26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Maýa Kulyýewa Bagyşlanan Aýdym-Sazly Agşam

Diri gezip ýörenliginde 1-nji maýda Türkmenistanyň Gahrymany, SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewa 100 ýaş toýuny toýlardy (1920-nji ýylyň 1-nji maýy – 2018-nji ýylyň 27-nji apreli). Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda ady türkmen opera sungatynyň taryhynyň şanly sahypalary bilen bagly opera ussadyna çäksiz söýgüniň nyşany hökmünde we onuň ýagty ýadygärligine bagyşlanan aýdym-saz agşamy geçirildi.

Onda milli nusgawy mekdebiň ussatlary opera aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Leýli-Mejnun» operasyndan bölek agşamyň girişi bolup ýaňlandy.

Äpet ekranda görkezilen wideoşekiller hoş owazly we edenli opera aýdymçysynyň döredijilik ýoly tanyşdyrdy. Büzmeýin obasynda (paýtagtymyzyň häzirki Büzmeýin etrabynda) doglan gyzjagaz 8 ýaşynda ýetim galýar. Ykbal onuň agyr durmuşynyň öwezine güýçli zehin eçilen borly, ol erjelligi hem hoşamaýlygy bilen birlikde üýtgeşik şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam etdi.

…Çeper höwesjeňler gözden geçirilişlerinde Maýanyň ýiti zehini göze ilýär, kän wagt geçmänkä-de ony Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň wokal bölümine okuwa ugradýarlar. Şeýlelikde, nota bilimi bolmasa-da, ol ýurduň iň abraýly sazçylyk ýokary okuw mekdebiniň talyby bolýar.

Maýa Kulyýewa konserwatoriýany 1941-nji ýylda tamamlaýar. Ol Magtymguly adyndaky opera we balet eatrynyň esasy aýdymçysy hem oýun goýujy režisýory bolýar. 1943-nji ýyla oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1952-nji ýylda ýurdumyzyň halk artisti, 1955-nji ýylda bolsa SSSR-iň halk artsiti ady dakylýar. Häzirki wagta Türkmen milli konserwatoriýasy Maýa Kulyýewanyň adyny göterýär.

Ýubileý agşamynda nepis soprano sesli Maýa Kulyýewanyň aýdan aýdymlary, şol sanda Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Aýna», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», Weli Muhadow bilen Ýuliý Meýtusyň «Kemine we kazy»… operalaryndan ariýalar ýaňlandy.

Ariýalary ýerine ýetiren wokal sungatynyň ýyldyzlarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Gülnar Nuryýewa, Myratgeldi Baýramgeldiýew, Atajan Berdiýew, ýurdumyzyň at gazanan artistleri Gözel Öwezowa, Arzygül Kulyýewa, Ysmaýyl Jumaýew we beýlekiler bardy.

Opera ariýalarynyň arasynda Maýa Kulyýewa bilen bile işleşen we onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolan medeniýet işgärleri sahna çykýardylar. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Atageldi Garýagdyýew, Myratgeldi Baýramgeldiýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow, ýurdumyzyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýew, opera aýdymçysy Myrat Diwanaýew, Maýa Kulyýewanyň gyzy Mahym Annaýewa dagy onuň bilen tanyşlygyndan galan täsirler we beýik aýdymçynyň durmuşyndan gyzykly pursatlar barada gürrüň berdiler.

Maýa Kulyýewanyň ýurdumyzyň aýdym-saz medeniýetine goşan goşandy ummasyzdyr. Ol diňe bir türkmen opera sungatynyň başynda durman, eýsem Garaşsyzlyk eýýamynda onuň ösüşine täzeden itergi bermek üçin tejribesinidir bilimini gaýgyrman, elden gelenini edipdi. Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, türkmen sungatynyň ösüşine goşan bibaha goşandy üçin 2009-njy ýylda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakylyp, oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşurylypdy. Ol şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy mynasybetly ýubileý medallary bilen sylaglanypdy, döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyna-da mynasyp bolupdy.

Beýik aýdymçynyň hatyrasyna geçirilen konsert çeper sungat we ýürekden çykýan duýgylar ruhunda geçdi. Görenlerinden we eşidenlerinden täsirlenen tomaşaçylar teatryň foýesinde goýlan Maýa Kulyýewanyň 2019-njy ýylyň güýzünde Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda döredilen muzeýindäki şahsy zatlaryna syn etdiler.

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Aziada-2017 Taslamasy Aziýa-Ýuwaş Ummany Teleradiogepleşikler Birleşiginiň Baş Assambleýasynda Görkezildi

syrach

Jemi Içerki Önümiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň 11 Aýynda 6.5 Göterime Deň Boldy

Puşkin Adyndaky Teatrynyň Täze Oýny Maşgala Gymmatlyklary Barada