26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň forumy tamamlandy.

Sergi köşgünde ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty tamamlandy. Ol Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 6 ýyllygyna bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli forumyny TSTB-i we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady. 

Sergi we maslahat milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň ösüşini görkezip, hususy işewürligi höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň ýöredýän döwlet syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu forumyň giň gerimliligi biziň ýurdumyzda dürli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek meselesi çözülende ýurdumyzyň işewürlerine uly ornuň berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi geçen 6 ýylyň içinde 7 müňe golaý agzasyny birleşdirýän ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri ilerletmekde telekeçileriň möhüm ornuny nazara almak bilen, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. 

Şu gün öz işini tamamlan sergi ýurdumyzyň işewür durmuşynda ähmiýetli waka hem-de oňa gatnaşanlaryň sany boýunça wekilçilikli çärä öwrüldi. Sergi köşgünde iri hojalyk jemgyýetlerine, hususy kärhanalara wekilçilik edýän hem-de paýtagtymyzdan we ähli welaýatlardan hususy telekeçileriň 200-den gowragy ýygnandy. Olaryň 40-a golaýy giň gerimli sergä ilkinji gezek gatnaşdylar. 

Türkmen telekeçileriniň işleriniň esasy ugurlary gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, senagat, energetika we elektrotehnika, dokma, halyçylyk, oba hojalygy, syýahatçylyk, neşirýat, azyk önümlerini we halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek, ulag hyzmatlaryny etmek bolup durýar. Hususy pudagyň uly mümkinçilikleri barada aýdylanda, onuň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly iri möçberli taslamalara we welaýatlary toplumlaýyn özgertmek maksatnamasyna gatnaşmagyny görkezmek möhümdir. 

Häzir biziň ýurdumyzda döwrebap senagat we medeni-durmuş düzümi pajarlap ösýär, türkmen telekeçileriniň tagalla etmeginde gurluşyk esasy orny eýeleýär. Sergi ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň ak mermerli paýtagtymyzy özgertmäge we welaýatlary toplumlaýyn özgertmek maksatnamasyna uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezdi. 

“Aga gurluşyk”, “Döwlet gurluşyk”, “Zemmer”, “Myradym”, “Altyn nesil”, “Alyn”, “Belent aý”, “Ojak”, “Berjaý”, “Ajaýyp bina”, “Agras”, “Göwher bina” we beýleki gurluşyk kompaniýalarynyň dürli reňkli diwarlyklary ozalky serginiň geçirilen wagtyndan bäri geçen döwrüň içinde hususy gurluşyk kärhanalarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Olar ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda döwrebap mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport toplumlarynyň, medeniýet köşkleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ençemesini gurup ulanmaga berdiler, şeýle hem ýollaryň onlarça kilometrini we elektrik geçirijileri, suw geçirijileri çekdiler. 

Sergi diwarlyklary biziň ýurdumyzda öz çig mallarymyzdan gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň okgunly ösüşini hem şöhlelendirdi. Hususy önüm öndürijileriň tagallalary netijesinde bu pudagyň daşary ýurt önümçiliklerini çalyşýan öňdebaryjylaryň birine öwrülendigini bellemek möhümdir. Hatarynda “Kümüş-Käriz”, “Sowat”, “Erjel-Begenç”, “Diwar” ýaly kärhanalar bolan ýurdumyzyň telekeçileri kerpiç, çerepisa, keramzit, guýma pollar, fasad we ýanýoda örtülýän materiallary, kafel we keramika goýmak üçin gurluşyk erginlerini, dürli emulsiýalary, suwuk rezinleri we beýlekileri öndürýän döwrebap tehnologiýalary özleşdirdiler. Şunda olaryň giň gerimli işlere goşandy ýylsaýyn ýokarlanýar. 

Hususy telekeçileriň artýan önümçilik mümkinçilikleri aýratyn-da, azyk harytlarynda göze ilýär. Kärhanalaryň arasynda “Guş toplumy”, “Hoşzaman” ýumurtga öndürýän fabrik, eti gaýtadan işleýän “Bereketli” zawody, “Hasar”, “Misgär”, “Oguzhan” süýji-köke öndürýän fabrikler, çörek önümlerini öndürýän “Tomus” we “Täze Aý” kärhanalary, süýt önümlerini öndürýän “Elin”, şireli suwlary öndürýän “Joş”, doňdurma öndürýän “Salkyn” bolup, olar daşary ýurt nusgalary bilen üstünlikli bäsleşýär. 

Bu ýerde köp babatda “Guş toplumy” aýratyn tapawutlanýar. Ynha, eýýäm birnäçe ýyl bäri bu toplum sarp edijileri peýdaly berhiz önümleri bilen üpjün edýär. Doly önümçilik kuwwatlylygyna çykan kärhana ösmegini dowam edýär. Toplumyň binýadynda şöhlat önümlerini öndürýän eti gaýtadan işleýän kärhana, soýa ýagyny öndürýän zawod döredildi. Hususy ýöriteleşdirilen hojalyk dükanlary we garbanyşhanalary towuk önümleri bilen üpjün edýär. 

Telekeçileriň alan girdejilerini hususy kärhanalarynyň önümçilik binýadyna gönükdirmegi, döwrebap ýokary tehnologiýaly we innowasion önümçilikleri ösdürmegi, öndürýän önümleriniň görnüşlerini we hilini üstünlikli artdyrmagy nusga alarlyk bolup durýar. 

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň özgermegini hususy önüm öndürijilerden özge göz öňüne getirmek mümkin däl. Etiň, ýumurtganyň, süýdiň, gök önümleriň, miweleriň we bakja ekinleriniň agramly bölegi döwlete degişli däl pudakda öndürilýär. Bagçylyk oba hojalyk işewürliginiň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Oba senagat önümçiliginiň ösmegi bilen oba hojalyk önümlerini öndürýän kärhanalar ösüp başlady. Sergide suwaryş we sepeleýiş enjamlaryny, dökünleri, şitilleri öndürýän hususy şereketleriň diwarlyklary bilen tanyşmak mümkin boldy. “Kämilligiň gözbaşy” bu pudagyň ýaş kärhanalarynyň biri bolup, ol mallar üçin owradylan iýmleri we kombinirlenen iýmleriň dürli görnüşlerini öndürýär. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatynyň işiniň barşynda telekeçiligi ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. Forumyň çäklerinde işewür duşuşyklary geçirilip, olar bar bolan gatnaşyklary berkitmek we täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikleri döretdi. Maslahatda meseleleriň giň topary gozgalyp, olaryň hatarynda telekeçilik işini işjeňleşdirmek, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini döretmek, maýa goýum işi, bazary öwrenmek ýaly meseleler boldy. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edýän degişli möhüm resminamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl pudagyny ösdürmäge uly itergi berip, olar hususy telekeçiligi ösdürmek hem-de telekeçilik bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 6 ýyllygyna gabatlanan sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar ýüzlenmesinde forumy üstünlikli geçirmäge edilen ýardam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi geljekde hem eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtly ýaşamagynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Mebel Sergisi Öz İşini Tamamlady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýurdumyzy 2019-2025-nji Ýyllarda Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Boýunça Maksatnamasy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy