallalaryna Türkmenistanyň uly goşandy resminamada ýokary baha mynasyp boldy. Aziýa we Okeaniýa döwletleri 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşmaga çagyrylýarlar.

Degişli makalalar

ÝB Eýran Bilen Gepleşik Geçirmegi Meýilleşdirýär

syrach

Türkmenistan we RF Ýokary Derejede Duşuşyklary Geçirmäge Taýýarlyk Görýär

Parfiýa Döwrüniň Galalary

turkmenhabargullugy